Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 707
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz hasabat bermek üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň noýabr aýynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçiriljek VI mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm wezipeleri we geljegi, şeýle hem täze taslamalary taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Awstriýanyň paýtagtynda nobatdaky mejlisi geçiriljek bilelikdäki toparyň işiniň netijeli guraly bolup durýandygyny belledi. Şunuň baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe möhüm ugurlar we türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň jähedinde täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçdi we bilelikdäki toparyň mejlisiniň gün tertibini taýýarlamak hem degişli düzümleri utgaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem işewür duşuşyklar anyk ugra gönükdirilmelidir we olar ileri tutulýan milli maksatnamalaryň we ykdysady ösüş wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler miistri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sentýabr aýynda Ýaponiýa boljak saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde boljak türkmen-ýapon gepleşikleriniň gün tertibine deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we işjeň esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi hem-de onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy açyldy. Munuň özi netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda biziň ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolan dünýä belli meşhur ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen-ýapron gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeldilmegi, bar bolan ägirt uly hyzmatdaşlyk kuwwatlyklarynyň we dürli pudaklarda ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklaryň diwersifikasiýa edilmegi üçin emele gelýän täze mümkinçilikleriň netijeli ösdürilmegi üçin ygtybarly binýadyň goýulmagyna gönükdirilen, Ýaponiýa boljak saparyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, milli Lidermiz Ýaponiýa bilen milli bähbitleri bolşy ýaly, ählumumy abadançylyk ýörelgelerini nazara almak bilen, giň halkara hyzmatdaşlyk esaslarynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň berkidilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Taraplaryň üýtgewsiz erki netijesinde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Ýaponiýa boljak saparyna taýýarlyk görülmegi bilen birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 28-29-njy awgustynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-rumyn toparynyň dördünji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli maliýe-bank ulgamynyň ähli hojalyk işini özgertmegi, şeýle hem häzirki zaman umumy dünýä meýillerini nazara almak bilen, ykdysady gurşawy döwrebaplaşdyrmak şertlerine öz wagtynda goşulmagy üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we onuň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Şu jähetden milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda wise-remýere birnäçe tabşyryklary berdi. Ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karary umuman oňlady we degişli resminama gol çekip, wise-premýere onuň düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegit tabşyrdy.

Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz işewür duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle duşuşyklaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin oňyn binýadyň kemala getirilmegine umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Taraplaryň anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen işjeň tagallalarynyň bir ýere jemlenmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu mejlsiň iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýulýan giň möçberli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdi.

Soňra ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklary baradaky hasabat bilen mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy T.Japarow çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde geleşikler boýunça hasaplaşyklary kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda maglumat berildi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu mesele baradaky Kararyň taslamasy hödürlendi. Bellenilişi ýaly, taýýarlanylan resminama laýyklykda ýurdumyzyň telekeçilerine Türkmenistana getirýän harytlary üçin hasaplaşyklaryny hasap-nyrhnamanyň esasynda bank edaralarynyň üsti bilen ýönekeşleşdirilen tertipde amala aşyrmaga ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň ünsüni ýurdumyzyň bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere çekdi. Bank maliýe hasabatlaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek, bankara we halkara hasap nyrhnamalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bank işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bank işini kadalaşdyrýan kanunçylygyň we kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň, şol sanda gözegçilik işleriniň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we resminamada görkezilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentinde kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ilat arasynda täze kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini duşundirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, häzirki wagtda mejlisiň degişli komitetlerinde dürli pudaklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Şol taslamalara Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda garalar.

