Ï Türkmenistanyň Prezidenti IIM-niň Okuw merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti IIM-niň Okuw merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1284
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň we Ýörite toparlary taýýarlaýan okuw merkeziniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy wakanyň bolýan ýerine geldi, şol ýerde baýramçylyk ýagdaýy dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň ýene-de bir şanly waka -- içeri işler edaralarynyň Hormatly weterany Mälikguly Berdimuhammedowyň onuň adyny göterýän harby bölümiň binasynyň öňünde oturdylan heýkeliniň açylyşyna gabat gelendigi buýsançlydyr. Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem içeri işler edaralarynyň weteranlary gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ägirt uly, egsilmez abraýdan peýdalanýan Mälikguly Berdimuhammedowyň durmuş hem-de zähmet ýoly, belent adamkärçilik häsiýetleri we hünär ussatlygy halkymyza we mähriban Watanymyza ak ýürekden, birkemsiz gulluk etmegiň ajaýyp mysaly bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemek işinde ägirt uly nusga alarlyk görelde bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy täze binanyň öňünde saklanýar. Milli Liderimize harby lybasdaky iki esger gül desselerini gowşurýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berýär.

IIM-iň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Biz --Watan ogly” diýen aýdym belent watançylyk duýgusyny hem-de Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize bolan ägirt uly söýgini beýan edip, bu pursada aýratyn ruhubelentlik çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz harby bölümiň baş binasynyň öňündäki meýdançada oturdylan Mälikguly Berdimuhammedowyň heýkeliniň öňüne geçip, oňa hormat bilen tagzym etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň merkezi binasyna tarap ugraýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär—döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny beýik taryhy şahsyýetleriň—paýhasly hökümdarlar we gaýduwsyz esgerler Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, Göroglynyň we Baýram hanyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspçysy polisiýa lybasyndaky ýaş nesliň keşplerini ussatlyk bilen janlandyran artistler garşylaýarlar, sahnalaşdyrylan çykyşyň dowamynda “Gyrmyzy” diýen türkmen halk sazy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz harby bölümiň täze binasy bilen tanyşlygyny 1-nji gatda ýerleşen taryh muzeýinden başlaýar, bu harby bölüminde 50 ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiziň kakasy işledi. Bu ýerde toplanan gymmatlyklaryň arasynda Mälikguly Berdimuhammedowyň harby bölümlerde we içeri işler edaralarynda zähmet işi hem-de köpýyllyk gullugy bilen baglanyşykly resminamalar, diplomlar, golýazmalar, harby bölümde dürli ýyllarda ulanylan tehnikalaryň arhiw fotosuratlary we beýleki materiallar bar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden ýyllarynda ýokary döwlet sylaglaryna ýedi gezek mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda oňat gulluk edendigi üçin”diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby derejesinde gullugyny tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzüm birliklerinde dürli wezipelerde işlemegini dowam etdi.

Harby serkerde milli Liderimizi bu ýerde toplanan gymmatly materiallar bilen jikme-jik tanyşdyrýar.

Bu ýerde jemi 18 gektar meýdany eýeleýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň M.Berdimuhammedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň we ýörite toparlary taýýarlaýan okuw merkeziniň maketi goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, sebitde ýeke-täk harby bölümiň taryh muzeýine gezelençleri guramagyň ýerine düşjekdigini belledi.

Muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda M.Berdimuhammedowyň göreldeli gullugy üçin mynasyp bolan sylaglary, bilim derejesi baradaky şahadatnamalar ýerleşdirilipdir. Hormatly Prezidentiimiz öz pederi Mälikguly aganyň uruş ýyllarynda ýazan “Köp ekeliň dänäni” diýen goşgusynyň hala çitilen görnüşini bu muzeýe sowgat beripdi. Şol mukaddes haly muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň dürli ýyllardaky lybaslary, ulanan ýaraglary bilen hem tanyşmak bolýar. Bu ýerdäki Mälikguly aganyň geýen gulluk lybaslary has özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň atasy mugallym, esger, ilhalar ynsan B.Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly barada gürrüň berýän fotosuratlar görkezilýär. Mälikguly aganyň öz kakasy baradaky ýatlamalary görnükli ýerde ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde Mälikguly Berdimuhammedowyň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda öz iş otagynda ulanan esbaplary – telefony, planşeti, hat ýazýan maşinkasy, panus çyrasy we beýlekiler bar. Mälikguly aga hormatly dynç alşa çykandan soň hem jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň kakasynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky B.Annaýew adyndaky orta mekdepde geçirilýän çärelere gatnaşýandygyny şöhlelendirýän suratlar ünsüňi çekýär. Mundan başga-da, Mälikguly aganyň şahsy işinden tertipnamalar, gulluk häsiýetnamalary, dürli resminamalar, gulluk döwrüniň ýatlamalarynyň golýazmalary, gol çeken resminamalarynyň asyl nusgalary bar.

Harby gullukçylaryň nygtaýşy ýaly, bu bölümde gulluk eden döwründe podpolkownik Mälikguly Berdimmuhammedow biziň bölümimizde Watanymyz we halkymyz üçin örän köp işleri bitirdi. Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp bardy we maksadyna ýetmek üçin örän yhlasly çemeleşdi. Bu bolsa ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde mekdebidir. Ol biziň üçin hemişe nusgalyk serkerde bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz binadan çykyp, harby bölümiň ýöriş meýdançasyna geldi, şol ýerde dabaraly ýörişe taýýar esgerler hatara durlar. Milli Liderimiz nyzamda duran serkerdeler we esgerler bilen salamlaşýar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň IIM-niň 1001-nji we 1002-nji harby bölümleriniň serkerdelerine söweş baýdagyny dabaraly ýagdaýda gowşurýar we olary şanly waka bilen gutlaýar. Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup,döwletimiziň, halkymyzyň abadan we asuda durmuşyny üpjün etmekde, harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň geljekde hem maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda ähli zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.

Soňra esgerler Belent Serkerdebaşymyzyň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz indiki binanyň birinji gatynda ýerleşen lukmançylyk bölümine tarap ýönelýär. Binanyň eýwanynda ýurdumyzda bitýän dürli melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlaryň ynsan saglygyny berkitmekdäki möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy eseriniň nobatdaky jildini ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu hoş habar el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Milli Liderimiz bu ýerde esgerleriň saglygyny goramak boýunça şertler bilen içgin tanyşdy. Fiziobejeriş, stomatologiýa, UZI otaglarynda oturdylan enjamlar harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegini goramaga hyzmat eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň üçünji gatynda ýerleşýän kitaphana barýar. Bu ýerde harby esger milli Liderimize dürli kitaplaryň ýüzden gowragynyň elektron görnüşinde kompýutere girizilendigini habar berdi.

Şonda esger Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgusyny okaýar. Milli Liderimiz harby esger bilen bolan içgin söhbetdeşligiň barşynda onuň isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy. Şonda ol özüniň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girmek höwesiniň bardygyny aýtdy. Ýaş ýigit özüniň Türkmenbaşy şäherinden gulluga çagyrylandygyny aýdanda, hormatly Prezidentimiz ondan küştdepdi aýdyp bilýändigini – bilmeýändigini sorady. Harby esger küştdepdiden iki gazaly ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Söňra hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň düzgünleriniň okuw sapagynyň geçirilişi bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly şygar astynda giň gerimli çäre geçiriler. 1-nji sentýabrda bolsa Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ýokary terbiýeçilik ähmiýetini nygtamak bilen, esgerleriň ýol hereketiniň kadalaryny birkemsiz özleşdirmelidiklerini aýtdy. Milli Liderimiz okuw otagynyň enjamlaşdyrylyşy bilen hem içgin tanyşdy we bu babatda ähli zerur şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçiriljek biraýlygyň we köpçülikleýin welosipedli ýörişiň ýokary derejede talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen birnäçe görkezmeleri berdi.

Lukmançylyk rotasynyň okuw sapagynyň geçirilişi bilen tanyşlygynyň barşynda, Belent Serkerdebaşymyz harby-meýdan şertlerinde ilkinji tiz kömegiň öz wagtynda berilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, orta hünärment mekdepleriniň okuw maksatnamasyna bu ugruň girizilmeginiň maksada laýyk boljakdygyna ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem harby esgerleriň bu ugurda öz bilimlerini artdyrmaklary üçin degişli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň harby bölümine sowgat hökmünde ýangyn söndüriji we “Tiz kömek” awtoulaglarynyň açaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz esgerleriň ýatak jaýyna tarap ugraýar. Şol ýerde esgerleriň gün tertibi, arassaçylyk otagy, serkerdeleriň iş otaglary, harby enjamlar saklanýan ammarlar bilen tanyşýar.

Milli Liderimiz ýaş esgerleriň gulluk we durmuş şertlerini üns bilen synlap, döwletimiziň geljekde-de harby gullukçylar hakyndaky alada ilkinji derejeli üns berjekdigini we alada etjekdigini nygtady, häzirki wagtda olar üçin ähli göwnejaý şertler döredilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport meýdançasyny synlaýar, şol ýerde sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilen meýdançalarda ýaş esgerler türgenleşikler geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz bölümiň ýörite gurnalan meýdançasynda goýlan harby tehnikalary synlaýar. Olar bölümiň taryhynyň dowamynda, dürli ýyllarda ulanylan ýöriteleşdirilen tehnikalardyr. Bu ýerde täzeden dikeldilip, öňki kaddyna getirilen harby ulaglaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň kakasy harby gullugyň podpolkownigi Mälikguly Berdimuhammedowyň hut özüniň ulanan gulluk awtoulaglarynyň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz içeri işler edaralarynda dürli ýyllarda ulanylan awtoulaglar bilen, şeýle hem içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhammedowyň gulluk eden döwründe içeri işler edaralarynda ulanan gulluk awtoulagy bilen tanyşdy. Şol awtoulaglaryň arasynda içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhammedowyň 1963-1972-nji ýyllar aralygynda ulanan “Ural” M-62 kysymly gozakly motoulagy, “Gaz-69”, “Raf-997” awtoulaglary , 1972-1975-nji ýyllar aralygynda ulanan “GAZ-69 A”, 1980-1982-nji ýyllar aralygynda ulanan “GAZ-21”,“WAZ-2102” gulluk awtoulaglary bar.

