Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 898
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy we “Katýuşa” Dünýä Turunyň baş menejeri, üç gezek olimpiýa çempiony we köp gezek dünýä çempony W.Ekimowy kabul etdi. Olar welosiped sporty boýunça iri halkara ýaryşlarynyň we baýrak eýeleri bolan Russiýanyň belli türgenler topary bilen Aşgabada geldiler.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza iri sport çäresi bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu çäre ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde türkmen paýtagtynda guralýar. Şeýle hem Igor Makarow günden-günden öz keşbini üýtgedýän we dünýäniň owadan şäherleriniň hataryna goşulýan Aşgabada nobatdaky gezek gelýändigine şatdygyny belledi.

Ýurtda welosiped spotuny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň möçberlerine haýran galýandygyny bellemek bilen, işewür munuň özi türkmen döwletiniň baştutanynyň milletiň saglygy hakynda edýän çuňňur aladasynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda geçirilýän sport çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen russiýaly türgenler toparynyň hatarynda olimpiýa ýaryşlarynyň we beýleki abraýly bäsleşikleriň birnäçe gezek çempiony bolan we dünýä rekordyny täzelän türgenleriň bardygy, olaryň köpüsiniň Türkmenistanda önüp ösendiklerini hem-de türgenleriniň taryhy Watanynda gazynylýan ägirt uly üstünliklere buýsanýandyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda köpçülikleýin –sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda 2011-2020-njy ýyllarda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de goldamak baradaky Milli maksatnamany” durmuşa geçirmegň çäklerinde ýurdumyzda “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasynyň” kabul edilendigini we Milli welosiped sportunyň tehniki merkeziniň döredilendigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda we bu pudakdaky mümkin bolan taslamalarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara mundan beýläk-de taýýardyklaryny tassykladylar.