Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda ýaponiýaly žurnalistleri kabul etdi. Olaryň hatarynda bu ýurduň “NHK” teleradio kompaniýasynyň, şeýle hem birnäçe umumymilli gazetleriň wekilleri we habarçylary bar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde žurnalistler bilen mähirli salamlaşyp, olaryň Türkmenistana biziň ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine, bitarap döwletiň giň möçberli maksatnamalary we iri halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki üstünliklerine uly gyzyklanma bildirýändikleri we yzygiderli üns berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Aşgabada gelen dostlukly ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa boljak resmi saparynyň öňüsyrasynda milli Liderimize ýüzbe-ýüz duşuşykda özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýaponiýaly žurnalistleriň haýyşy boýunça, olar bilen şu günki duşuşygyň pursatlaryny alamatlandyrýan ýadygärlik surata düşdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaponiýaly žurnalistleriň sowallaranya jogap berdi. Şu günki duşuşyga ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Ilki bilen “NHK” teleradio kompaniýasynyň habarçysy hanym Eri Okada sowal bilen ýüzlendi:
- Hormatly jenap Prezident! Biziň ýurtlarymyzyň arasynda mähirli dostluk gatnaşyklary ýola goýuldy. 2009-njy ýylyň dekabrynda Siziň Ýaponiýa bolan saparyňyz gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini şertlendirdi. Siz hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz? Siziň ýakyn wagtda Ýaponiýa boljak iş saparyňyzyň jähedinde, Siziň garaýşyňyzça bu babatda haýsy ugur geljegi uly we has netijeli bolup durýar?
-Ýaponiýa Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurduň geografik taýdan uzakda ýerleşendigine garamazdan, ýapon önüm öndürijileriniň dünýä belli önümleri geljegi uly türkmen bazaryndaky orunlaryny barha pugtalandyrýarlar.
Şunlukda, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ýokary depginler bilen sazlaşykly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Çünki onuň häzirki derejesi taraplaryň mümkinçiliklerini doly beýan etmeýär. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini türkmen-ýapon ykdysady komitetiň işi şertlendirer. Ol özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan umumy çemeleşmeleri anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şoňa görä-de, men iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine binýatlyk dereje hökmünde baha berýärin. Sebäbi häzirki döwürde hyzmatdaşlygymyzy täze derejä çykarmak üçin zerur bolan ähli şertler bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda köp sanly iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar we meýilleşdirilýär.
Bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek zerurdyr.
Meniň pikirimçe, biziň ýurtlarymyz söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde olaryň harytlyk düzümine we Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we meýilleşdirilýän iri maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtlardan getirilýän ýokary tehnologiýaly enjamlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna esaslanmalydyr.
Häzirki döwürde Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesi ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Şol pudaklaryň hatarynda nebiti gaýtadan işlemek, aragatnaşygyň we telekommunikasiýalaryň innowasion üpjünçilik ulgamyny döretmek, lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş, ylym we tehnika ýaly ulgamlary görkezip bolar.
Ýangyç-energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolup durýar. Bu pudakda biz tebigy baýlyklary çykarmakda we gaýtadan işlemekde häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanýarys. Ösen senagat pudagynda biziň milli syyasatymyz bäsleşige ukyply, eksporta niýetlenen önümleri çykarýan kärhanalary döretmäge gönükdirilendir. Ulag we deňiz portlarynyň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de ýokary hilli harytlary öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan tehnologik hyzmatdaşlyk hem bu ugurlara degişlidir.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdylanda bolsa, ilki bilen, taraplaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň gerimini giňeltmek zerur diýip hasap edýärin. Men Yaponiýada biziň bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän taraplaryň türkmen ykdysadyýeti we senagaty, maýa goýum hyzmatdaşlygy, onuň kanunçylyk binýady baradaky maglumatlar bilen giňden üpjün edilmegini göz öňünde tutýaryn.
Biziň Ýaponiýa boljak saparymyz bu işlere itergi bermäge niýetlenendir we ykdysadyýetde hem, medeni-gumanitar ulgamda hem ýapon tarapynyň tekliplerini anyklamaga gönükdirilendir.
