Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garagumyň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” Türkmen kölüne iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz bu özboluşly gidrodesgada işleriň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy.
Täze taryhy eýýamda daşky gurşawy goramak, şol sanda suw gorlaryny aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň ähmiýeti örboýuna galdy, olary çözmezden adamzat jemgyýetiniň durnukly ösmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyna, adamzady tolgundyrýan möhüm ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary – suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä garşy göreşmek, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagy, howanyň uly möçberde maýlamagy, üýtgemegi ýaly taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. Bu babatda biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa bileleşigi, Global ekologiýa gaznasy we beýlekiler bilen ysnyşykly gatnaşyp, dünýäniň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meseleleriniň netijeli çözgütleriniň başyny başlaýjy bolup durýar.
BMG-niň tebigaty goramak baradaky giň gerimli ylalaşyklaryny, şol sanda Biologiýa köpdürlüligi hakynda Konwensiýany, Suw-batgalyk ýerleri hakynda Ramsar konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konsensiýany tassyklap hem-de şol Konwensiýalardan we ylalaşyklardan gelip çykýan borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek bilen, biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak meselelerini toplumlaýyn çözmäge işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Rio+20” maslahatynda häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde öňe süren başlangyçlary munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmenistanyň Rio-de-Žaneýroda geçirilen bu Bütindünýä maslahata gatnaşmagy dünýäniň we adamzat siwilizasiýasynyň geljekki ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge taýýardygyny ynamly aýdan garaşsyz, bitarap döwletimiziň syýasy erkiniň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Ol ekologiýa meselelerini çözmäge bilelikdäki, ylalaşykly çemeleşmeleri we öz tarapyndan anyk hereketleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen jogapkärçilikdir.
Türkmenistan halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň oňyndygyny iş ýüzünde subut edýär. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmek üçin esasa öwrülýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň strategiýasy ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegini, ýurdumyzyň durmuş üpjünçilik düzüminiň hereket etmeginiň binýatlyk bölegi hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. BMG-niň “Rio+20” maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen kölüni döretmek boýunça başlangyjynyň halkara guramalary, şol sanda BMG tarapyndan goldaw tapandygyny bellemek gerek. Onuň ähmiýeti sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny we sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde jemlenýär.
Türkmen köli – biziň ýurdumyzyň dünýäniň suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygyny subut edýän hakyky innowasion taslama bolup durýar. Suwarymly ýerleriň şorlaşmagy hem-de ýerasty suwlary sowmak bilen bagly meselelere gurak zolakda ýerleşýän ähli ýurtlar duçar bolýar. Bu mesele her ýurtda dürli usullar bilen çözülýär. Käbir ýurtlarda zeý suwlary tebigy gorplara, beýleki ýurtlarda derýalara we deňizlere akdyrylýar. Bu mesele Orta Aziýa döwletleri üçin hem örän ýiti bolup durýar.
Türkmenistan gurak zolakda üstünlikli ekerançylygyň we suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, bu ugurda ylmy-barlaglary geçirmegiň öň hatarynda durup, beýleki döwletleri suw gorlaryna aladaçyl garamaga çagyrýar. Bu netijeli nukdaýnazar dünýä bileleşiginiň goldawyna we ünsüne eýe bolup durýar, 2010-njy ýylyň baharynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýeti” diýen halkara ylmy maslahat munuň şeýledigini äşgär etdi. Bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan esasy alymlar we bilermenler, suw hojalyk pudagynyň we obasenagat toplumynyň hünärmenleri gatnaşyp, olar taslama hem-de Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem tutuş Orta Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ony amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Garagumda emeli köli döretmek boýunça giň gerimli we özboluşly taslamany amala aşyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz gurluşygyň gidýän ýerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy we netijeleri bilen yzygiderli tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmen kölüniň döredilýän ýerine amala aşyran şu gezekki iş sapary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Milli Liderimiz Türkmen kölüne alyp barýan ýolda dikuçaryň üstünden ýerine ýetirilen we bu ýerde alnyp barylýan işleriň gerimi bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Türkmen kölüni gurmak işleri üç tapgyra bölündi we möhüm ykdysady we durmuş meseleleriniň tutuş toplumyny çözmäge gönükdirilendir.
