Ï Maliýe-ykdysady ulgamyndaky halkara tejribeleri öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maliýe-ykdysady ulgamyndaky halkara tejribeleri öwrenilýär

view-icon 861
Şu gün paýtagtymyzda açylan maslahat maliýe hasabatlylygynyň milli ulgamynda halkara ülňüleriniň iş ýüzünde ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentliginiň (USAID) we ýurdumyzyň Maliýe ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň esasy hünärmenleri-buhgalterleri çagyryldy. Şeýle hem maslahatyň işine “Chevron Nebitgaz B.V. Türkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gektor Fahardo gatnaşdy. Ol biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şol sanda ykdysady ulgamdaky iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýillidigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda maliýe-ykdysady pudagy düýpli özgertmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň şertlerinde häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri, dünýä ülňülerine laýyklykda buhgalterçilik hasabaty we maliýe hasabatlylygyny özgertmegiň meseleleri has-da wajyp häsiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň buhgalter hasabatyny kadalaşdyrmagyna we ykdysadyýetiň oňyn nusgasynyň kemala getirilmegine gönükdirilen “Buhgalter hasabaty we maliýe hasabatlylygy hakyndaky” kanunyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi bu ulgamdaky meýilnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädimiň birine öwrüldi.

Şu kanuna laýyklykda, buhgalter hasabatynyň ugurlary boýunça milli ülňüleri işläp taýýarlamak babatda işler üç ugur, ýagny “Täjirçilik edaralary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli ülňüleri”, “Döwlet býujetiniň edaralary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli ülňüleri” hem-de “Kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hasabatlylygyň milli ülňüleri” ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýar.

“Türkmenistanda buhgalter hasabatyny we auditi özgertmegiň maksatnamasyna” laýyklykda hem-de bu ulgam boýunça hereket edýän halkara ülňülerine (MSFO) laýyklykda, buhgalter hasabatlylygynyň we auditiň milli ulgamyna doly geçmek meselesini 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahat gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, buhgalter hasabatlylygy we auditiň milli ulgamyny bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna, şeýle hem halkara ülňülerine laýyk getirmek dünýä bazarlaryna çykmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy maliýe düzümleri, ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary, şol sanda USAID bilen gatnaşyk etmek arkaly halkara tejribesiniň düýpli we ýokary hilli öwrenilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Maslahat öz işini 6-njy sentýabra çenli dowam eder.