Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 737
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meselelere, sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini mundan başga-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, bugdaý ekişiniň depginleri hem-de pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýat merkezini gurmak meýilleşdirilýän ýer hem-de onuň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsüni çekip, obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görmegiň, hususan-da, möwsümde işlediljek tehnikalaryň guratlyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, sebitde ýangyna garşy howpsuzlyk meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmagy, şanly senelerimiz mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, miilli Liderimiiň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hususan-da, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň çäginde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň strategik taýdan möhüm pudagy hasaplanýan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik desgalarynda alny barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagyna ünsi çekip, iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Ahal welaýatynyň merkeziniň täze ýerleşjek ýerini ylmy taýdan öwrenmek, künjegiň ýerasty suwlarynyň ýerleşişi we beýleki aýratynlyklary boýunça ýörite barlaglary geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, güýzlük däne ekişiniň barşy, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz wajyp oba hojalyk möwsümleri bolan güýzlük galla ekişiniň hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi, şeýle hem milli Liderimiz welaýatda desgalaryň gurluşygynda alnyp barylan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri-- pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk, şeýle hem güýzlük däne ekişiniň depginleri baradaky hasabatdan başlady. Häkim pagta ýygymynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk hataryna çykarylandygyny, möwsümiň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň işlenip düzülendigini aýtdy. Mundan başga-da ol welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Bşatutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegi, pagta ýygymyna köpçülikleýin girişmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegi boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde ýangyna garşy howpsuzlyk meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamagy we desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkim M.Joraýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işeriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy hem-de pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk çäreleri we 10 müň 200 gektara şaly ekilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky-- diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş ýurdumyz üçin uly ähmiýeti bolan önümçilik pudaklaryndaky işleriň ýagdaý barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda iň bir möhüm möwsümleriň biri bolan pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, ony guramaçylykly geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we desgalaryň gurluşygynyň barşy ýaly möhüm meselelere gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmagy, howa menziliniň, ýollaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegi häkimden talap etdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük bugdaý ekişiniň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk we mösümde ulanyljak tehnikalaryň guratlyk derejesi barada hasabat berdi. Aýdylyşy ýaly, häzirki döwürde harmanhanalaryň 37-si, pagtany gaýtadan işleýän işleýän zawodlaryň 8-si, şeýle hem kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we tirkeg gurallarynyň möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurulýan desgalaryň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, güýzlük däne ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýola goýmak, sebitde ýangyn howpsuzlygyny we welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmek işleriniň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada jikme-jik hasabat berdi. Aýdylyşy ýaly, bellenen meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde güýzlük däne ekişiniň depginderi ýokarlanýar. Şunuň bilen bir hatarda pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Möwsümde işlediljek kombýanary, ýük awtoulaglaryny, traktorlary, tirkeg gurallaryny we pagta daşamaga niýetlenen beýleki tehnikalary taýýarlamak işleri iň soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. Pagta kabul edýän harmanhanalar we gaýtadan işleýji kärhanalar täze hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli ögertmeleriň ntijesinde düýpli öňe gidişlikler duýulýar diýip belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de oba hojalygynyň ösdürilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýalynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berjekdigini nygtady. Gallaçylaryň bugdaýyň hasyllylygyny artdyrmagy hem-de netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şu jähetden döwlet Baştutanymyz wise-premýerden güýzlük däne ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi we onuň öz wagtynda tamamlanmagy ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Bu möhüm işde hiç hili ownuk zat ýokdur. Çünki onuň netijesi köp ýagdaýlara, şol sanda oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesine, ähli zerur agrotehniki kadalaryň öz wagtynda geçirilmegine, ýerli howa şertlerine laýyklykda ýokary hilli tohumlaryň seçilip alynmagyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Obasenagat toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmegiň nobatdaky tapgyrynyň pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu pudakda bellenilen meýilnamalaryň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Pagta ýygymy möwsüminiň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ulanylýan tehnikalara hyzmat işlerini gije-gündizleýin usulda guramak, şeýle hem öndürijilikli zähmet we göwnejaý dynç alyş üçin ähli zerur şertleri döretmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, şeýle hem paýtagtymyzda täze döredilen etraplardaky işleriň ýaglaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze etraplarda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýtdy we bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Ýollaryň gurluşygy, hyzmat ediş ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň geljekki ösüşini nazara almak bilen, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselelerine berk üns bermegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Häkimden bar bolan säwlikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap edip, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary hil we guramaçylyk derejesini hem-de onuň ýurdumyzyň ähli sebitleri üçin nusgalyk bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezilentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişini barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabatyň barşynda Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurulýan iri desgalardaky işleriň barşy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli taslamalaryň birnäçesi hödürlendi.

Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap ýokary netijeli tehnologiýalary we gurluşyk hem-de binagärlik ulgamyndaky oňyn ýörelgeleri işjeň ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we görkezilen taslamalara birnäçe anyk bellikleri aýtdy.

Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan guramaçylyk işlerinde kemçiliklere ýol berilýändigi, şeýle hem welaýatlarda elektrik energiýasy bilen üpjünçilikde bökdençilikleriň ýüze çykýandygy üçin nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýüze çykarylan kemçilikleri gysga möhletlerde düzetmegi we şäher düzümini, hususan-da, paýtagtymyzyň hyzmat ediş düzümini döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk desgalarynyň, şol sanda ulag ýollarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçilik etmegi wise-premýerden talap etdi. Aşgabadyň durmuş üpjünçilik ulgamynyň ählisiniň hiç hili bökdençsiz işlemelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe degişli taşbyryklary berdi.

Şeýle hem wideoşekili iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde milli medeniýetimize, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we baý medeni mirasyny häzirki günüň talaplaryna we öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine laýyklykda dünýä ýüzünde wagyz etmek işleriniň ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, türkmen topragynyň gözelliklerini, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän täze çeper eserleriniň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam etmek bilen, göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi we ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowy çagyrdy.

Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary hem-de özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm ähmiýet berilýän ulgamlary kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de yzygiderli üns berjekdigini aýtdy. Şu jähetden ylym, bilim ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz ýaşlaryň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň wajyp ähmiýetini nygtady.

Öz gzeginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu jähetden milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanda sportuň höweslendirilmegi we ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurtda sportuň dürli görnüşleriniň giňden wagyz edilmegi, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça zerur şertleriň döredilmegi, geljekde dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýyny goramaga ukyply zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylymagy we olaryň ýetişdirilmegi boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezirdentimz bu ulgamda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyndan yza galýandygyny aýdyp, Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyndan degişli guramaçylyk işleri geçirmegi we bar bolan kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmagy talap etdi. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda sport düzümlerini döwrebaplaşlyrmak we ösdürmek, sportuň ýokary gazananlaryny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda küşt mekdebini gurmak barada beren tabşyryklarynyň haýal ýerine ýetirilýändigine nägilelik bildirip, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda sport desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunlukda, milli Liderimiz ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň bedenterbiýä we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga işjeň çekmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa çagyryldy. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünärment okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny habar berdi. Munuň özi has taýýarlykly, ukyply we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olar ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň talyplarynyň hataryna goşularlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul ediş möwsüminiň netijelerine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hünärli, kämil hem-de ýokary ahlakly işgärleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ähmiýetini bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň ylym-bilim pudagynyň ösdürilmegine, ýaşlaryň halkara bilim derejesine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümknçilikleriň döredimegine mundan beýläk-de üns berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda ösüp barýan ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işleriniň guramaçylyk derejesiniň pesdigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün etmek boýunça ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm wezipelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Iş maslahatyny tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp öçmeginiň, türkmen halkynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.