Köli gurmagyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde uly işler amala aşyryldy: Garagumyň içi bilen iri iki sany şor suw akabasy—Daşoguz şahasy çekildi, onuň umumy uzynlygy 380 kilometre deňdir, şeýle hem umumy uzunlygy 720 kilometr bolan Baş şor suw akabasy guruldy. Baş şor suw akabasy gözbaşyny ýurdumyzyň gündogaryndan, Lebapdan alýar hem-de Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäklerinden geçýär. Bu akabalar zeý suwlaryny ýurdumyzyň ähli ýerlerinden diýen ýaly ýygnap, Garagumuň demirgazygynda, üç welaýatyň—Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çatrygynda ýerleşýän Garaşor çöketligine akdyrýar. Uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, ortaça çuňlygy 69 metre deň bolan kölüň göwrümi 132 kub kilometre, suw üstüniň meýdany bolsa 3460 inedördül kilometre deň bolar. Her ýyl Türkmen kölüne şor zeý suwlarynyň milliardlarça kub metri akdyrylar, munuň özi ähli welaýatlarda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýerleriň şorlamagy, batgalaşmagy we guramagy bilen bagly köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.
Köli gurmagyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy Amyderýanyň çep kenaryndan oňa zeý suwlaryny guýdurylmagynyň öňüni almaga, geljekde bolsa Türkmenistanyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny Amyderýa guýdurylmagyny bütinleýin aradan aýyrmaga, Amyderýanyň aşak akymynda ýaşaýan ilatyň durmuş hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligini, arassaçylyk şertlerini gowulandyrmaga, Daşoguz welaýatynda Köl we Derýalyk şor suw akabalarynyň suwunyň derejesiniň peselmegine we suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, Garagumda öri meýdanlaryň suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga we çöl öri meýdanlaryny dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär, onuň geljekde tebigy taýdan arassalanmagy we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary – suw gorlaryny netijeli peýdalanmak, zeý suwlaryny sowmak we ýerleriň şorlaşmak, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, şeýle hem gök zolaklary suwarmak, tehniki hajatlar üçin meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. “Altyn asyr” kölüniň mundan beýläk-de döredilmegi balyk hojalygyny ösdürmek üçin emele gelen howdanlary hem-de zeý suwlaryny sowujy şor suw akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berer, ýurdumyzyň howuz hojalyklarynda senagat balykçylygynyň işini gowulandyrmaga ýardam eder.
Häzir bu ýerde işler dowam edýär. Taslamanyň ikinji nobatdakysyny amala aşyrmagyň barşynda ýaýlalardan şor suwlary diňe sowmak däl-de, eýsem, olary ikilenç peýdalanmak mümkinçiligini üpjün etmek üçin eltiji şor suw akabalary giňeldilýär we çuňaldylýar. Suw hojalyk desgasynyň bir bitewi ulgam hökmünde degişli derejede we sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin suw hojalyk ulgamynyň gurluşykçylary Baş şor suw akabanyň we Daşoguz şahasynyň hanalaryny giňeltmek we geçirijilik ukybyny artdyrmak, şeýle hem suw akymyny kadalaşdyrmak üçin zerur bolan suw sowujylary we desgalary, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri, şor suw akabalarynyň ugrunda çägäni berkitmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň esasy zeýkeşinde we Daşoguz sowgudynda dünýä belli meşhur öndürijilerden getirilen kuwwatly, häzirki zaman, ýokary öndürijilikli tehnika işleýär. Şol sanda ekskawatorlar, buldozerler, ýük maşynlary, kebşirleýji enjamlar, ýüküni özi düşürýän maşynlar ulanylýar.
Bary-ýogy diňe birnäçe ýylyň içinde zeýkeşleriň ugrundaky çäkleriň tanalmaz ýaly özgerendigi guş uçýan belentliginden aýratyn bellidir. Şol ýerde az derejede minerallaşan suwlar bilen suwarmak üçin ýaramly çägelik ýerleriň giň çäkleri bar. Ozal diňe alaňlar bolan ýerde eýýäm ýaşyl zolaklar peýda boldy, suw howdanlarynda bolsa, balyklaryň durli görnüşiniň peýda bolandygy bellenildi. Maldarçylyk, şol sanda çölüň ägirt uly çäkleriniň suwlulandyrylmagynyň, öri meýdanlarynyň giňeldilmeginiň hasabyna öz ösüşinde goşmaça itergi aldy.
Eýýäm häzirki wagtda Türkmen kölüniň işlemegi Merkezi we Gündogar Garagumda zeýkeşler ulgamy ýerleşen sebitlerde uçup geçýän guşlar üçin täze amatly ekologiki we ot-iým şertlerini döredýär. Daşoguz sowgudynyň hanasynyň ugrunda ýerleşen suw toplanýan köller bolsa suw-batgalyk ýerlerde mesgen tutan jandarlaryň, ýagny ördekleriň, gazlaryň, sakarbalaklaryň, gotanlaryň, çuluklaryň we beýleki guşlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde eýýäm höwürtgelemek we gyşlamak üçin köpsanly täze ýerler peýda boldy. Garagumuň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlaryň köpelmegine oňyn täsir edýär. Olaryň köpüsi ýagny üstýurt dag goçy, gulan, jeren, Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizildi. Suw howdanlarynyň kenarynda mesgen tutan haýwanlaryň wekilleriniň sany hem artýar.
Garagumda ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň 293 görnüşiniň, şol sanda ösümlikleriň 210 görnüşiniň ösüp ýetişýändigi guwançlydyr. Olaryň köpüsiniň dermanlyk häsiýeti bardyr hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk” ösümlikleri” atly bütin dünýä belli bolan köp jiltli düýpli ylmy işinde ýazylyp beýan edildi. Milli Liderimiziň Garagum çölüniň özboluşly goraghana zolaklaryny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzda olary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm iş alnyp barylýar. Bu wezipeleri çözmek Garagumuň ekologiýa ulgamlarynyň başlangyç we az üýtgän dürli görnüşleriniň, çöllük we ýarymçöllük zolagynda goraghana işiniň esaslaryny işläp taýýarlamagyň, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ylmy esasynda gorap saklamak babatda nusgalyk boljak “Bereketli Garagum” atly täze döwlet goraghanasyny döretmek hakyndaky häzirki wagtda durmuşa geçirilýän başlangyjyny maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Ak ýaýla giňişligindäki meýdançada gondy. Iki esasy zeýkeş akymy şol ýerde goşulyşýar, şolar boýunça ýerasty suwlar el bilen döredilen “Altyn asyr” köle guýulýar. Şu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow, käbir pudaklaýyn ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşylaýarlar hem-de mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, örän uly möçberli tebigaty goraýyş desgalarynyň biri hökmünde Türkmen kölüniň gymmatly ähmiýetini nygtamak bilen, onuň işlemegine degişli meseleler bilen, şol sanda çöl çäklerini mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek meseleler bilen, şeýle hem ösümlikleriň, bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bu ýerde ösdürip ýetişdirmek üçin has geljegi uly görnüşlerini seçip almak bilen baglanyşykly meseleleriň ähli toplumyny çözmäge oýlanyşykly ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny görkezdi.
Hususan-da, milli Liderimiz ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlan ýerleri dikeltmek, täze suwarymly ýerleri dolanyşyga girzmek meselelerini çözmäge ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn üns berip, suw hojalygy we ýerden peýdalanmak babatda öňdebaryjy tehnologiýalary iş tejribesine işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu strategiki desganyň gurluşygyna we işlemegine degişli ähli meselelere örän jogapkärli çemeleşmek gerek diýip nygtap, suw howdanyny gurmak, hananyň ugrunda Türkmen kölüne barýan sowma akabalary ýa-da zeýkeşleri, degişli ugurdaş desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek, bu işi welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde alyp barmagy maslahat berip, ähli zerur çäreleri göz öňünde tutmagy hem degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kenara getirilen motorly gaýyga mündi we el bilen döredilen kölde ýüzüş geçirdi, şol ýerde Garagumuň akyp duran çägeleri bilen gurşalan kenaryň ajaýyp görnüşi açylýar, olarda eýýam dürli ösümlikler ösýär. Suw giňişlikleri has özüne çekijidir. Bu ýerde ösýän suw otlary olarda işjeň ýaşaýşyň bardygyna şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz kenara baryp, bu ýerde balykçylygy ösdürmek boýunça ýörite iş alyp barýan ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrliginiň wekilleri bilen pikir alyşdy. Olar milli Liderimize kölde bar bolan balyklar, olaryň görnüşleri, şeýle hem häzirki döwürde bu ýerde balyklaryň ona golaý görnüşiniň bardygyny barada gürrüň berdiler we balyklaryň birnäçe görnüşlerini döwlet Baştutanymyza görkezdiler.
