Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow müňlerçe watandaşlarymyz bilen ýurdumyzda sagaldyş hereketine, welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýle hem täze ekologik aň-düşünjäniň tassyk edilmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyna uly goşandyň aýdyň subutnamasyna öwrülen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, şeýle giň möçberli çäre sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, bu ugurda şahsy görelde görkezýän döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Milli Liderimiziň işiniň köpdügine, wagtynyň çäklidigine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýandygyny biz bilýäris. Sport bilen yzygiderli türgenleşmek adamyny diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkinlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk duýgusynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesilleriň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegine hem-de onuň maksada okgunly, uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama esasynda işjeň häsiýete eýe bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda birnäçe anyk we yzygiderli çäreler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda umumymilli Spardakidalaryň, sportuň durüli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we sport ulgamynyň maddy-enjamlaýn binýalynyň yzygiderdi pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň meşhur görnüşleriniň biriniň sazlaşykly ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ilat köpçüliginiň welosiped sporty bilen köpçülikleýin meşgullanmagyna gönükdirilen “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen mejlisinde bu resminama gol çekmek bilen, 1-nji sentýabrda köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen badalga berilmeginde, ýurdumyzda ýol hereketi howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmegi teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bu çäre ynsan saglygynyň berkidilmegini, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini we welosiped sportunyň has-da ösdürilmegini şertlendirer. Çünki şeýle sport baýramçylyklaryna gatnaşýanlar sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşmäge girişýärler. Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýeti bilen wagtyň peýdaly geçirilmegini we bu ugruň wagyz edilmegini bir ýere jemleýän oňyn netijä eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň bu çärä gatnaşmagy diňe şu günki wakanyň däl, eýsem milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň derejesiniň belentdigini alamatlandyrdy. Munuň özi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň emele gelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Milli Liderimiziň welosipedli ýörişi geçirmek baradaky başlangyjy ähli türkmenistanlylar tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Şeýlelikde, bu köpçülikleýin çäräniň taýýarlyk işlerine halkymyz işjeň goşuldy. Köpçülikleýin ýörişiň öňüsyrasynda her hepdäniň ýekşenbe güni tälimçileriň halypalyk etmeginde welosiped sportunyň türgenleşikleri ýaýbaňlandyryldy. Şol günlerde dürli ýaşdaky adamlary welosipedli ýörişiň geçirilýän ýerinde görmek bolýar. Oňa oglanlar we gyzlar bilen bir hatarda uly ýaşly adamlar hem höwes bilen gatnaşdylar. Şeýlelikde, sportuň bu görnüşine höwes bildirýänleriň sany barha artdy. Munuň özi asylly başlangyjyň goldanylmagy bilen bir hatarda onuň giň seslenmä eýe bolýandygyny we çärä köp sanly adamlaryň goşulandygyny hem-de welosipedli ýörişiň iň bir özüne çekiji çärä öwrülendigini alamatlandyrdy.
... Ine, şol garaşylan gün hem gelip ýetdi. Şu gün ir säher bilen paýtagtymyzyň ilaty we beýleki müňlerçe adamlar Giňdiwaryň etegindäki gözel künjekleriň birine ýygnandylar. Çandybil we Köpetdag şaýollarynyň çatrygyndaky badalga ýygnanyşan welosipedçileriň belent ruhy bu çärä gatnaşmaga bolan höwesiň alamatyna öwrüldi. Bu ýerden ak mermere beslenen Aşgabadyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär.
Bu günki çärä gatnaşmak üçin bu ýere ýygnananlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bar. Çärä gatnaşyjylaryň belent ruhy, keýpiçaglylygy güýzüň ilkinji gününiň säheriniň hoştaplygy bilen ýakymly sazlaşýar.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berilýän ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Sport baýramçylygyna gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Ähli zat welosipedli ýörişiň başlanmagyna taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi we göni hatarlara düzülen welosipedçileriň başyny çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden bolan hatarlar ýola düşdüler. “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň we Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti I.Makarowyň ýolbaşçylygyndaky düýn Welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin biziň paýtagtymyza gelen sport baýramçylygynyň hormatly myhmanlary hem bar. Olaryň hatarynda dünýä belli türgenler, olimpiýa we dünýä çempionlary, welosiped sporty boýunça iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri bar. Toparyň agzalarynyň arasynda üç gezek olimpiýa çempiony, “Katýuşa” Dünýä Turunyň toparynyň baş menejeri Wýaçeslaw Ýekimow, olimpiýa çempiony we köp gezek dünýä çempionyny Waleriý Mowçan, welosiped sporty boýunça dünýä ýaryşynyň ýeňijisi Sergeý Uslamin, şeýle hem beýleki meşhur türgenler bar. Olar dünýä sportunyň taryhyna aýdyň sahypalary ýazdylar. Olaryň birnäçesiniň Türkmenistanda önüp-ösendigi hem-de şu ýerde sport bilen meşgullanyp başlandygy baradaky maglumat has-da ýakymly bolsa gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde biziň ýurdumyzda welosiped sportunyň ösüş taryhy hakynda gyzykly maglumat aýtdy. Sportuň bu görnüşiniň biziň ýurdumyzda 120 ýyllyk taryhy bar. Ol gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Jemgyýet döredilenden bir ýyl geçensoň, welosipedçileriň ilkinji bäsleşigi guralýar. Şol hem welosiped sportunyň ösüiniň başyny başlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen sportuň bu görnüşi täzeden dikeldilýär.
