Ï Türkmenistanyň Prezidenti iri awtomobil sport kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iri awtomobil sport kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 706
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzkent” myhmanhanasyndaky kabulhanasynda “HF Grifone” kompaniýasyny esaslandyryjysy we onuň eýesi Fabrizio Tabatony hem-de “Speed Turcars” kompaniýasyny esaslandyryjysy Ýusuf Aramajy kabul etdi. Olar ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldiler.

Myhmanlar ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aşgabatda awtomobil sporty boýunça iri çäräniň geçirilmeginiň sportuň bu görnüşiniň meşhurdygynyň we işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine köpçülikleýin-bedenterbiýe sagaldyş hereketini hem-de sportuň ýokary gazananlaryny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet işiniň möhüm bölegi hökmünde garalýandygyny we onuň milletiň saglygynyň berkidilmegine, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesilleri kemala getirilmegine gönükdirilendigini nygtady. Awtomobil sportuny işjeň ösdürmek maksady bilen, biz ýurdumyzda awtomobil sporty boýunça Milli merkezi döretdik we awtosürüjilerimizi iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ugradýarys, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine mundan buýana-da hemmetaraplaýyn ýardam bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Gürrüňdeşligiň barşynda myhmanlar Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini nygtadylar we sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem olar awtomobil sportuny üstünlikli ösdürmek, ýokary derejeli awtosürüjileri taýýarlamak üçin amatly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Türk we italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda döwletiň yzygiderli alada edýändiginiň aýdyň subutnamasynga öwrülen ägirt uly özgertmeleriň netijelerine haýran galandyklaryny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen sportunyň bu geljegi uly ugrunda ýygjam hem-de netijeli gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdiler.