Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa hasabat bermek üçin söz berdi. Wise-premýer 7-9-njy awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Belgorod şäherinde geçirilen türkmen-russiýa dördünji ykdysady maslahatyň jemleri barada çykyş edip, hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda bu çäräniň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralandygyny belledi. Maslahat şeýle hem 2013-nji ýylda Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşinde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirildi.
Belgoroddaky duşuşyga gatnaşmak üçin esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň düzüm birlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet iberildi. Russiýa tarapyna belli bir ugurly ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ylmy-bilim edaralarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän iri kärhanalaryň, kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri wekilçilik etdi.
Maslahatyň çäklerinde obasenagat toplumy, söwda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, energetika ugurlarynda, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim hem-de medeniýet babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem hormatly Prezidentimize 2015-nji ýylyň 1-nji maýy-30-njy oktýabry aralygynda Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO-2015” halkara sergisi hakynda habar berildi. Dünýäniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin azyk howpsuzlygyny we azyk önümleriniň hilini saklamak Bütindünýä innowasion serginiň esasy meselesi bolar. Häzirki günde resmi gatnaşyjylaryň sany 130 ýurda golaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň maksadalaýykdygy hakyndaky teklip aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagynyň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Belgorodda ykdysady maslahaty geçirmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam eder, ykdysady ulgamda türkmen-rus gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze bazarlary özleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemegiň, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä “EKSPO-2015” halkara sergisine degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýän we biziň ýurdumyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen hem-de syýasy taýdan durnukly döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik beren ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň kemala getirilendigini nygtady. Milli Liderimiz dünýä derejesindäki ähmiýeti bolan şeýle sergilere gatnaşmagyň möhümdigi hakynda aýdyp, olaryň türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny görkezmek, tejribe alyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Bu babatda milli Liderimiz şeýle çäreleriň iş ýüzündäki netijeleri maksat edinmelidigini nygtap, bu barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri, şol sanda daşary ýurtlarda täze diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistan özüniň oňyn parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny gyşarnyksyz durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn döwletara esasynda, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürýär.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 131 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurtlarda döwletimiziň 33 diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hereket edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň ilçileri şol bir wagtda 13 ýurtda döwletimiziň ilçisi hökmünde wekilçilik edýärler. Mundan başga-da, halkara guramalarynyň 23-siniň ýanynda Türkmenistanyň wekilleri bellenildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda daşary ýurtlaryň 34-siniň ilçihanalary, konsullyk edaralary, wekilhanalary açyldy we işlerini alyp barýarlar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ilçihanalary Ýaponiýada we Malaýziýada, şeýle hem ýurdumyzyň konsullyklary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde açyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna Koreýa Respublikasynda (Seul şäheri) Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak baradaky meseläni hödürledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen bu ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy. Hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda 2008-nji ýylyň noýabrynda bolan döwlet sapary üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berdi.
Söwda–ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, medeni-gumanitar, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Mysal üçin, 2008-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili hünäri açylyp, Koreýadan gelen hünärmenler türkmen ýaşlaryna bilim berýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiziň garamagyna Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde biziň ýurdumyzyň konsullygyny açmak baradaky mesele hödürlenildi. Bu şäher Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň merkezi bolup durýar. Gazagystanyň bu welaýaty Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň goňşusydyr. Mälim bolşy ýaly, bu welaýatda türkmenleriň köpsanlysy ýaşaýar. Bu ýerde türkmen medeni merkezi ýerleşýär. Onuň işi dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet sapary mahalynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanylmaga berilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Bu saparyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Aktau şäherinde konsullugyny açmak we Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde konsullygyny açmak barada ylalaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarly bolmak bilen, mundan beýläk hem döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň çäginiň yzygiderli giňeldilmeginiň biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky täze diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny açmak boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny şertlendirýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak meselesine degişli anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolar. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň konsullygyny açmak babatda degişli tabşyryklary berip, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän döwletara türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem sebitleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam etjekdigini belledi.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzda döwrebap kanunçykarjylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek nukdaýnazarynda, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde täze kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Dekabr aýynda Mejlisiň deputatlygyna geçiriljek nobatdaky saýlawlara taýýarlyk boýunça düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagyna, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleriň çözülmeginde Mejlisiň has-da maksadalaýyk we yzygiderli işiniň zerurdygyny nygtady. Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda tutýan orny baradaky meselä ünsi çekip, milli Liderimiz türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we durnuklylygyň saklanmagynyň, anyk durmuş wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň köp babatda halkyň saýlanlarynyň işine baglydygyny aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň saýlawlaryny guramaga degişli meselä degip geçip, döwlet Baştutanymyz saýlawlaryň demokratik esasda geçirilmegine berk gözegçilik edilmeginiň, saýlaw işiniň ähli tapgyrlarynyň açyklygynyň we aýdyňlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem maliýe-ykdysady, bank edaralarynyň, salgyt gullugynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gümrük ýygymlary hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen iş hakynda jikme-jik habar berdi, ol Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda we bu ugurda halkara iş tejribesini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň dünýä bazarynyň üýtgeşmelerinden öz wagtynda netije çykarýan, haryt öndürijileriň bähbitlerini goramagy, içerki bazarlarda hem, daşarky bazarlarda hem ýurdumyzyň harytlarynyň ýokary derejede bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmagy üpjün edýän, şeýle hem sarp edijileriň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramak üçin daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň hilini üpjün etmek boýunça çärelere ýardam edýän çeýe gümrük-nyrh syýasatyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tutuşlygyna alnanda kararyň hödürlenen taslamasyny makullap, resminama gol çekdi we onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan köprüleri we ýollary gurmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ähli zerur düzümi, şol sanda ýerüsti we ýerasty pyýadalar geçelgelerini, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny göz öňünde tutýan degişli taslamalary taýýarlamak maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we bu ugurda maksada laýyk işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, bu ýerde ýol-gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak bilen birlikde, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem abadanlaşdyrmak we ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek, yşyklandyrmak, zerur bolan inženerçilik – kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde netijeli işlemek wajypdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz awtomobil ýollarynda gatnawlaryň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmek we şäher bezeginiň talaba laýyk hem-de döwrebap bolmagyny gazanmak meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ulag – kommunikasiýa düzüminiň bolmagynyň paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Bu işler ähli görkezijiler babatda ýokary hil talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky meselesi – oba hojalyk pudagynyň meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer welaýatlarda gowaça idegiň dowam edýändigini aýtdy. Bu işler bilen bir hatarda, pagta arassalaýjy zawodlary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary, traktorlary we tirkegleri ýygym möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, güýzlük galla üçin bellenilen meýdanlarda sürüm, ýerleri tekizlemek işleri amala aşyrylýar, ýerler mineral dökünler bilen gurplandyrylýar. Ekiş möwsümine taýýarlyk işleri, şol sanda tohumlary, ekijileri we beýleki tehnikany taýýarlamak işleri esasan tamamlandy.
Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigy we toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, bugdaýyň tohumlaryny oýlanyşykly ýerleşdirmek, tebigy mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak baradaky tabşyrygyna laýyklykda, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyza welaýatlarda bugdaý ekişine başlamaga ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berýändigini belledi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr. Olar şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Ata-babalarymyzyň “Gallam bar, tyllam bar!” diýip danalyk bilen aýdyşy ýaly, ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Häzir daýhanlaryň durmuşynda ýene-de bir jogapkärli döwür – ekiş möwsümi ýetip geldi diýip, döwlet Baştutanymyz bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine baglydyny belledi.
Şoňa görä-de, ekiş möwsümini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekişe 17-nji awgustda başlamak üçin ak pata bermek bilen, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asylly däplerine görä, bu möhüm çärä il içinde hormatlanýan, at-abraýly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmegini tabşyrdy. “Yhlas bilen ýere sepen tohumyňyz müňläp, ýurdumyza rysgal-bereket getirsin!” diýip, milli Liderimiz zähmetsöýer daýhanlarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň içerki bazarynda bugdaý ununyň ýerlenilişini kämilleşdirmek hakynda” kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz degişli karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Bu karar, hususan-da, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine bugdaý ununyň lomaý we ilata bölek söwdasyny bellenilen tertipde amala aşyrmaga degişli ygtyýarlyklaryň berilmegini göz öňünde tutýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça ozal gol çekilen döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Bagtyýarlyk meýdançasyndaky ýataklaryň önümçilik düzümini ösdürmegiň çäklerinde bu ýerde bir ýylda kuwwaty 10 milliard kub metr bolan gazy guradyjy desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, degişli desgany gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirildi. Täze desganyň işe girizilmegi Malaý ýatagyndan transmilli gaz geçirijisine gelip gowuşýan harytlyk gazyň möçberini bir ýylda 30 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan baý tebigy gorlaryna eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň, halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýar diýip belledi. Häzir biziň ýurdumyz öz energetika strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we köp ugurly ýangyç geçiriji düzümi döretmek şonuň ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň energetika ulgamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde gurýan giň halkara hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrar, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda wezipeleriň netijeli çözülmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan halkara başlangyçlarynyň birnäçesi şoňa gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen köpugurly döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Hytaý uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaş bolmak bilen, onuň bilen hyzmatdaşlyk diňe iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gabat gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ol dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, şeýle hem HHR-nyň maliýe düzümleriniň we kompaniýalarynyň dünýäde iri “Galkynyş” gaz ýatagyny gurmaga gatnaşmagy şol netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda “Galkynyş” käniniň önümçilik desgalarynyň birinji nobatdakysyny işe girizmäge taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek babatda ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, energetika geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän edaralarynyň düzümleriniň işi, şeýle hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, şol sanda bilelikdäki täze kärhanalary döretmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen “Alyn” hususy kärhanasynyň gatnaşmagynda demir önümlerini öndürmek üçin “Bagtyýar döwür” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklibi hödürledi.
Milli we pudaklaýyn maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalandyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologik senagata daýanýan çig maldan innowasion häsiýetine öwrülmegine, ahyrky netijede bolsa halkyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna we durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna ýardam etmegine gönükdirilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni anyk netijeleriň gazanylmagy üçin hemme zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigine çekdi. Umuman, Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen “Alyn” hususy kärhanasynyň gatnaşmagynda “Bagtyýar döwür” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklibi oňlap, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa öz ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda işleriň barşy barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edaralarynda 230 sany kitaphana, şol sanda paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitaphanalaryň , olaryň bölümleriniň bardygy bellenildi. Olaryň kitap gaznasynda dürli neşirleriň 10 milliondan gowragy saklanylýar. Diňe şu ýylyň 7 aýynda kitaphanalaryň okyjylarynyň sany 2 million 100 müňe golaý adama ýetdi. Ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem kitap gaznasyny aýawly saklamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Kitaphanalaryň işgärleri şeýle hem täzeden köpçülikleýin çap etmek maksady bilen, has köp isleg bildirilýän neşirleriň hasabyny ýöredýärler. Kitaphanalaryň kitap gaznasynyň artmagyna, täze neşirler bilen hemişe üstüniň ýetirilmegine ýurdumyzda döredilen “Galkynyş” kitap merkezi ýardam edýär.
Wise-premýer hödürlenen kararyň taslamasyna laýyklykda, bitewi elektron ulgamynyň ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birleşdirjekdigi barada habar berdi. Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde elektron katalog ulgamynyň we elektron kitaplaryny okamak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Elektron katalogy şol kitaphanalaryň gaznalarynda saklanýan çap edilen neşirler barada ýeke-täk binýady döretmegi, olaryň okyjylara elýeter bolmagyny üpjün etmegi, şeýle hem kitaphanalaryň arasyndaky maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak üçin olary tiz hereketli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, taslamany amala aşyrmak maksady bilen, kitaphanalary aragatnaşygyň tizleşdirilen ulgamy, zerur bolan tehniki enjamlar, kompýuter programmalary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň innowasion taýdan ösüşi babatda medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze tehnologiýalar adamlaryň medeni we aň-bilim ösüşi boýunça işleri alyp barmak, olaryň milli we dünýä ruhy mirasyna giňden aralaşmagy, zehinleriň ösmegi üçin egsilmez mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa biziň alyp barýan durmuşa gönükdirilen syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň diňe bir ruhy merkezine, bahasyz milli gymmatlygyny saklaýjy merkeze öwrülmän, eýsem, iri ylmy we medeni merkezlere öwrülendigini belledi. Olara türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek we dünýäde wagyz etmek, ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemek işinde aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda olar okyjylar bilen işleri täzeçe guramalydyr, tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagynda hemme mümkinçilikleri peýdalanmalydyr, öňdebaryjy habarlar tehnologiýalary arkaly hyzmatlary hödürlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky» karara gol çekip, ýurdumyzda mundan beýläk hem ylmyň we bilimiň adamlaryň dünýägaraýşynyň ösdürilmegi üçin uly ähmiýeti bolan kitaphana ulgamynyň giňeldilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns beriljekdigini, kitaphanalaryň işine ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň tiz ornaşdyrylmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzda täze demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek babatda jikme-jik habar berildi.
Wise-premýer şeýle hem raýat goranyşy ulgamynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, demir ýol ulagyny sazlaşykly ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Milli we halkara ähmiýetli täze demir ýollary gurmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek, pudagy döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, dünýä talaplaryna laýyk gelýän ösen düzümi döretmek milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda raýat goranyşy ulgamynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň işine degişli meseleler barada durup geçip, olary guramaçylyk taýdan üýtgetmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gürrüň adatdan daşary ýagdaýlarda ilata kömek bermek boýunça bitewi merkezi döretmek barada barýar. Ol degişli gulluklaryň ählisini özüne birleşdirer. Wise-premýere Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde bu meseläni içgin öwrenmek hem-de degişli teklipleri bermek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz «Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň meseleleri hakyndaky» karara hem-de «Demir ýol gurluşyk materiallaryny satyn almak baradaky şertnamanyň bahasyny maliýeleşdirmek hakyndaky» karara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.