Biziň ýurdumyzyň myhmanlary, halkara derejeli meşhur türgenler öz taryhy watanlarynyň gazanan ägirt uly üstünliklerine, mermer paýtagtymyzyň okgunly ösüşine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Olar häzirki zaman Aşgabadyň gözelliginden, bu günki giň möçberli sport baýramçylygynyň geriminden, dünýäniň iri sport çäresine mynasyp derejesinden galan täsirlerini öwran-öwran gaýtalaýarlar.
Welosipedli ýöriş dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň durmuşy, sport we ekologiýa ýörelgeleriniň giňden goldaw tapmagy mynasybetli geçirilýändigini bellän myhmanlar şunuň ýaly köpçülikleýin we örän guramaçylykly, şol bir wagtyň özünde bolsa belent ruha beslenen çäräniň geçirilen ýerini görmändiklerini aýdýarlar. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, çärä gatnaşyjylaryň hemmesi agzybirlikde, göni hatarlarda we her toparyň özüne mahsus lybaslarda geçýändiklerine haýran galdylar.
Säheriň sergin şepalynda ruhuňy göteriji tämizlik. Şu pursatda welosipedli ýörişe gatnaşyjylar özleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere dahyllydyklaryna buýsandylar. Olaryň durmuşymyzy has-da gowulandyrmak, onuň many-mazmunyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly işlere goşant goşmaga bolan meýilleri bir bitewi maksada baglanyşdyrýar.
Paýtagtymyzyň owadan şaýollaryndan barýan welosipedçileriň göni hatarlary, hakykatdan-da, örän owadan boldy. Şaýoluň iki tarapyndaky ak mermere beslenen ajaýyp desgalar özleriniň binagärlik keşbi we göezelligi bilen ýurdumyzyň baş şäherine özboluşly öwüşin berýär. Şaýoluň ugrundaky gelşikli yşyklandyryjlar. Suw çüwdürimleri, gök zolaklar we owadan güller gaýtalanmajak gözelligi, adam elinden kemala gelen keşbi bilen görenleriň ruhuny göterär. Bu bolsa welosipedoi ýörişe gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Welosipedçileriň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň toparlarynyň wekilleri bar. Olaryň hersi bir topary emele getirp, degişli lybaslar bilen üpjün edildi. Zähmetkeşler toparynyň yzysüre ýkoary okuw mekdepleriniň köp sanly talyplary we okuwçylar welosipedli ýörişi dowam etdiler. Olar üçin bu gün aýratyn baýramçylyk. Çünki ýaşlygyň, sagdynlygyň güýjüni alamatlandyrýan sport çäresi bilen täze okuw ýyly utgaşyp geldi. Bu şatlyk olara okuw döwründe özboluşly kuwwat, maksada okgunlylyk eçiler.
Dürli öwüşginli, birmeňzeş lybasly welosipedçiler toparlary Çandybil şaýolundan Bitarap Türkmenistan şaýoluna öwrüldiler we ekologiýa taýdan abadançylygy şertlendirýän ulag bolan welosipedlere atlanan toparlar paýtagtymyzyň merkezine tarap gönükdiler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet münberi ýerleşýän merkezi meýdança geldi. Bu ýerde milli Liderimizi we ähli welosipedli ýörişe gatnaşyjylary köp sanly aşgabatlylar, ýaşlar, hormatly ýaşulular şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralary, bu çäräniň taryhy ähmiýeti adamlarda uly täsir galdyrdy we özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy milli Liderimiziň ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi ugrunda edýän tagallasynyň oňyn netije berýändigini alamatlandyrdy.
