Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tikahito Haradany kabul etdi.
Ikiçäk duşuşykda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ilçi döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamlaryny ýetirdi. Olar türkmen Lideri bilen duşuşyga Tokioda sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu duşuşyk, gürrüňsiz, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen köp ýyllyk netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini we oňa taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde we milli bähbitleriň nazara alynmagy bilen guralýar.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany we Ýaponiýanyň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda täze kuwwatly depgine we many-mazmuna eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň okgunly häsiýetini bellediler.
Özara gyzyklanmany nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa boljak saparynyň hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny netijeli amala aşyrmak hem-de dürli ugurlarda, ilkinji nobatda söwda-ykdysady we ýangyç-energetiki ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ygtybarly esasy goýjakdygyna ynam bildirildi. Şol saparyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-ýapon gepleşikleri we ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklar hem-de işewürler maslahaty geçiriler. Munuň şeýledigine eýýäm ýapon tarapyndan Türkmenistanda polietilen, polipropilen, kükürt kislotasyny we beýleki senagat önümlerini öndürýän täze döwrebap zawodlarynyň gurluşygyna, şeýle hem geljegi uly bolan beýleki bilelikdäki taslamalara gatnaşmak babatda gelip gowşan işewürlik teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol taslamalar dostlukly ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.
Öz ýurdunyň işewür we maliýe toparlarynyň dünýäniň ähli künjeklerinden maýadarlaryň we kompaniýalaryň ýylsaýyn köp sanlysyny özüne çekýän Türkmenistan bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ilçi Tikahito Harada döwlet Baştutanymyza ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ony giňeltmegiň mümkin bolan ugurlaryny gözläp tapmaga, şol sanda dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklary we işewürleriň maslahatlaryny geçirmegiň hasabyna tapmaga berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem ysnyşykly medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam eder.
Türkmen topragynda bolup geçýän özgertmeleriň geriminiň örän giňdigini bellemek bilen, myhman milli Liderimize türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başy başlanýan ähli başlangyçlarda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýapon ilçisi hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen we ýapon halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da berkejekdigine berk ynam bildirdiler.