Soňra milli Liderimiz harby bölümiň baş sport binasyna tarap ugraýar. Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Içeri işler ministrliginiň dürli düzümlerinden bolan türgenler garşylaýarlar. Olar ministrligiň dürli düzümlerine degişli halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan gullukçylardyr.

Dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netije görkezip, ýeňiji bolmagy başaran harby türgenler islendik ulgamda sport bilen işjeň meşgullanmak hem-de dürli derejeli ýaryşlara gatnaşmak üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini guwanç bilen bellediler we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli düzümlerinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, oňa işjeň gatnaşylmagynyň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we ýeňiji bolan türgenlere sport äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümiň sport zallary bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde gurnalan enjamlara, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna aýratyn üns berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zalyň sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen bölüminde türgenleşik geçýänleriň şertleri bilen gyzyklandy.

Soňra milli Liderimiz binadan çykyp, toplumda dürli sport çärelerini geçirmek we giň möçberli ýaryşlary guramak üçin niýetlenen meýdançalar bilen tanyşdy. Bu ýerde päsgelçiliklerden geçmek, futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin ýöriteleşdirilen meýdançalar, tennis korty bar. Döwlet Baştutanymyz olaryň enjamlaşdyrylyşy, meýdançalarda sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenen şertler bilen içgin tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidengti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gulluk etmek, gulluk döwründe sport endiklerini ösdürmek, harby gullukçylaryň hünär derejesine eýe bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, olarda esgerleriň netijeli çäreleri guramaklaryny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şol ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ähli şahsy düzümleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza “Şasöýen” atly dabaraly harby-toý esbaply ahalteke bedewiniň heýkeli sowgat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, bu heýkeliň harby bölümiň muzeýinde goýulsa, maksada laýyk boljakdygyny belledi we ony muzeýe sowgat berýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz binanyň daşyna çykanda, bu ýerde döwlet Baştutanymyza ministrligiň ähli şahsy düzümleriniň adyndan dabaraly harby-toý esbabyna beslenen Şasöýen atly bedew sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň naharhanasyna baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde ilki bilen aşhanada gulluk edýän esgerler bilen söhbetdeş boldy. Harby gullukçylar bu ýerde ähli amatly şertleriň bardygyny belläp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we özleriniň gullukdan daşgary höwes edýän ugurlary barada gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýänleriň döredijilikleri bilen gyzyklanyp, olaryň okap beren goşgularyny, aýdymlaryny diňledi.

Belent Serkerdebaşymyz harby gullukçylar üçin taýýarlanýan naharlaryň görnüşleri, naharhanada döredilen şertler, onuň azyk üpjünçiligi bilen içgin gyzyklandy. Soňra hormatly Prezidentimiz nahar başynda bolan gürrüňdeşligiň dowamynda harby gullukçylaryň gulluklary, durmuşy, geljekki arzuwlary bilen jikme-jik tanyşdy.

Harby gullukçylar bu ýerde harby gullugyň dürli ugurlary bilen tanyşýandyklaryny, hünär eýesi bolýandyklaryny aýdyp, geljekde höwes edýän hünärleri barada söhbet etdiler we özleri üçin atalyk aladasyny edýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdiler hem-demähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, ýurdumyzda asudalygyň, tertip-düzgüniň berkarar bolmagy ugrunda ähli başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny, onuň jemgyýetçilik düzgün-tertibini ýola goýmakda we düzgün bozmalaryň öňüni almakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň parahatçylygyň, mähriban topragymyzyň, tertip-düzgüniň goragynda durýan hem-de halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly gulluk edýän harby gullukçylaryň döwrebap gulluk etmekleri we wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň Medeniýet öýüne bardy. Bu ýerde parahatçylygyň we mähriban topragymyzyň asudalygynyň goragynda berk durýan, merdana halkymyza hem-de ata Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk edýän içerki goşunyň hoş owazly esgerleri şanly waka mynasybetli taýýarlan baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.

Esgerler öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspyny çäksiz joşgun bilen beýan etdiler.

Baýramçylyk konserti tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, harby bölümiň binasyndan çykýar we bu ýerden ugraýar.