Ï Demokratik partiýa – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demokratik partiýa – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň binýady

view-icon 1310
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VII gurultaýy boldy. Onda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň öňdebaryjy syýasy guramasynyň işiniň geljekki ugurlary we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň täze taryhy tapgyrynyň talaplaryny nazara almak bilen, guramanyň esasy wezipeleri we möhüm meseleleri kesgitlendi.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülen gurultaýyň gün tertibine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Maksatnamasynyň täze redaksiýasyny we Düzgünnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkeziniň kaşaň binasynda geçirilýän gurultaýa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden delegatlaryň 487-si, hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik birleşmeleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi birnasynyň öňündäki meýdançada saklandy. Milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary bu günki taryhy waka bilen gutlap, binanyň içine girdi. Merkeziň eýwanynda sungat eserleriniň, amaly-haşam sungatynyň, haly we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hatarynda türkmen edebiýatynyň dürli döwürlerine degişli çeper hem-de ylmy eserleriniň kitaplarynyň sergisi hem bar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, soňky ýyllarda dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe bolan nusgalyk kitaplary görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan milli gymmatlyklar, bezeg şaýlary, haly we haly önümleri bilen tanşyp, milli medeni mirasymyzyň ýaş nesillerň hemmetaraplaýyn terbiýelenmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp sungat eseplerinde halkymyzyň köpasyrlyk asylly däp-dessurlary, onuň ruhy ýörelgeleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň gaýtalanmajak keşbi öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz gurultaý geçirilýän ýere bardy. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda deňsiz-taýsyz üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendiren we mähriban Watanymyzyň belent halkara abraýyny üpjün eden düýpli özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy we oňa ýolbaşçylyk ediji Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Demokratik partiýsynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, bellenilen ýere geçýär.

Döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjyalar bilen mährli salamlaşyp, gurultaýy açyk diýip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra gurultaýyň Prezidiumy saýlanyldy.

Gurultaýa başlyklyk ediji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň garamagyna gurultaýyň gün tertibini hödürleýär. Gurultaýyň delegatlary gün tertibini biragyzdan tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýaysnyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary K.Babaýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär. Döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edýär.

Demokratik partiýanyň agzalaryny we bu günki çärä gatnaşýan myhmanlary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdaky VII gurultaýynyň açylmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz bu gurultaýyň ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkyň erk-islegine esaslanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmekde geçirilen işleri seljermekde uly ähmiýetinyň bardygyny belledi.

“Diňe ähli raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün edýän döwletde raýat ylalaşygyny, durnukly ösüşi, demokratik ýörelgeleriň ygtybarly esaslaryny üpjün etmek başardýandyr” diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzda demokratiýanyň ösüşine, raýat jemgyýetiniň edaralarynyň we döwletimiziň hukuk binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň wekilçilikli guramalarynyň ösdürilmegi boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy partiýalary döretmäge bolan konsitusion hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini aýttmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň netijesinde ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň öz partiýasyny döredendigini, köp partiýaly syýasy ulgamy kemala getirmegiň ýolunda ilkinji taryhy ädimleriň ädilendigini belledi.

Ýurdumyzda kanunlar esasynda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýän, syýasy ulgamyň kämilleşdirilýän şertlerinde hem-de dürli pikirleri ýöredýän partiýalaryň emele gelýän döwründe hemmeleriň hukuklarynyň deňligini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz dürli partiýalaryň işlemekleri üçin deň şertleri üpjün etmek maksady bilen, özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işleýän döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna agzalygymy togtatmak baradaky karara gelendigini, şeýle hem partiýanyň Başlygy wezipesini öz üstünden aýyrmak barada netijä gelendigini mälim edýändigini aýtdy.

“Jemgyýetimiziň täze derejelere çykýan döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmegiň kepili bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy partiýa agza bolmakdan saklanmagy maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin” diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinden başga-da, özüniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem bolup durýandygyny, harby ulgamyň ýolbaşçylaryna bolsa, ýurdumyzda kanun esasynda syýasy iş bilen meşgullanmagyň gadagandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, ýurdumyzyň Hökümetiniň agzasy bolup durýan döwründe Hökümetimiziň beýleki ýolbaşçylary hem özleriniň partiýa agzalygyny wagtlaýyn togtatsalar dogry bolar.

Döwlet ösüşini, şol sanda häzirki zaman jemgyýetiň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegini, halkymyzyň döwlet dolandyryşyna bolan işjeň gatnaşygyny, raýatlaryň jemgyýetçilik aňynyň ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň möhümdigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetimiziň amala aşyrýan işlerini, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny goldap, halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyryp, olaryň tagallalaryny il-ýurt bähbitli uly işlere gönükdirmek ugrunda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geljekde hem uly işleri bitirjekdigine pugta ynanýandygyny belledi.

“Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli syýasy-ykdysady, medeni-durmuş özgertmelerini amala aşyrmaga we demokratiýany has-da ösdürmäge işjeň gatnaşmakda ýeterlik guramaçylyk güýjüne eýedir” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we işiň täze netijeli usullaryny ornaşdyrmakda döredijilikli gözlegleriň zerurdygyny nygtady.

Saýlanmaga we saýlamaga bolan konstitusion hukuklaryndan erkin peýdalanýan raýatlarymyzyň ýurduň wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny ýene bir ýola bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň dekabr aýynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň demokratik ösüşiň derejesini görkezýän möhüm syýasy çäredigini, saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyny öz toplan tejribesiniň, guramaçylyk güýjüniň, jemgyýetdäki möhüm ornunyň esasynda jemgyýetiň we döwletimiziň depginli ösüşini üpjün etmekde geljekde hem uly işleri bitirjekdigine pugta ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we bagtyýar geljegiň, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Gurultaýyň delegatlary we myhmanlar hormatly Prezidentimiziň çuňňur manyly çykyşyny uly üns bilen diňlediler we ony dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Munuň özi milli Liderimiziň mähhriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň halk tarapyndan biragyzdan goldanýandynynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra şu döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretara K. Babaýew çykyş etdi.

K.Babaýw Demokratik partiýanyň işiniň yzygideri kämilleşdirilmegine ägirt uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we partiýanyň ähli agzalarynyň adyndan milli Liderimizi Demokratik partiýnyň öňünde goýulýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda guramanyň işi täzeçe alyp barjakdygyna we dürli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri has-da işjeňleşdiriljekdigine ynyndyrdy.

Soňky ýyllarda Demokratik partiýanyň öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we beýleki kanunçylyk namalaryna daýanmak arkaly durmuşa geçirýändigi bellenildi we guramanyň hatarlarynyň sanynyň artandygy aýdyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde partiýa komitetleriniň 72-si, şol sanda partiýanyň 5 welaýat, 15 şäher we 52 etrap komitetleri hereket edýär. 54 müňden gowrak ilkinj partiýa guramalary öz hatarlaryna 190 müňe golaý partiýa agzalaryny jemleýär.

Hasabat döwründe ilkinji partiýa guramalarynyň hatary 607 birlik, partiýa agzalarynyň sany bolsa 38 müň 546 adam artdy. Olar jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleridir. Onda ýurdumyzyň intelligensiýa wekilleriniň sany agdyklyk edýär. Şeýlelikde, partiýa agzalarynyň 101müň 569-sy gullukçylardyr, 11 müň 735-si bolsa ýaşlardyr.

Şeýle hem partiýa agzalarynyň 85 müňe golaýynyň zenanlardygy bellenildi we munuň özi milli däpderimizi ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri maşgala gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek boýunça jemgyeýetçilik –syýasy işleriň has-da ýokary derejede guralmagyny, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegini şertlendirýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny, giň we özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny düşündirmek babatda jemgyýetçilki-syýasy çärelerini geçirmek işlerini guraýar. Şeýle çäreler ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, döwletara we halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşine, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de, durmuş-ykdysady we medeni-gumanitar ösüşine uly goşantdyr diýlip, çykyşda bellenildi.

Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşiniň birinji sekretary milli Liderimize ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, partiýa agzalarynyň beýleki jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýän giň möçberli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynyndyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VII gurultaýy öz işini dowam etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, gurultaýyň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça Demokratik partiýanyň agzalarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guramanyň dürli ýaşdaky we dürli hünärdäki işjeň agzalary münbere geçip, alyp barýan ugurlary boýunça çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň dosenti N.Suwhanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň sekretary S.Taganow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik boýunça baş inženeriniň orunbasary D.Atadurdyýew, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy G.Ahmedowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň “Ýarygökje” geňeşliginiň arçyny K.Gurdow, Lebap welaýatynyň “Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň “Mirap” saglyk öýüniň direktory A.Ataýew, Mary şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary M.Rahmanowa, Serdar şäheriniň “Serdar” çeper haly kärhanasynyň önümçlik we hil boýunça hünärmeni A.Annanyýazowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby M.Nurmuhammedow dagy bar.