Häzirki wagtda bu özboluşly suw howdanynda balyklaryň dürli görnüşleri şol sanda, kepir, tagan, garabalyk, zagara, anna balyk, akmarka, çogan balyk, ýylan kelle mesgen tutýar. Suw howdanynda mesgen tutan balyklaryň sanyny artdyrmak boýunça “Garagumderýasuwhojalyk” birleşiginiň ekologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň alyp barýan işleri netijesinde suw howdanynda ak uçar, zagara balyk, ak tüňňimaňlaý we tüňňimaňlaý balyklary hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu balyklaryň köpüsiniň diňe duzy az bolan suwlarda ýaşaýandygyny belläp geçmek möhümdir. Olaryň Türkmen kölünde mesgen tutmagy onuň ekologiýa ýagdaýynyň, ekologiýa ulgamynyň durnuklylygynyň görkezijisi bolup durýar.
Milli Liderimiz hünärmenler bilen söhbetdeşlikde olaryň alyp barýan işleriniň netijeleri we geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. Olar öz nobatynda, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadançylygy hakynda edýän üns-aladasy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler, şol aladany ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy duýýar.
Döwlet Baştutanymyz köl bilen ýüzüşini dowam edip, bu ýerde bolup geçýän üýtgetmeleriň oňyn depginini belledi, ekerançylygy we maldarçylygy hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň haýwanat dünýäsini ösdürmek üçin täze suw toplumynyň ähmiýetine degişli ýolbaşylaryň ünsüni çekdi.
Merkezi Garagum tekizliklerdäki we çöllükdäki ekologiýa ulgamlaryny öwrenmek üçin landşaft, zoologiki, botaniki, hojalyk-ekologiki ylmy barlaglary geçirmek babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň tebigy täsinlikleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy, şol ýerde çölüň başky tebigaty üýtgewsiz ýagdaýda diýen ýaly saklanyp galypdyr. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji nobatdakysyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem tebigaty goramak çäreleri bilen tanşyp, bu ugurda mundan beýläk-de işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz ýolugrunda kenarda durmak bilen, bu ýerde ösüp ýetişýän ösümlikleri, şeýle hem bu ýerde ýörite ýerleşdirilen ösümlikleriň tohumlarynyň sergisini synlady, olar el bilen döredilen kölüň kenarlarynyň ugrunda ekilýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen nusgalar bilen tanşyp, çöl çäklerini mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, bu ýerde ösümlikleriň görnüşleriniň, şeýle hem bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürip ýetişdirmek üçin has geljegi uly görnüşlerini seçip almak meselelerini çözmäge çynlakaý ylmy çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen kölüniň ulanylmagynyň barşyna ylmy işläp taýýarlamalary öwrenmek hem-de ornaşdyrmak, onuň welaýatyň ekologiýa ýagdaýyna täsiri bilen baglanyşykly materiallary ýurdumyzyň belli bir ugra degişli ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýörite okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna goşmagyň, şeýle hem ylmy maslahatlary we bu möhüm meselelere bagyşlanylan beýleki çäreleri guramagyň zerurdygyny görkezdi.
Milli Liderimiz ýokary we orta okuw mekdeplerinde Garagum çölüniň ösmlik dünýäsini has çuň öwrenmegiň maksada laýykdygyny hem görkezdi. Ösüp gelýän ýaş nesil biziň tebigatymyzyň ähli baýlyklaryny we gözelliklerini hem-de olaryň gadyr-gymmatyny bilmelidir, bu özboluşly baýlygy gorap saklamak hakynda alada etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz suwarymly ýerleriň netijeli peýdalanylmagynyň meselelerine üns bermegi hem degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Türkmen kölüniň ikinji we üçünji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlanandan soň, ýurdumyzda bir bitewi zeýkeş ulgamy dörediler, Garagumuň çäksiz giňişliklerinde täze ýaşyl jülgeler, şäherçeler, obalar, etraplar peýda bolar, suwarymly ekerançylyk işjeň ösdüriler diýip, milli Liderimiz aýtmak bilen, eýýäm häzirki wagtda bu ugurda iş geçirmek barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz tebigaty gorap saklamak we daşky gurşawy gowulandyrmak döwletimiziň we jemgyýetimiziň işiniň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belläp, tebigy gurşawyň milli baýlygymyzyň gymmatly bölegi hökmünde durmuş-ykdysady ulgamyna goşulandygyny nygtady, sebäbi ilatyň saglygy, durmuş we ekologiýa taýdan abadançylygy aýrylmaz birlikdedir.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Merkezi Garagumda, ýagny dünýäniň iň uly çölleriniň biriniň merkezinde döredilýän bu özboluşly gidrotehniki toplum gadymy türkmen topragynyň keşbini düýpli üýtgetmelidir, ekologiki howpsuzlygy we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmelidir, munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän uly möçberli özgertmeleriň ählisiniň esasy maksady bolup durýar.
