Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaý ekişiniň depginleri hem-de 28-nji awgustda başlanýan pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza birnäçe desgalary gurmagyň taslamalary görkezildi. Häkim täze okuw ýyly mynasybetli welaýatyň Baharly we Babadaýhan etraplarynyň her birinde umumy bilim berýän täze orta mekdepleriň gurlup ulanmaga berilýändigi barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumyny netijeli ösdürmäge ýardam edýän guramaçylyk çärelerine ünsi çekip, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, güýzlük däne ekişini öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň jemagat hojalyklaryny ýyladyş möwsümine taýýarlamak hem-de degişli çäreleri geçirmek, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz gurlup ulanmaga berilýän täze mekdepleriň açylyş dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe tabryşyklary berdi hem-de görkezilen taslamalara bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow özüniň çykyşyny pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek maksady bilen alnyp barylýan taýýarlyk işleri hem-de güýzlük däne ekişiniň depginini ýokarlandyrmak baradaky hasabatdan başlady. Soňra häkim döwlet Baştutanymyza welaýatda bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berip, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatyň Etrek etrabynda, Gumdag we Balkanabat şäherlerinde täze mekdepleriň gurlup ulanmaga berilýändigi hakynda hasabat berdi . Milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň düzüminde täze döredilen Awaza etrabynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen hem tanyşdyryldy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine ünsi çekip, möwsümi netijeli hem-de bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de bellenilen iş tertibine takyk eýerilmegini tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk, welaýatda bar bolan desgalaryň ýyladyş ulgamyny möwsüme taýýarlamak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň görkezilen taslamalaryna birnäçe bellikleri aýtdy .
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatyň Köneürgenç, Akdepe, Gubadag etraplarynda täze mekdepleriň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda güýzlük bugdaý ekişini ýokary derejede we bellenilen möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk, olarda okuwlaryň guralmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berip, welaýatyň ilatyny güýz-gyş döwründe ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gün tertibiniň esasy meseleleri, şol sanda welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymyna taýýarlyk we güzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, welaýatyň senagat düzümini ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryň berjaý edilişi, sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada jikme-jik habar berdi. Welaýat häkiminiň habar berşi ýaly, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatyň Farap we Serdarabat etraplarynda täze mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.
Pagta ýygymyna ýokary guramaçylykly başlamagyň oba hojalyk toplumynyň işgärleri üçin möhüm wezipe bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýygym konweýeriniň ähli bölümleriniň taýýarlygyny ýene bir gezek ykjam barlamagy tabşyrdy. Güýzlük däne ekişi boýunça işleriň depginini artdyrmagyň zerurlygy bilen birlikde agrotehniki kadalaryň we bu möwsümleýin çäräniň möhletleriniň gyşarnyksyz üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen gurluşyk taslamalaryna birnäçe düzedişleri girizip, welaýatda ýyladyş möwsümine we okuw ýylyna görlen taýýarlyk barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan bilim ojaklarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrüň talabyna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna girişmek bilen baglanyşykly ähli çäreleriň görlendigi, şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek we möwsümi göwnejaý tamamlamak bilen baglanyşykly işleriň ýörite maksatnamasynyň düzülmelidigini bellemek bilen, bu ugra dahylly düzümleriň işini utgaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň jemagat-tehniki hojalygyny gyş möwsümine taýýarlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de durmuş ulgamynyň beýleki desgalarynyň, ýyladyş ulgamlarynyň taýýarlyk derejesine ünsi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möçsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ylmy esasda ösdürmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi we pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, möwsüme dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ekişiň öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyklykda berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň düzümlerini ösdürmek boýunça görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi pudakda ähli işleriň ýokary guramaçylyk derejesine we olara oýlanyşykly, jogapkärli çemeleşilmegine baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde gyş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgähleri we köpçülikleýin dynç alyş ýerlerini döwrebap derejede saklamak, şäher hojalygynyň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýollaryň yşyklandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri we Aşgabadyň arassaçylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň inženerçilik-energetika hojalygyny ýyladyş möwsümine taýýarlamak hem-de güýz-gyş möwsüminde şäheriň edara kärhanalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça işleriň öz wagtynda geçirilmegine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak bilen, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýanaşyk ýerleriniň, şeýle hem “Dostluk” seýilgähiniň çäklerinde çagalar we uly adamlar göwnejaý dynç alyp biler ýaly zerur düzümleriň döredilmeýändigini aýtdy. Milli Liderimiz ilata edilýän hyzmatlara jogapkärçiliksiz çemeleşilýändigini aýdyp, häkimiň degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça guramaçylyk derejesiniň pesdigine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bellenilen kemçilikleri günibirin düzetmegi häkimden berk talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew wideoşekilli iş maslahatynda özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bäş ýyldyzly myhmanhananyň taslamalarynyň birnäçe görüşlerini, paýtagtymyzda oturdyljak dürli görnüşli bezegleriň şekillerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Mundan başga-da, wise-premýer paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berilýän köp gatly awtoulag duralgasynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işlere, desgalaryň gurluşygyna jogapkärli çemeleşilmelidigini belläp, täze gurluşyklaryň ählisinde iň ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we bezeg ýörelgelerine laýyk gelýän ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny aýratyn belledi. Şähergurluşyk binagärlik taslamalarynyň uzakmöhletleýin geljegi nazarlamalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz gurulýan binalarda sazlaşygyň, amatlylygyň, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün edýän zerur düzümleriň utgaşmagynyň esasy meseledigini nygtady. Şäherde binagärlik boýunça alnyp barylýan işleriň barşyna nägilelik bildirip, milli Liderimiz bu işlere täzeçe çemeleşmegiň, oňa kämil hünärli ýaşlaryň çekilmeginiň, olarda milli binagärlik däpleri bilen häzirki zaman ösen tejribesiniň sazlaşmagynyň we her bir binanyň özboluşly bezeg aýratynlygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklderindäki gurluşyklarda täzeçe garaýyşlaryň, binagärlik gözlegleriniň we döwrebap ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligiň direktory Ý.Kakaýew çagyryldy. Ol häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz ulgamyndaky işleri has-da kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nebitgaz toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, täze nebitgazly ýataklary özleşdirmek we olary senagat taýdan işlemek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň, bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejä çykarmagyň derwaýysdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ulgamda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi we munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip nygtady.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini we pudaklaýyn düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän anyk ugurlar kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.