Ï Türkmenistan – BMG-niň Ösüş maksatnamasy: saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BMG-niň Ösüş maksatnamasy: saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 761
Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan iki günlük maslahat öz işine başlady.

Saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek babatda dünýä tejribesine bagyşlanan maslahatyň işine halkara bilermeni hökmünde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekili hanym Renata Lapti gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar we demokratik özgertmeler jähtinden abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar milli saýlaw tejribesinde netijeli ulanmak maksady bilen halkara tejribesini we standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda ýurdumyzda geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekdiler.