Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa instituty halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeldýär, giň ylmy alyşmalaryny amala aşyrýar. Seýsmologiýa instituty görnüşi we manysy boýunça köp dürli bolan ylmy aragatnaşyklary Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy guramalary bilen amala aşyrýar.
Türkmenistan üçin serhetýaka ýurtlary – Eýran, Özbegistan, Gazagystan we Azebaýjan bilen ylmy taýdan özara gatnaşyk etmek örän möhümdir. Sebäbi uzynlygy müňlerçe kilometr bolan seýsmiki taýdan işjeň sebitler bir döwletiň çäklerinde örän seýrek gabat gelýär. Adatça şeýle sebitleriň her biri bütewi seýsmodinamiki ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär.
Häzirki wagtda Seýsmologiýa institutynda Türkmenistanyň çäklerini seýsmiki raýonlaşdyrmagyň täze kartasy şlenilip düzülýär. Bu karta seýsmologiki maglumatsyz bolup, onda geçmişde serhetýaka sebitlerde bolup geçen ýer titremeleriniň ýygylygy we güýji barada maglumatlar bardyr. Raýonlaşdyrmagyň anyk kartasyny düzmek mümkin däldir. Türkmenistanyň çäklerini halkara standartlary bilen utgaşýan umumy seýsmiki raýonlaşdyrmagyň täze kartasy dürmuş-ykdysady we çäkleriň ekologiki gowşaklygyna , ýerden netijeli peýdalanmaga, seýsmiki taýdan durnukly gurluşyga we seýsmiki howpy azaltmaga baha bermek üçin zerurdyr.
Şu mynasibetli, Eýran bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, bu institut „Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň seýsmiki howpsuzlygy kartasyny taýýarlamak“ taslamasy boýunça YHG sekretariýatynyň „Seýsmiki howpsuzlygy azaltmak maksatnamasyna“ gataşmak baradaky teklibini goldady. Bu Mkasatnama sebitleýin katalogy düzmek; güýçli ýer titremeleriniň zolaklarynyň ojagyny öwrenmekili geçirmegi; seýsmotektoniki kartany düzmek we seýsmiki howply kartasyny düzmekligi öz içine alýar.
Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ulydyr. Bu ýerde seýsmologiýa meseleleri boýunça düýpli we paktiki ähmiýetli gözlegleri geçirýän dünýäde meşhur ylmy merkezleri işleýär. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada öň gol çekilen Ylalaşygyň, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hňkümetara toparynyň 2010-njy ýylyň 2-nji noýabrynda geçirilen bäşinji mejlisiniň Protokolynyň çäklerinde häzirki wagtda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň O.Ýu.Şmidt adyndaky Fizika institutynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygyň taslamasy taýýarlanylýar. Alymlary we hünärmenleri giňden alyşmak, bilelikdäki maslahatlary guramak, belli alymlaryň gatnaşmaklarynda okuwlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýer titremesini öňünden bilemek we mümkin boldygyça duýdurmak boýunça innowasiýalaryň biri hem Azerbäýjan Respublikasynda RNM ASP seýsmoakustiki stansiýasynyň döredilmegidir. Mundan hem başga Azerbaýjanda seýsmoakustiki sesleriň monitoringi alyp barýan RNM ASP stansiýalaryň bäşisi işleýär. Azerbaýjanyň NAN Kibernetika institutynyň hünärmenleri Aşgabatda geçirilen halkara festiwallarynda anomal seýsmiki prossesleriň monitoringi boýunça synaglaryň netijeleri boýunça doklad bilen birnäçe gezek çykyş etdiler. Bu institut RNM ASP stansiýasyny Türkmenistanyň YA Seýsmologiýa institutynyň ygtyýaryna bermäge taýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň YA Seýsmologiýa instituty bilen Azerbaýjanyň NAN Kibernetika institutynyň arasynda Türkmenistanyň çäklerinde synag gözleg işlerini geçirmek boýunça seýsmoakustiki stansiýany döretmek boýunça Şertnamanyň taslamasyna garalýar.
Halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri hem Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň geofiziki monitoring merkeziniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygy amala aşyrmak bolup durýar.
Dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, Belarusda hem peýdaly gazylyp alynýan magdanlary gazyp almakda şahta usuly ulanylýar. Bu ýurtda seýsmiki gözegçiligi dag işleri bilen utgaşykly alyp barmak ulgamy döredildi. Türkmenistanyň gündogarynda dag magdanlaryny baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen, seýsmiki alamatlaryň döreýän we işjeňleşýän wagtyna gözegçilik etmäge ajaýyp mümkinçilikler döreýär. Munuň üçin sebitde dag magdanlaryny gazylyp alynýan işleriniň çaltlandyrylmagyna çenli anyk monitoringi guramak hökmandyr.
Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.N.Podgornyý adyndaky maşyngurluşygynyň meseleleri instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlat akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň we Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň seýsmodurnuklylyk gurluşygy ylmy-gözleg institutynyň arasynda özara bähbitli ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ugurlary öwrenilýär. Häzirki wagtda bilelikde iş alyp barmak boýunça şertnamanyň degişli taslamasy taýýarlanyldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Meteorologiýa we seýsmologiýa ylmy merkeziniň alymlary bilen täze ylmy gatnaşyklar sazlaşdyrylýar. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ylmy-amaly maslahat guraldy. Bu maslahatda BAE gelen kärdeşlerimiz çykyş etdiler we öz ýurtlaryndaky seýsmologiýa gözegçiligiň ýagdaýy bilen tanyşdyrdylar. Ondan bir ýyldan soňra bolsa türkmen-arap ylmy simpoziumy uly üstünlik bilen geçirildi. Bu simpozium şu ýylyň başynda BAE geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-arap bilelikdäki komitetiň 1-nji mejlisinde kabul edilen karar boýunça guraldy.
Seýsmiki gorag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň hökümetiniň we Ermenistan Respublikasynyň hökümetiniň rasynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň alymlary bilen iki taraplaýyn ylmy tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek dowam etdirilýär. Ermenistanyň belli alymlary bilen Ermenistanyň ADÝM Milli seýsmiki gorag gullugynda sebitde bar bolan seýsmiki howpsuzlyga baha bermäge we çaklamaga degişli bolan netijeli işläp taýýarlamalary alyşmak, şeýle hem ýer titremeleriň alamatlaryny ýüze çykarmak boýunça netijeli usullar boýunça hat alyşmalar dowam edýär. Biziň döwletimiziň alymlarynyň birleşen tagallalary bu ulgamda işleri işjeňleşdirmäge şertleri döreder.
Halkara monitoring ulgamyna girýän Türkmenistanyň çäklerindäki seýsmiki stansiýalaryň işlemekleri bilen baglanyşykly hemme zady öz içine alýan ýadro synaglaryny gadagan etmek barada şertnamanyň kadalaryny amala aşyrmak boýunça BMG düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň çäkleri giňelýär.
Türkmenistanyň YA Seýsmologiýa institutynyň Gazagystan Respublikasynyň Milli ýadro merkezi bilen hyzmatdaşlyk işjeň amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde biziň institutymyzyň işgärleri bilen okuw stažirowkasy, bilelikdäki maslahatlar we tehniki treningler geçirildi.
Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça JIСA gullugy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde „Aşgabat şäherinde seýsmiki howpsuzlyga baha bermek üçin seýsmologiki monitoring ulgamyny gowlandyrmak üçin tehniki korporasiýa“ taslamasyny amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär. Taslama laýyklykda türkmen seýsmologlaryna güýçli hereketleri hasaba almak boýunça häzirki zaman seýsmologiýa enjamlaryny, materiallary işläp taýýarlamak we düşündirmek boýunça programma serişdelerini bermek meýilleşdirilýär.