Soňra milli Liderimiz Türkmen kölüniň suw giňişliginde öz ýoluny dowam etdirdi.
Döwlet Baştutanymyz kenara gelip, bu ýerde kwadrosikle mündi hem-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň soňky ýyllarda düýpli özgeren Garagum sährasyna ýetiren täsirine, bu künjegiň tebigy gözelliklerine syn etdi.
Häzir bu ýerde gurluşyk işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyrylýar, olarda kuwwatly ýokary öndürijilikli ýörite tehnika ulanylýar. Milli Liderimiz olary başarnykly dolandyrýan ekskowatorçylar, buldozerçiler, beýleki hünärmenler bilen mähirli salamlaşyp, olary bu ýerde oturdylan ak öýe çagyrdy, şol ýerde çaý başynda olardan işlemek we duürmuş üçin döredilen şertler barada sorady, olaryň hajatlary we aladalary bilen jikme-jik gyzyklandy. Muňa jogap edip, gidrogurluşykçylar pudagy ösdürmek meselelerine çynlakaý üns berýändigi we pudagyň zähmetkeşleri hakynda alada edýändigi, häzirki wagtda öz ygtyýarlyklarynda bar bolan, döwletimiz tarapyndan dünýäniň esasy kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alynýan ýokary öndürijilikli tehnika üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti suwdan rejeli peýdalanmak boýunça ýurdumyzda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, suwarymly ýerleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, täze ekerançylyk meýdançalaryny özleşdirmek üçin köp işleriň geçirilýändigini: suw howdanlarynyň, suwaryş ulgamlarynyň, akabalaryň gurulýandygyny, häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalarynyň oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrylýandygyny belläp, döwletimiziň geljekdede ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmäge üns berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, türkmenistanlylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini gozgap, belli bir maksatly anyk çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan Baş meýilnamanyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi. Olary ýerine ýetirmäge örän oýlanyşykly, ylmy taýdan çemeleşmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek üçin bellenen meýilnamalar hakynda söz açyp, Garagumuň tebigatyny öwrenmek, şorlamaga çydamly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.
Düýpli söhbetdeşlikde bilim, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, olary sagdyn durmuş ýörelgesine we döredijilikli işe çekmek meseleleri hem gozgaldy.
Milli Liderimiz hünärmenlere, şu desgada zähmet çekýänleriň ählisine öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, döwletimiziň geljekde hem pudaga hemmetaraplaýyn hem-de işjeň goldaw berjekdigini aýtdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz gidrogurluşykçylara sowgatlary gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemini jemläp, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere, pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bu ýerde bolýan ýolbaşçylaryna türkmen kölünde öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny peýdalanmak bilen, gidrotehniki hem-de tebigaty goraýyş işlerini mundan beýläk-de ýokary hil derejesinde geçirmäge, kenarýakasyndaky çäklerde täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmäge, olarda şorlamaga çydamly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge, şeýle hem balykçylygy we maldarçylygy işjeň ösdürmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy çelgisiniň adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokary ülňüleri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady, munuň özi olary durmuşa geçirmäge jikme-jik, oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär. Ýurdumyzyň ösüşi we rowaçlygy, türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli özgertmeleriň esasy maksadydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we işde üstünlikler arzuw edip, Aşgabada ugrady.
***
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza gelip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa we goranmak ministri B.Gundogdyýewe olaryň gözegçilik edýän düzümlerinde desgalary gurmagyň hilini we möhletlerini berk berjaý etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.