Şu ýylyň dekabr aýynda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy häzirki döwürde köpçülikleýin düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygyny, saýlawçylaryň saýlawlaryň barşy, onuň kanunçylyk üpjünçiligi bilen tanyşýandyklaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň ýolbaşçysynyň habaryny diňläp, öňde boljak saýlawlaryň wajypdygyny belledi hem-de saýlawlaryň demokratik usulda geçirilmeginiň, olaryň açyklyk, aýanlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem halkara synçylary üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu jähetden ýurdumyzda Intenet ulgamyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny we Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iň ýokary öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlarynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanda Internet ulgamyny ulanyjylaryň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzda Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Internet-ulgamynyň daşky ugurlaryny giňeltmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýokary tizlikli Internet ugamynyň daşarky kanallaryny kärende almak üçin halkara bäsleşigini yglan etmek boýunça geçirýän işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prpezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň aragatnaşyk we telekommunikasiýa, degişli pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça maksada laýyk işleriň durmuşa geçirilmegini we olaryň ýokary hil derejesine, halkara ülňülerine laýyk derejede üpjün edilmegini tabşyrdy. Bu işleriň uzak geljegi nazara almak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagy esasynda alnyp barylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýokary tizlikli Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ulag toplumyny ösdürmegiň meselelerine ünsi güýçlendirmek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary düzümlerinde ýolagçylara hyzmat etmek işiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýtmak bilen, tomusky dynç alyş möwsüminde ýolagçylaryň gitjek ugurlaryna bökdençsiz gitmeklerini üpjün edýän şertleriň döredilmeýändigini, köplenç halatda petekleriň ýetmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň demir ýol ulaglary pudagyna gözegçilik etmek boýunça alyp barýan işine nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, ýüze çykan meseläniň oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen, hereket edýän otlulara goşmaça wagonlary tirkemek ýa-da has köp isleg bildirilýän ugurlara goşmaça awtobus hereketini ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzyň Sergi köşgünde 27-29-njy awgustda “Türkmengurluşyk-2013” atly halkara ýarmarkasyny we “Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşi” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Gurluşyk pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny düýpli özgertmek boýunça bellenen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi Şunuň baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, olary ösen talaplara, häzirki zaman ülňülerine laýyk getirmäge, täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary giňden ulanmaga işjeň çemeleşmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

“Türkmengurluşyk-2013” atly halkara sergini we “Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşi” geçirmek baradaky meselä degip geçmek bilen, milli Liderimiz her ýylda geçirilýän bu forumyň möçberleriniň hem-de abraýynyň, şol bir wagtyň özünde işewür toparlarynyň wekilleriniň gyzyklanmalarynyň artýandygyny aýtdy. Şeýle toparlaryň hatarynda diňe bir ýurdumyzyň iri önümçilikleri däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk we senagat ulgamlarynyň ýeten derejesini hem-de gazanýan üstünliklerini beýan etmekde, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde serginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň meselesine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012--2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň işewür we maliýe toparlarynyň wekillerinden birnäçe teklipler gelip gowuşdy. Hususan-da, gürrüň biziň ýurdumyzda polietilen, polipropilen, kükürt kislotasyny we beýleki senagat önümlerini öndürýän täze döwrebap zawodlary gurmagyň taslamalary barada barýar. Ýaponiýanyň wekiliýetiniň biziň ýurdumyza boljak saparyna degişli şertnamalar we ylalaşyklar taýýarlanylar.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň buraw işlerini geçirmek üçin zerur bolan oturtma turbalary satyn almagy hakyndaky kararyň taslamasyny hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet energetika syýasatynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini netijeli ulanmaga gönükdirilendigini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Şu babatda daşary ýurtly işewür toparlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýlary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek ulgamynda hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Ýaponiýa bilen gatnaşyklar özara düşünişmek, ynanyşmak we işjeň oňyn hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Ýaponiýa ýokary tehnologiýalary ulanmak ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ýurduň tejribesiniň Türkmenistanyň okgunly ösmegi üçin örän peýdaly boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerini we olaryň dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň oturtma turbalary satyn almagy hakyndaky” karara gol çekip, nebitgaz çykarýan senagatyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ýangyç ýataklarynda işleriň depginlerini güýçlendirmek hem-de täze geljegi uly nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak babatda birnäçe tabyşyrykary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli ykdysadýetimiziň senagat pudaklarynyň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, bu ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat önümleriniň içerki bazarda ýeterlik mukdarynyň bardygyny we olary daşarky bazara ugratmak üçin giň ykdysady mümkinçiligiň ýeterlikdigini, şol bir wagtyň özünde ýurtda bar bolan ägirt uly çig mal serişdeleriniň pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin oňyn şerti döredýändigini belledi.

