Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 729
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň 3-4-nji sentýabrda ýurdumyza boljak döwlet sapary bilen bagly geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäkt türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljeki ösüşine degişli meseleleriň birnäçesi giriziler. Şol gatnaşyklar bolsa mizemez dostluk däplerine hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, täze açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz artmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen bir hatarda, gumanitar gatnaşyklar, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça türkmenistanly talyplaryň köpsanlysy bilim alýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň baştutanynyň saparyna gabatlanylyp, “Galkynyş” gaz käninde önümçilik desgalar toplumy açylar. Bu desgalary ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabara Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhynyň öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belledi. Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, ol ençeme asyrlar öň biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrypdyr we täze taryhy eýýamda işjeň dikeldilýär.

Milli Liderimiz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Biz mundan beýläk hem ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň biziň ýurdumyza boljak saparynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bu gatnaşyklar ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerinde guralýar. Transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça bilelikdäki iri düzümleýin taslamanyň, şeýle hem dürli ulgamlarda amala aşyrylýan beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol turbageçiriji arkaly türkmen tebigy gazy Hytaýa iberilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýratyn nygtady hem-de döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň biziň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra ýene-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-13-nji sentýabynda Ýaponiýa boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sapar netijelilik, uzakmöhletleýinlik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahynany açar. Ýokary derejedäki türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şol resminamalar bolsa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de öslürilmegine kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň köpden bäri gatnaşyk edýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Ýaponiýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Ýaponiýa boljak sapara taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň biziň ýurdumyza saparyna gabatlanyp, “Galkynyş” gaz känindäki desgalary ulanmaga bermegiň dabarasyna taýýarlyk görmäge degişli jikme-jik maglumat berildi. Bellenip geçilişi ýaly, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy /CNPC/ tarapyndan bilelikde şu kände geçirilýän işleriň çäklerinde bu ýerde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodyň we beýleki önümçilik desgalaryň toplumynyň gurluşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykrar edilen energetika döwleti bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda öz energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtady, tebigy gazy çykarmagyň hem-de eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak, ony iri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm taraplary bolup durýar.

Energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrar, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky wezipeleri netijeli çözmäge ýardam eder, şol hyzmatdaşlygy bolsa Türkmenistan däp boýunça deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guraýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça özboluşly ýatagyny senagat taýdan işläp taýýarlamagyň ähmiýeti hakynda söz açyp, munuň özi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmäge kuwwatly itergi berer, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder diýip nygtady. Iň esasysy bolsa häzirki zaman senagat desgalarynyň toplumyny ulanmaga bermek hem-de käni mundan beýläk-de gurnamak ýüzlerçe täze iş orunlaryny döretmäge getirer, munuň özi bolsa öz nobatynda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere öňde boljak şanly waka bagyşlanan dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty diňlenildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň welaýata boljak saparyna taýýarlanan çäreleriň maksatnamasy barada jikme-jik hasabat berdi. Saparyň çäklerinde iki ýurduň Liderleri «Galkynyş» gaz käninde gurlan desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşar. Şeýle hem 5-nji sentýabrda täze desgalary açmak bilen bagly dabaralara görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek jähtinden “Galkynyş” gaz känindäki desgalar toplumynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. Ýurdumyzyň her bir welaýatynda häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki meýilnamalara laýyk gelýän döwrebap senagat düzüminiň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan durmuş we ykdysady taýdan okgunly ösmegini dowam edip, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirýär, ähli ulgamlarda ösüşi, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýän ägirt uly halkara we milli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň göz öňünde tutulan çäreleriň guramaçylyk meseleleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň kanunlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem 29-njy awgustda geçirilen milli parlamentiň ýigrimi birinji maslahatynyň jemleri hakynda habar berdi. Maslahatda Türkmenistanyň birnäçe kanunçylyk taslamalaryna we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garaldy we makullanyldy. Bellenilişi ýaly, ähli kanunlaryň taslamalary häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlary bilen baglylykda taýýarlanyldy hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna gabat gelýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berdi. Hususan-da, sentýabr aýynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistana boljak saparlarynyň maksatnamasy hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň giň gerimli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belläp, milli ykdysadyýeti we türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek täze kanunlary işläp taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ilat arasynda kanunlaryň many-mazmunyny we esasy wezipelerini düşündirmek boýunça işleri giňden alyp barmagyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň öňde boljak saparlary barada durup geçmek bilen, parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kanunçykarjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen paýtagtynda iki goňşy dostlukly ýurtlaryň parlamentarileri bilen duşuşyklaryň türkmen-gazak we türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm wakalary, täze taryhy döwrüň maksatlaryny we wezipelerini şöhlelendirmekde möhüm orun berilýän ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýer B.Nurmyradowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine R.Çaryýewi belläp, ony Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň salgyt edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseläni gozgady. Bu ulgamda kemçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe olary düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň orunbasary Ý.Baýramowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Hümmedowy belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi. 2013–2014-nji täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde geçirilen işler hasabatyň esasyny düzdi.

Ozal habar berlişi ýaly, biziň ýurdumyzda orta mekdepleriň 1760-sy, çagalar baglarynyň 927-si, orta hünärment mekdepleriniň 37-si, başlangyç hünärment mekdepleriniň 64-si we ýokary okuw mekdepleriniň 23-si hereket edýär. Garaşylyşy ýaly, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň 967 müň 500-si, şol sanda 1-nji synpa barjak çagalaryň 193 müň 200-si bilim alar. 1-nji synpyň okuwçylaryna ýörite okuw öwredýän we öwreniş maksatnamalary oturdylan netbuklar sowgat berler.

Umumybilim berýän mekdepleriň okuwyň on iki ýyllyk orta bilime geçmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, milli we dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalary işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Şunda okuw maksatnamasyna täze sapaklar—ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, düzgün-tertibiň medeniýeti (etika), habar beriş—kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelleşdirme we grafika dersleri girizildi.

Şeýle hem täze okuw ýylynda ýurdumyzyň raýat ýokary okuw mekdeplerine talyplaryň 6100-siniň, orta hünärment okuw mekdeplerine 6522 adamyň kabul edilendigi habar berildi. Başlangyç hünärment okuw mekdeplerine ýaşlaryň 30 müňüsini kabul etmek meýilleşdirilýär. 2-nji sentýabrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze orta mekdepleriň 7-siniň açylyş dabaralary geçiriler. Şeýle hem ähli ýerlerde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary guralar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda özgertmeleriň yzygiderli geçirilmegi bu ulgamy ýokary dünýä standartlarynyň derejesine çykarmak üçin oňat şertleri döretdi diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň Nebit we gaz uniwersitetine halkara derejesi berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory we prorektorlary wezipelerine ýolbaşçylary bellemek baradaky Permana we kararlara gol çekdi. Ýokary okuw mekdebiň rektory wezipesine M.Aşyrbaýew bellenildi.

Bu uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine E.Garryýew, ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bolsa H.Geldiýewi bellenildi.

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň täze bellenen ýolbaşçylaryna işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we beýleki jogapkär ýolbaşçylara ýüzlenip, olara täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerine we beýleki bilim edaralaryna baryp, şol ýerde geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýakynda gysga wagtlyk dynç alan döwründe «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň V tomuny ýazyp gutarandygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek dabaralara gatnaşýan ýolbaşçylara, bu täze kitaby ýokary okuw mekdeplerine döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat hökmünde gowşurmak barada tabşyryk berildi.

Mundan başga-da, wise-premýer B.Hojamuhammedowa Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna bu ýokary okuw mekdebiniň Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzalygyna kabul edilendigi baradaky güwanamany dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, ýakyn günlerde ýurdumyzda möhüm çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda güýz paslynyň ilkinji güni geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýöriş bolup, oňa türkmenistanlylaryň köp sanlysy gatnaşarlar diýip belledi. Watandaşlarymyz milli Liderimiziň köpçülikleýin welosiped sportuny ösdürmäge itergi berjek hem-de ekologiýa taýdan arassa ulagy wagyz etmek baradaky başlangyjyny uly höwes bilen goldadylar.

Welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň Aşgabatda döredilendigini häzir bilýänler azdyr. Bu jemgyýet şol wagt Ashabad diýlip atlandyrylan Aşgabat şäherinde 1894-nji ýylyň 5-nji aprelinde, ýagny 120 ýyla golaý mundan öň döredilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu jemgyýet döredilenden bir ýyl geçenden soň bolsa, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Bu ýaryş welosiped sporty boýunça geçirilýän ýaryşlaryň başyny başlaýar. Şol geçirilen ýaryşda ähli welosipedçileriň ýarysynyň zenanlar bolandygy aýratyn gyzyklydyr.

Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen adamlar ýurdumyzda köp wagtdan bäri meşgullanýar. Häzirki döwürde welosiped sporty berkarar döwletimizde täzeden durmuşa ornaşdyrylýar diýip, milli Liderimiz öňümizdäki ýekşenbe güni geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýene-de bir uly we möhüm ähmiýetli baýram  Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär hem-de täze okuw ýyly başlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Täze bilim özgertmeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýän döwründe bu baýram ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýär.

Mälim bolşy ýaly, 2013–2014-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi. Geçirýän bu bilim özgertmelerimiziň maksady ýaşlarymyza dünýä standartlaryna laýyklykda ýokary hilli bilim bermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary, olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny, mugallymlary we bilim ulgamynyň ähli işgärlerini täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, okuwda we işde uly üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji güni şu ýyl 2-nji sentýabra gabat gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli gutlag sözleri bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary bilen garşylandy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.