Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Nobatdaky mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, şeýle hem onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberlri harby özgertmeleriň barşy, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministliginde sekiz aýyň dowamynda durmuşa geçiren anyk işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna we onuň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly üns berýändigine garamazdan, Türkmenistan özüniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we sebitde häzirki döwürde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanmagynyň möhüm şertini üpjün edýän bitaraplyk derejesine ygrarlydyr diýip belledi.
Türkmenistanyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti bolan amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň üpjün edilmegine anyk gözegçiligi ýola goýmak boýunça möhüm wezipe ýüklenilen Milli howpsuzlyk ministrligi hut şu maksatlara gulluk edýär.
Ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de harby gullukçylaryň döwrebap gullugy we oňaýly ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bolan umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň kuwwatly daýanjy bolan milli goşunymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz birnäçe möhüm ugurlary, ilkinji nobatda bolsa ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi we kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyny, şeýle hem döwrebap gulluk hem-de doly derejeli ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegini öz içine alýan harby özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullygynyň başlygy A.Garaýyew ýurdumyzyň döwlet serhedinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem serhet düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýakynda ýurdumyzyň serhetlerinde neşe serişdeleriniň uly möçberiniň ele salnandygy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes çäklerini, halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni alyp barýan serhetçileriň netijeli gulluk etmekleri we oňaýly dynç alyş şertleriniň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň Watanymyzyň dostluk serhediniň eldegrilmesizligini üpjün edýän ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz neşe serişdelerini geçirýänleri saklamak we bu howply nägehany ele salmak çäresine gatnaşan merdana serhetçileri sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Ýurdumyzyň serhetçilerine örän möhüm wezipäniň degişlidigini bellemek bilen, Belent Serkerdebaşymyz olaryň döwlet serhedinde asudylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginde ygtybarly gulluk etmelidiklerini hem-de mähriban Watanymyzyň, halkymyzyň öňündäki mukaddes borjy birkemsiz ýerine ýetirmelidiklerini sargady.
Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow öz gezeginde milli Liderimize döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda durmuşa geçiren anyk çäreleri barada hasabat berdi.
Bu ugurda alnyp barylýan işleriň örän derwaýysdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, adam hakdaky alada döwletimiziň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda käbir bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini, düzümlerde berk düzgün-tertibiň ýola goýulmagynda nogsanlyklaryň bardygyny bellemek bilen, işde goýberen düýpli kemçilikleri we gulluk ýagdaýyny betnebislik maksatlary bilen peýdalanandygy üçin M.Garaýewiň Aşgabat şäheriniň prokurory, şeýle hem B.Altyýewiň gözegçilik edýän düzümlerinde kemçilikleriň ýüze çykmagyna ýol berendigi üçin milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ý.Ýazmyradowyň Türkmenistanyň Baş prokurory wezipelerinden boşadylýandygy hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary S.Durdyýewe berk käýinç yglan edilip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.
Soňra ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýewe söz berildi. Ol kazyýet edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we kazylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandymak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alyp barmak, kazyýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Hallyýewi Türkmenistany Baş prokurory wezipesine belläp, ony ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.
Jemgyýetçilik tertibiniň goragynda durýan Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijleri barada Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi. Hasabatda içeri işler ministrliginiň düzümlerinde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada habar berildi.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygynyň we tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Başutatynymyz düzgüni bozmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we onuň döwlet ösüşiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýandygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýewiň hasabaty diňlenildi. Ol öz gezeginde şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz kabul edilýän we güýje girizilýän kanunlaryň, şol sanda jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň hem-de geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň hasabyna köpçülige ýetirmek hem-de ony düşündirmek boýunça usullaryň kämilleşdirilmelidigini nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz B.Çaryýewi ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, onuň Adalat ministri wezipesinden boşadylýandygy hakyndaky Permana gol çekdi. Adalat ministri wezipesine bolsa B.Muhammedow bellenildi.
Özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyndan Türkmenistanyň serhedinden iki tarapa-da geçýän ýükleriň berk gözegçiliginiň üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu döwürde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we ulanylmagyna garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň çäklerinde durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň utgaşdyrylmagynyň örän möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň zyýany hakynda giňişleýin köpçülik işlerini geçirmegiň, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gullugyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi. Hasabatdan görnüşi ýaly, maglumatlar soňky ýyllarda Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň yzygiderli artmagynyň durnukly häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistana we ýurdumyzyň baý taryhyna, häzirki zamanda gazanýan üstünliklerine bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny alamatlandyrýan bu ýagdaýyň oňyn häsiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz gullugyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz E.Abdrasulowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky karara gol çekdi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine A.Atageldiýew bellenildi.
Ýerine ýetirilen işler we durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlary jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, bir maksada gulluk edýän düzümleriň jogapkärli wezipelere berk eýermeginiň, ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi üçin has amatly şertleri üpjün etmegiň zerurdygyny ýene bir gezek belledi.
Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem Watanymyzyň goragçylary we olaryň maşgalalary üçin amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan harby özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berjekdigini belledi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz şahsy düzümiň arasynda tertip-düzgüni güýçlendirmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, ýaşlaryň watansöýüjilik we mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin ýokary derejeli amatly şertleriň yzygiderli döredilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz öz borjuna wepaly gulluk edýän harby gullukçylaryň Watanymyzda gadyr-gymmatynyň belentdigini nygtady. Ak ýürekden gulluk etmegiň belent nusgasyny görkezýän harby gullukçylar belent abraýa eýe bolýarlar, olar biziň buýsanjymyzdyr, Watan şeýle gerçekleri depesine täç edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz mertleriň Watany beýgeldýändigini, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýändigini aýratyn nygtady.
Ýöne, gynansak-da, öz işine jogapkärli çemeleşmän, abraýdan düşýän hukuk goraýjylaryň ýüze çykýan halatlarynyň hem bolýandygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz şeýle adamlara biziň aramyzda ornuň ýokdugyny, her bir adamyň eden etmişine laýyk jogap bermeli bolýandygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gülläp ösüş ýoluna düşen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny goramak hem-de pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň eýwanynda neşe serişdelerini ele salmakda has tapawutlanan serhetçiler toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, biz gahrymançylykda, edermenlikde özüni dünýä tanadan, ady äleme ýaň salan beýik halkyň perzentleridiris diýip, söze başlady.
Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere eýerip, Watan üçin şirin janymyzy gaýgyrman, ýaşaýarys diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz golaýda ýurdumyzyň serhet çäklerinde edermen, merdana serhetçilerimiziň 1 tonnadan gowrak neşe serişdesini saklap, olaryň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni alandyklaryny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň has tapawutlanan serhetçileri sylaglamak hakyndaky Permanyny we Buýrugyny okady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdelerini ele salmak çäresinde has tapawutlanan serhetçilere “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly we ýadygärlik sowgat bolan goşar sagadyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu beýik sylagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň elinden alyp, serhetçiler mukaddes baýdagymyza tagzym edip, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepalylyk kasamyny aýtdylar.
Döwlet serhedinden bikanun geçirmäge synanyşylan neşe serişdelerini tutmagy başaran serhetçilere ýüzlenmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna böwet bolmak bilen, olar gahrymançylyk görkezdiler we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny goradydar hem döwletiniň we mähriban halkymyzyň howpsuzlygy üpjün etdiler, şol bir wagtyň özünde bolsa belent hormat-sarpa mynasyp boldular.
Garaşsyz Watanymyza hem-de halkymyza wepaly gulluklary üçin tüýs ýüreklen minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz harby kasama wepalylygyň beýik nusgasyny beýаn eden serhetçilere durmuşda we gullukda uly üstünlikler arzuw etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyzyň howpsuzlygyny. halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar diýip bellmeek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň asuda durmuşynyň goragynda gije-gündiz sak durýan Watanymyzyň edermen goragçylarynyň mertligi we gaýduwsyzlygy ösüp barýan ýaş nesiller üçin nusgalyk göreldedigini nygtady.
Esgerlere gulluklaynda üstünlik arzuw etmek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň baş wezipesiniň Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhedi bolup durýan çäklerini wepaly goramakdygyny belledi.
Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimize serhetçileriň gullugyna ýokary baha berendigi we mähriban Watanymyzyň serhetçileri üçin häzirki zaman gulluk we durmuş şertleriniň döredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara gatnaşýanlar Watançylyk kasamyny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Hormat-sylaga mynasyp bolan serhetçileriň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen ýadygärlik surata düşdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.