Şunlukda milli Lidermiz diňe bir ykdysady ösüşiň gazanylmagy däl, eýsem, ösüşiň täze hiliniň, häzirki zaman ylmy tehnologiýalaryň özleşdirilmeginiň, hereket edýän önümçiligi döwrebaplaşdyrmakda, olary täzeden enjamlaşdyrmakda maýa goýumlaryň gönükdirilmeginiň, öndürilýän önümleriň hiliiň ýokarlandyrmagynyň we görnüşleriniň artdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşyny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi we arassaçylygy üpjün etmek, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşyny geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, ýurtda sportuň ýokary gazananlaryny, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge mynasyp taýýarlyk görmegiň çäklerinde halkara futbol ýaryşynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Arassaçylygy üpjün etmek we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň degişli kadalara laýyklykda yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Dürli keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli arassaçylyk we lukmançylyk edaralarynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu wezipeleriň çözgüdinde hiç hili ownuk zat bolmaly däldir, bazarlaryň, jemgyýetçilik ýerleriniň arassaçylyk ýagdaýyna berk gözegçilik edilmelidir, keselleriň öňüni almak, arassaçylygy üpjün etmek boýunça häzirki zaman serişdeleriniň we usullarynyň ulanylmagyna, şeýle hem ilat arasynda köpçülikleýin düşündiriş işleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu babatda wise-premýere birnäçe bellikleri aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz oňa bu möhüm wezipeleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler boýunça birnäçe düýpli bellikleri aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasary S.Toýlyýewe arassaçylygy üpjün etmek we keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek boýunça zerur çäreleri görmese, oňa eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňde goýlan wezipeler bilen birlikde öz ýolbaşçylyk edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyza sentýabr aýynda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy barada habar berdi. Şonda halkara sergileri, maslahatlary, medeni we sport çäreleri, döredijilik festiwallary, durmuş- medeni maksatly desgalaryň ulanyşa tabşyrylmagy hem-de beýleki dabaraly we jemgyýetçilik çäreleri geçiriler. Olaryň hatarynda şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” ady bilen köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklige bagyşlanan çäreler bar. Sentýabr aýyna bellenilen çäreleriň başyny paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişi başlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak forumlaryň çäklerinde geçiriljek çäreleri oňa gatnaşyjylaryň hemmesi üçin iň gowy şertleri döretmek barada alada etmek bilen ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, sergiler, medeni çäreler biziň halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerini ýüze çykarmalydyr, şeýle hem halklaryň we döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hyzmat edýän ynam we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz öňde boljak şanly senelere bagyşlanan dabaralara, hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar gününe, täze desgalaryň açylyş dabarasyna we beýleki wakalara, esasan-da, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk we köpçülikleýin welosipedli ýörişi ýaly bu möhüm çärelere mynasyp taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine degişli meseleler jikme-jik beýan edildi. Bellenilişi ýaly, sebitlerlerde 17-nji awgustda badalga alan bugdaý ekişiniň depgini ýokarlanýar. Ol agrotehniki kadalara doly laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, pagta ýetişdirilen meýdanlarda hatarara bejergi işleri, gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleri we beýleki çäreler alnyp barylýar.

Pagta ýygym möwsümine ýurdumyz boýunça pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jemi 159 sanysy hem-de pagta arassalaýyş kärhanalarynyň jemi 36-sy doly taýýar edildi. Umuman ýurdumyz boýunça gymmatly tehniki ekiniň ýygymynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň 540-sy, pagta daşaýan awtoulaglaryň 2 müň 530 sanysy, tratktorlaryň 2 müň 412 sanysy we traktor tirkegleriniň 3 müň 611-si işlediler. Bu möhüm möwsümde işlejek mehanizatorlar we oba hojalygynyň beýleki işgärleri üçin hemme zerur şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň ösdürilmeginiň, oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, olaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Baştutany kabul edilen Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda häzirki döwürde obalar we şäherçeler abadanlaşdyrylýar diýip aýtdy. Daýhanlarymyz kuwwatly tehnikalar, mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün edilýär.

Şoňa görä-de, oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şu ýyl hem daýhanlarymyzyň pagtanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, milli Liderimiz edermen pagtaçylarymyzyň 2013-nji ýylda milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, täze, has belent sepgitlere ýetjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, indi pagtaçylaryň ýyl boýy çeken zähmetiniň netijeleriniň jemlenýän döwri – pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu möwsüm daýhanlardan örän tutanýerli işlemegi talap edýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny zaýa etmän, ýagşyň-garyň aşagynda galdyrman, gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde pagtaçy daýhanlaryň esasy wezipesi bolup durýar.

Pagta ýygymy möwsümini gysga möhletde geçirmek üçin ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 28-nji awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna guramaçylykly girişmäge ak pata berip, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyna «Bissimilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. “Harmanyňyza bereket, hormatly pagtaçylar!” diýip, milli Liderimiz aýtmak bilen, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlaryna, kärendeçilerine, mülkdarlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, şu ýyl hem ak pagtanyň bol hasylyny ýygnamaklaryny hem-de şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, uly zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi!

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.