“Ýomiury Şimbun” gazetiniň habarçysy Ýu Tamura:
-Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bütin dünýä ählumumy ykdysady çökgünligine sezewar boldy. Turkmenistan şu meseläni nähili çözdi? Çökgünligiň zyýan ýetirmeginiň öňüni almak üçin nähili anyk işler edildi?
-Meniň öň hem birnäçe gezek belläp geçişim ýaly, Turkmenistan dünýä ykdysady çökgünliginiň zähmet we maýa bazarynda deň ýagdaýy üpjün etmek bilen bagly birnäçe meseleleri ýüze çykaran wagtynda ykdysady özgertmeleri amala aşyryp başlady. Bu bolsa, bize dünýä ykdysadyýetiniň taryhy sapaklaryny nazara alyp, ykdysadyýeti ösdürmegiň öz ýurdumyza mahsus nusgasyny işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi biziň artykmaç tarapymyz boldy. Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň bu nusgasy köp ýurtlaryň tejribesini özünde jemleýär. Ol biziň içerki bähbitlerimizi göz öňünde tutýar. Şeýle hem, Türkmenistanyn mynasyp, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde dünýä bileleşigine goşulmagyna gönükdirilendir. Bu nusga çeýe hem-de ýaşaýyş-durmuş meselelerini ileri tutýan strategiýa esasynda döredildi.
Bir tarapdan, Turkmenistan özüne bagly bolmadyk sebäplere görä, ählumumy ykdysady çökgünligiň täsirine düşdi. Beýleki tarapdan bolsa, ol çökgünligiň milli ykdysadyýete ýetirýän täsirini azaltmak üçin uly mümkinçilige eye bolmak bilen, özüni daşarky ýaramaz ýagdaýlara garşy durmaga ukyply, kuwwatly we durnukly ykdysadyýeti bolan döwlet hökmünde görkezdi.
Bank ulgamynda öz wagtynda geçirilen özgertmeler Türkmenistanyn maliýe taýdan durnukly bolmagyny we durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün etdi. Karz-pul, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlarynda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa, milli ykdysadyýetimizde ýokary netijeleri gazanmak üçin şertleri döretdi. Şunuň bilen birlikde, önümçiligi ösdürmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmeginiň esasy boldy. Bu syýasat serişdeleriň ilatyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakda has uly we uzak möhletli netijeleri berjek pudaklara çekilmegine gönükdirilendir.
Şoňa görä-de, biz häzir Türkmenistanyn bu meseläni dine bir netijeli çözmek bilen çäklenmän, eýsem, soňky ýyllaryň dowamynda örän uly üstünlikleri gazanyp, ýokary depginler bilen ösýän döwletlerin hataryna goşulandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu hakykaty bolsa, abraýly jemgyýetçilik we halkara maliýe guramalary ykrar edýär.
“Asahi Shimbun” gazetiniň habarçysy Kadzuhiro Sekine:
-Turkmenistan dünýäniň nebitgaz serişdelerine örän baý döwletlerine degişlidir. Siziň pikiriňizçe, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, ibermek ýa-da ýerinde düýpli gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan haýsy işler ileri tutulýan ugurlaryň has möhümleri bolup durýar?
-Milli bähbitler Türkmenistanyň nebitgaz syýasatynda alyp barýan ähli işlerimiziň esasynda durýar. Şoňa görä-de, oýlanyşykly maýa goýum syýasatymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz pudagynyň hasabyna milli bähbitlerimizi amala aşyrmagyň guraly bolup hyzmat edýär. Maýa goýum syýasaty täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekden başlap, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmaga çenli işleri öz içine alýar.
Bu işlere ýurdumyzda öndürilen taýýar önümleriň bäsleşige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmak, şu önümleriň ýerlenýän bazarlaryny giňeltmek meseleleri hem degişlidir. Bulardan başga-da, maýa goýum syýasaty turba gerijileriň giň ulgamyny gurmak arkaly türkmen energiýa serişdelerini diinýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem göz öňünde tutýar.
Maýa goýum syýasaty gury ýerde hem, Hazar denziniň ýalpaklygynda hem geologiýa-gözleg we uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny enjamlaşdyrmak işleri boýunça esasy halkara kompaniýalary bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şeýle hem, bu syýasat nebitgaz serişdeleriniň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, bu syýasat tutuş pudagy tehnologik taýdan döwrebap ýagdaýa getirmegi we ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi hem öz içine alýar.
Şeýlelikde, biziň hebitgaz pudagyndaky strategiýamyz dünýä bazaryndaky ýagdaýlary nazara almak bilen, bu pudagy innowasiýa taýdan toplumlaýyn ösdürmäge, gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmaga gönükdirilendir. Nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň energetika, ulag, himiýa we nebithimiýa pudaklaryny, telekommunikasiýa ulgamyny, ýeňil senagaty we logistikany, şeýle hem ýörite hyzmatlar ulgamyny we beýleki ulgamlary ösdürmek üçin mümkinçilik döredýär. Ahyrky netijede, bularyn ählisi türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň derejesini, halkymyzyn durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we köp ugurly turba geçiriji ulgamlary döretmek syýasaty hem şu maksada gönükdirilendir. Şu syýasatdan ugur alyp, biziň ýurdumyz bar bolan gaz geçirijileri ulanmak bilen birlikde, öz energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze iki sany iri taslamasyny hem amala aşyrdy. Bular Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Eýran täze gaz geçirijisiniň taslamalarydyr.
Häzirki döwürde ýene-de bir iri energetika taslamasyny - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak işleri tamamlanyp barýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň taslamalary hem işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
Biz türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara ibermegiň mümkin bolan islendik ugurlaryna seretmäge taýýardyrys. Bu taslamalary amala aşyrmak ählumumy energiýa howpsuzlygynyn ygtybarly ulgamyny döretmekde öz ornuny eýelär. Biziň köp gezek aýdyşymyz ýaly, Turkmenistan öz ägirt uly energetika mümkinçiligini ýakyn hem-de uzak ýurtlaryň bähbitleri üçin netijeli ulanmaga taýýardyr. Biziň ýurdumyzyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze uigamyny döretmek baradaky başlangyçlary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öne süren başlangyçlary şu meselä gönükdirilendir. Gazylyp alynýan baýlyklaryň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny üpjün etmegiň olary ibermegiň howpsuzlygynyň örän möhüm şerti bolup durýandygyny hem bellemek isleýärin. Turkmenistan bu meselä örän uly üns berýär.
“Sankei Shimbun” gazetiniň baş habarçysy Maasaki Sasaki:
-Daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň artýan şertlerinde ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamak ýaly ählumumy meseleleri çözmek bilen bitaraplyk syýasatyny utgaşdyrmak Size nähili başardýar?
- Biziň köp ugurlarda gazanan netijelerimiz, bilelikdäki halkara taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda hut Türkmenistanyň Bitaraplygy bilen baglydyr. Men ykdysady hyzmatdaşlyga hiç haçan syýasy äheň bermändigimizi we bermeýändigimizi birnäçe gezek nygtadym. Şeýle garaýyş bize dürli ýurtlar, kompaniýalar, halkara guramalary we konsorsiumlary bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly, köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutulýan strategik ugry bolup galýar. Bu hyzmatdaşlyga biz ählumumy arkalaşykly hereket etmegiň häzirki zaman ulgamy hökmünde garaýarys. Mundan başga-da, bu hyzmatdaşlyk dünýäde parahatçylygy gorap saklamagyň we hemmeleriň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň hem-de howpsuzlyk ulgamynyň häzirki gurluşynyň durnukly bolmagynyň kepilidir.
Ekologiýa howpsuzlygy baradaky meseleler Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynda aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa ähli beýleki bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň şerti we ählumumy durnukly ösüşiň kepili bolup durýar.
Ekologiýa medeniýetiniň derejesi islendik jemgyýetiň ösüşiniň derejesini kesgitleýär. Sebäbi bu ulgamyň esasynda ynsan durmuşynyň gymmatlyklary baradaky düşünje, tebigy we medeni ösüşleriň sazlaşygy, ruhy maksatlar durýar. Bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Bu syýasat öz konsepsiýasynda döwletimiziň ahlak ýörelgelerini we ykdysady bähbitlerini özünde jemleýär.
Häzirki döwürde dünýädäki ykdysady ýagdaýa, onuň täze ösüş meýillerine ekologiýa meselelerini göz öňünde tutman seredip bolmaz. Turkmenistan halkara maslahatlarynyň münberinden öz ekologiýa başlangyçlaryny hut şu nukdaýnazardan öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda Braziliýada geçirilen howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ýokary derejedäki «Rio+20» Bütindünýä maslahatynda Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini Aşgabatda açmak baradaky tekliplerimizi görkezmek bolar. Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, sebitiň suw serişdelerini aýawly peýdalanmak we energetika pudagynda täze, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky teklipler hem şol başlangyçlara degişlidir.
Turkmenistan hut öz Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, köpçülikleýin tagallalary talap edýän şu we beýleki meseleler boýunça köptaraplaýyn halkara gepleşiklerinde araçynyň wezipesini öz üstüne almaga taýýardyr. Şu wezipäni birnäçe gezek üstünlikli ýerine ýetiren biziň döwletimiz öz daşary syýasatyny şeýle alyp barmagyň netijelidigini bireýýäm subut etdi. Bu ýörelge ýurdumyzyň halkara işlerinden çetleşdirilmegini däl-de, eýsem, olara işjeň çekilýändigini aňladýar. Şeýle hem ählumumy meseleler boýunça özara kabul edilip bilinjek çözgütler bilelikde gözlenende ýurdumyzyň parahatçylygy dörediji mümkinçiligini açyp görkezýär.
“Tokio Shimbun” gazetiniň Moskwa bölüminiň ýolbaşyysy Selji Hara:
-Turkmenistan hem, Ýaponiýa ýaly, gadymy medeniýeti we bay milli däp-dessurlary bolan ýurtdur. Size öz medeni gymmatlyklaryňyzy nesilden-nesle geçirmek däpleriňizi gorap saklamagyň we şol bir wagtyň özünde bolsa, häzirki döwrüň medeni ösüşiniň wehimlerine garşy durmagyň nähili başardýandygyny bilmek isleýärin?
-Milli mirasa daýanyp, nädip döwiir bilen aýakdaş gitmeli we geljege ynamly garamaly? Bu sowalyň jogabyny ýaponlaryň ählisi hem bilýändir diýip pikir edýärin. Däp-dessurlar we innowasiýalar ösüşiň iki tarapydyr. Olaryň biri bolmasa, beýlekisi hem bolmaýar. Jemgyýetçilik ähmiýetine eye bolan in gowy we peýdaly innowasiýalar wagtyň geçmegi bilen, däbe öwrülýär. Bu däplerde ozalky nesliň tejribesi hem-de ruhy gymmatlyklary kämilleşýär we saklanyp galýar. Islendik däbiň dowam etmegi onuň özüniň ösmegini, ýagny dine däbiň gaýtadan döremegini däl-de, eýsem, täzelenmegini, möhüm häsiýete eye bolmagyny hem göz öňünde tutýar.
Täzelik diňe ozalky gazanylan zatlaryň esasynda döredilýär. Biz muny Ýaponiýanyň mysalynda hem görýäris. Günbataryň hünärmenleri Ýaponiýanyň ykdysady gudratynyň syrlaryna düşünmäge synanyşýarlar. Bu meselede biz onuň düýp mazmunyna düşünmekde has ýakyn durýarys. Sebäbi biziň medeniýetlerimiziň esasynda meňzeş gymmatlyklar we filosofiki garaýyşlar durýar. Köp asyrlyk durmuş ýörelgelerine hormat goýmak, däp-dessurlaryňa ygrarlylyk hem-de öz Watanyňa buýsanmak biziň halklarymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Geň görünse-de, hut milli däpler we ýörelgeler dünýäniň in kuwwatly döwletleriniň biri bolan Ýaponiýanyň durmuşyndaky oňyn özgertmeleriň binýady bolup hyzmat edýär. Bu döwlet dine bir awtomobil hem-de maşyn gurluşygynda, awiakosmiki tehnikalary we elektronika enjamlaryny öndürmekde däl, eýsem, örän bay we özboluşly medeniýeti bolan öňdebaryjy ýurt hökmünde hem ykrar edildi.
