Ï Türkmenistan–ÝHHG: netijeli gatnaşyklar ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan–ÝHHG: netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

view-icon 701
Şu gün Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Adalat ministrliginde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda kabul edildiler.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli durmuş-ykdysady we demokratik, şol sanda milli kanunçylyk ulgamyndaky özgertmeler maksatnamasynyň jähetinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we ÝHHG birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esaslaryna daýanýan hem-de soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşe eýe bolan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.

Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişine oňyn baha bermek bilen, wekiliýetiň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň öňe sürýän we ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşykda hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky gürrüň dowam etdirildi. Onuň barşynda myhmanlar milli saýlaw kanunçylygy bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan esasy halkara, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalary tassyklamak bilen, olaryň düzgünnamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri alyp barýar. Ýurdumyzyň kanunçylygynda halkara hukuk kadalaryna goşulmak boýunça milli parlamentiň işiniň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, myhmanlar häzir hereket edýän we täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary nazara almak bilen işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyk etdiler. Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine üns berildi.

ÝHHG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli insitutynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda kabul edilerler.