Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy Metin Çekeri we Wolkan Akademiýasyny esaslandyryjy, "Volkicar" kysymly ýaryş awtomobilini döreden Wolkan Işigi kabul etdi. Olar Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilýän sport çärelerine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
Myhmanlar mähirli kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, iri möçberli özgertmeler we giň göwrümli maksatnamalaryň amala aşyrylýan ýurt bolan Türkmenistana gelip görmäge şatdygyny bellediler. Türkmen topragynda bolmak bilen biz bu özgertmeleriň adamlaryň durmuşyna nähili täsir edendigine göz ýetirdik. Türkiýeli myhmanlaryň belleýşi ýaly, olar türkmen döwletiniň Baştutanynyň täzeçillik syýasatyny uly buýsanç we gyzyklanma bilen kabul edýärler. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenberbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeler sportuny, şol sanda awtomobil sportuny ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Häzirki zaman sporty halklary we ýurtlary birleşdirýär, dürli döwletleriň arasyndaky berk dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda in bir çeýe diplomatiýadan hem güýçli gural hökmünde öňe çykýar. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz ediji hökmünde çagalykdan başlap awtomobil sürmek bilen meşgullanýandygyny belläp, Wolkan Işik tarapyndan döredilen "Volkicar" kysymly ýaryş awtomobiliniň tehniki häsiýetleri bilen gyzyklandy.
Awtomobil ýaryşy boýunça türgeniň belleýşi ýaly, "Volkicar" kysymly awtomobil — bu tejribeli sürüjileriň hem, öwrenje sürüjileriň hem erk edip biljek Türkiýede döredilen ilkinji ýaryş awtoulagydyr. Bu awtomobiliň 115 at güýji bolan Yamaha hereketlendirijisi bolup, liniýa transmissiýasy, agramy bary- ýogy 530 kg we yzky herekete getirijisi bardyr.
Eger-de awtomobil sporty bilen meşgullanýan adam özüni ýokary derejedäki ýaryşlara gatnaşmak maksadyna baglamasa-da, şu usulyýet boýunça geçirilýän türgenleşiklerde alan tälimleri oňa dine bir awtomobili bir kemsiz hem-de howpsuz endiklerini ele almakda däl-de adaty durmuşda we işinde hem kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Turkmenistan sportuň in bir çylşyrymly we intellektual görnüşi diýilip hasap edilýän awtomobil sportuny ösdürmek boýunça milli mekdebi döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Sebäbi zehinden, gara güýçden, çydamlylykdan we ünslülikden başga-da sürüjiden ähli ukybyňy bir ýere jemlemek, fizikanyň, matematikanyň we geometriýanyň kanunlaryna düşünmek, bolaýjak ýagdaýlary öňünden duýmak ukyby, toparda işlemek başarnygy we başga-da köp sanly möhüm tärleri özleşdirmek talap edilýär. Ýaryşyň örän dartgynly şertlerinde, haçan-da sekundyň ondan, ýüzden we hatda müňden bir bölegi ugrunda hasap gidýärkä awtotürgen sowukganlylygy saklap, hemişe ýoldaky ýagdaýa oňat göz ýetirip, oýlanyşykly çözgütleri kabul etmelidir.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar gumanitar ulgamda, şol sanda sport hyzmatdaşlygynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar. Bu bolsa özara düşünişmegi we iki doganlyk halkyň arasyndaky ynamy pugtalandyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşmak bilen türk myhmanlaryna awtomobil sportuny ösdürmek boýunça türkmen-türk gatnaşyklarynda täze tapgyr boljak awtomobil ýaryşlarynda şowly çykyş etmegi arzuw etdi.