Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtoulag birleşiginiň hormatly baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtoulag birleşiginiň hormatly baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 695
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtoulag birleşiginiň (IRU) hormatly baş sekretary Martin Marmini kabul etdi.

Myhman 1-nji sentýabrda badalga alýan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygynyň çäklerinde ýurdumyzda geçiriljek çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň azalmagyna ýardam edýän şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi ilatyň ýol hereketiniň howpsuzlygy meseleleri babatynda habardarlyk derejesini artdyrmakda örän möhümdir we Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan geçirilýän öňden görüjilikli syýasatyň merkezinde “ynsanperwerlik ölçeglerini” goýulmagynyň ileri tutulýanlygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany gutlap, häzirki zaman Türkmenistanynyň durmuşa ugrukdyrylan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge iň jogapkärli çemeleşmäni öňe sürýändigini belledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen durmuş ähmiýetli çäreler yzygiderli ýagdýada geçirilýär. Olaryň hatarynda 1-30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” şygar bilen geçiriljek ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy bar.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy, şol sanda Türkmenistanda sebit we yklymüsti ähmiýeti bolan häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen halkara taslamalaryny amala aşyrmaga degişli meseleler boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň geografiýa týadan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynda möhüm üstaşyr-ulag geçiriji merkeze öwürlmegine oňyn şertler döredýär. Bu mümkinçilikleri peýdalanmak üçin ýurdumyzda ulag gatnawynyň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, ýokary tizlikli täze gara ýollar, häzirki zaman demir ýollary, Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz porty gurulýar, täze uçar gatnawlary açylýar.

Şunda şeýle hem ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, şunuň bilen birlikde dürli ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti bellenildi. Bu bolsa Türkmenistanyň okgunly ykdysady ösüş depginleri we onuň ýokary halkara abraýy bilen şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasyndaky hyzmatdyşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu bolsa ählumumy durnukly ösüşiň, abadançylygyň we parahatçylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.