Durmuşyň ähli ugurlaryny döwrebap ösdürmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, Turkmenistan hem dünýäniň medeni ösüşine öz goşandyny goşan ata-babalarymyzyň taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda bolup geçýän örän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeler döwletimiziň alyp barýan medeni syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Bu özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine almak bilen, diňe bir medeni baýlyklarymyzy gorap saklamaga we giňden ýaýmaga däl-de, eýsem, miras baradaky garaýşy has giňden düşündirmäge hem gönükdirilendir. Bu miras jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryna ýetmek üçin täze ideýalary medeniýete ornaşdyrmagy aňladýar.
Döwlet medeniýete birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç, ahlak hem-de estetiki ölçegler hökmünde garaýar. Medeniýet milleti we ýurdy ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde demokratik we durmuş özgertmeleriniň esasy bolup durýar. Ykdysadyýet jemgyýetiň ýaşamagyna goldaw bermelidir. Ýöne, jemgyýetiň ýaşamaga ukyply bolmagynyň maksady ykdysadyýeti ösdürmek däl-de, eýsem, şahsyýeti, onuň döretmek mümkinçiligini ösdürmekdir. Hut medeniýet bu ösüşe ýol açýar. Hut medeni däplerimiz, milli mirasymyz biziň üstünlikli öňe gitmegimiziň esasydyr. Şu meselede Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýollary örän ýakyndyr. Sebäbi bu ýollar däpleriň we innowasiýalaryň, geçmişiň hem-de häzirki döwrüň sazlaşygynyň ýollarydyr.
“Mainiсhi shimbun” gazetiniň habarçysy Hitosi Omae:
-Jenap Prezident, eger mümkin bolsa, Size şahsy häsiýetli sowal bermäge rugsat ediň. Siziň sport bilen işjeň meşgul bolýandygyňyzy, giň ylmy we döredijilik işini alyp barýandygyňyzy biz bilýäris. Bularyň ählisini köp taraply döwlet işiňiz bilen utgaşdyrmak Size nädip başardýar?
-Häzirki döwürde, elbetde, islendik adam wagtyň, aýratyn-da işden boş bolunýan wagtyň ýetmezçiligini bilýändir. Sebäbi biziň durmuşymyz şeýle. Şeýle ýagdaýda ýeke-täk çykalgany men işi örän anyk guramakda we berk tertip-düzgüni berjaý etmekde görýärin. Bu öz-özünden düşnüklidir diýip pikir edýärin.
Sebäbi beýleki adamlaryň işini guraýan islendik ýolbaşçy ilki öz işini guramagy başarmalydyr we zähmetsöýerligiň göreldesi bolmalydyr. Ýaponlarda bu ugurda köp sanly peýdaly we örän netijeli maslahatlar bar.
Şoňa görä-de, sport bilen yzygiderli meşgullanmak güýç-kuwwatyňy, pikirlenmek we tebigatyň gözelliklerine guwanmak, döredijilik güýçleriniň dikeltmäge kömek edýär. Meniň özüme atly gezim etmek we atlaryň ýanynda bolmak aýratyn şatlyk berýär.
Işe doly berilmek wagtyňy alman, eýsem, köp zada höwesiňi we işjeňligiňi artdyrýar. Men uly höwes bilen dürli ugurlar boýunça ylmy barlaglar, edebi is bilen meşgullanýaryn. Saz çalmagy, kitap okamagy halaýaryn... Şeýle pursatlar, seýrek bolsa-da, meniň üçin örän gymmatlydyr.
Öz ykbalyny maňa ynanan mähriban halkyma gulluk etmäge doly berilmek bilen, men bu belent ynama mynasyp bolmaga çalyşýaryn. Döwlet işi bilen meşgullanmaýan pursatlarymda hem ähli pikirlerim we kalbym halkym bilendir. Şoňa gorä-de, men öz wezipämi watandaşlarymyň asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde görýärin. Mähriban halkyma bolsa, zähmet çekmek we dynç almak üçin ähli mynasyp şertler döredilmelidir.
Duşuşygyň ahyrynda Ýaponiýanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Kotaro Osuki ýaponiýaly žurnalistleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp duşuşandygy we örän netijeli gürrüňdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we milli Liderimize Ýaponiýa boljak saparynda uly üstünlikler arzuw etdi.
Geçirilen netijeli söhbetdeşlik üçin ýapon žurnalistlerine minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň habar beriş serideleriniň wekillerine jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.

* * *