Çykyşlaryň her birinde şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işine netijeli goldaw-hemaýat berýändigi, degerli maslahatlar we sargytlar edýändigi, şeýle hem partiýanyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşýan şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözleri öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hatarlarynda özüniň agzalygyny togtatmak baradaky çözgüdini goldamak bilen, gurultaýa gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň esasyny düzýän adalatlylyk, deňhukuklylyk binýatlaryň kepili bolup durýan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň, demokratik ýörelgelerine döwlet Baştutanymyzyň ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan adamlaryň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän we kanunlaryň, öz raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän durmuş ulgamyny, adamlaryň bagtyýarylygyny we abadançylygyny ugur edinýän döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri gysga döwrüň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykan döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşiniň ýolundaky möhüm tapgyry emele getirdi.

Soňky ýyllaryň dowamynda türkmen döwletiniň demokratik esasalaryny pugtalandyrmak boýunça möhüm ädimler ädildi. Döwletimiziň hem-de jemgyýetmiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Bu bolsa türkmen halkynyň ählumumy goldawyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň köpugurly mümkinçilikleriniň has doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýy has-da belende galdy. Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen bolşy ýaly, iri halkara guramalary we abraýly sebitleýin düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzyň oňyn syýasatynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gurultaýda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýan oňyn we düýpli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde biziň ýurdumyz soňky ýyllarda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde, strategik döwlet maksatnamalaryny we giň möçberli milli hem-de sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmekde, demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri kemala getirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçiik guramalarynyň, şol sanda häzirki zaman türkmen jemgyýetini utgaşdyryjy we ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy güýji özünde jemleýän Demokratik partiýanyň ägirt uly goşant goşýandygy bellenildi.

Milli garaşsyzlygymyz bilen ýaşyt bu jemgyýetçilik guramasy şu ýyllaryň dowamynda halkymyzyň arasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen belent abraýa mynasyp boldy. Döwletiň, jemgyýetiň we halkyň bähbidini goramak, düýpli özgertmeleri işjeň wagyz etmek hem-de oňa gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Demokratik patiýasy häzirki döwürde özüniň hatarlarynyň kämildigini we döwlet hem-de jemgyýetçiik–syýasy ösüş boýunça öňde durýan möhüm maksatlara we wezipelere anyk göz ýetirýändigini äşgär etdi.

Demokratik partiýanyň durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, gurultaýda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň, raýat jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek, täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen, Demokratik partiýanyň işini kämilleşdirmek boýunça täze ýörelgeleriniň we teklipleriniň örän derwaýysdygyny bellediler.

Geljekki meýilnamalara degip geçmek bilen, gurultaýa gatnaşyjylar ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhy-ahlak esaslarda terbiýelenmeginiň, ýaş nesilleriň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çekilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleri bolan foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda öňde durýan wezipeleri gyşarnyksyz hem-de üstünlikli ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwatlaryny, tejribelerini gaýgyrmajakdyklary barada aýtdylar.

Demokratik partiýanyň işjeň agzalary bolan ýurdumyzyň ýaşlarynyň wekilleri forumyň belent münberinden döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, ýurdumyzyň içinde boşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary hem-de döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini belläp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çykyşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň hasabatyny we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi derňew toparynyň hasabatyny goldamak hakynda kararyň taslamasy sese goýuldy we biragyzdan kabul edildi.

Taryhy gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ozal gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen, birnäçe üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilen Maksatnamasynyň täze redaksiýasy we Düzgünnamasy biragyzdan tassyklanyldy.

Açyk ses bermek bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň we Demokratik partiýanyň Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň düzümi saýlanylýar we tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine K.Babaýew saýlanyldy

Forumyň barşynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde bölüm ýolbaşçylary saýlanyldy we olar tassyklanyldy.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň jähedinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňünde durýan wezipeler hakynde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew çykyş etdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjyjlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi mähriban Wtanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Kaşaň binada belentden we dabaraly ýaňlanan Türkmenistanyň Döwlet senasy taryhy gurultaýyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.