Bu ýerde münberiň öňündäki meýdançada dabaraly welosipedli ýöriş boldy. Çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda özboluşly lybaslara beslenen toparlar hatar gurap geçdiler we dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
... Döwlet Baştutanymyz münberiň öňündäki meýdança barýar. Bu ýerde ýurdumyzyň ussat türgenleri, dürli halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolanlar we baýrak eýeleri ýygnandylar. Türkmen türgenleriniň gazanýan beýik üstünilklerini alamatlandyrýan dürli baýraklar we medallar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sportuň ösdürilmegne, onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna hem-de olaryň ussatlygynyň ýokarlanmagyna berýän ägirt ünsüniň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz türgenler bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň hal-ýagdaýy, dürli derejeli ýaryşlara görýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy. Türgenler öz gezeginde sportuň ösdürilmegine gönükdirilen asylly başlangyçlary we çuňňur aladasy üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz türgenleriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygjrlik surata düşdi. Munuň özi ýurdumyzyň sport senenamasynyň ýyl ýazgysyna altyn sahypa bolup girer.
Milli Liderimiz bu günki sport baýramçylygyna gatnaşýan paýtagtymyzyň sungat mekdebiniň akkordeonçylarynyň ýanyna bardy we ýaşajyk artistler gürrüňdeş bolde hem-de olaryň geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. Ýaş zehinler döredijilik ösüşine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyň nyşany hökmünde baýramçylyga bagyşlan sazy ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň çalan sazyny höwes bilen diňläp, ýaşajyk sazandalaryň her birine täze akkordeon sowgat berdi. Olar şa serpaýy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, täze akkordeonda ajaýyp sazy ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz bilen ýadygärlik surata düşen ýaş zehinler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirkizaman ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almak, zehiniňi, döredijilik ukybyňy açyp görkezmek üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdylar we onuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine geçip, dabaraly welosipedli ýörişe gatnaşyjylary gutlady.
Meýdançada welosipedçileriň yzysüre ajaýyp baýramçylyk hatarlary dowam etdi. Bu ýerde ýörite welo-faetonlara atlanan ýaşulular, eneler, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri şu günki sport baýramçylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini wasp etdiler.
Owadan hatarlardaky döredijilik işgärleriniň çykyşlary belent owaza beslenip, halkymyzyň ruhuny göterdi we sport çäreleriniň has-da belende galýandygyny äşgär etdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy milli Liderimize şahyrana setirler bagyşlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli çykyşlar we belent ruha beslenen dabaraly ýörişler üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
... Şu gün sagdynlygyň we bagtyýarlygyň çeşmesini alamatlandyran baýramçylyk diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi. Beden we ruhy taýdan kämillige bolan meýiller Türkmenistan boýunça sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlarynyň şäherleriň köçelerine we ýollaryna çykyp, welosipedli ýörişi amala aşyrmagy şertlendirdi. Milli Liderimiziň “Türkmenistan” sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”diýen başlangyjyna eýerip, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini amala aşyranlaryň sany 30 müňden aşdy. Hasaplamalara görä, Aşgabatda welosipeldi ýörişe gatnaşanlaryň sany 15 müň töweregi boldy. Şonça mukdardaky welosipedçiler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýörişi amala aşyrdylar.
Şeýle hem şu gün köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen bir hatarda welosiped sporty boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Oňa sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Aýdylyşy ýaly, şeýle bäsleşiklerde ýeňilenler bolmaýar. Çünki asylly ýörelgä eýerýänleriň hemmesi ýeňijilerdir. Şeýle-de bolsa şu günki guralan ýaryşlaryň ýeňijilerini belläp geçmeli.
Şeýlelikde, ýokary derejeli ussat türgenleriň arasynda guralan ýaryşda birinji orna Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgeni W.Kutuzow mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ýaryşyň menzili uzagrak boldy. Onda ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekili E.Rahmatullaýew ýeňiji boldy. Talyp ýaşlaryň arasynda guralan bäsleşikde bolsa Türkmenistanyň Milli sport we syýyhatçylyk institutynyň talyby M.Babaýew birinji gelmegi başardy.
Şeýle hem köpçülikleiýn welosipedli ýöriş we ýaryş mahalynda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmekde degişli gulluklaryň sazlaşykly işini we ýokary guramaçylyk derejesini bellemek zerurdyr.
Biraz wagtdan paýtagtymyzda guralýan dabaralar Aşgabadyň demirgazyk künjeginde dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ol ýerde Türkmenistanyň Sport-ulag merkeziniň açylmagy we biziň ýurdumyzda ilkinji awtomobil sporty boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionaty mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşdy.
Dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Şeýle hem bu ýere ýygnananlaryň arasynda Halkara awtomobil federasiýasynyň, iri awtomobil sporty kompaniýalarynyň ýolbaşçylary awtomobil sportuna degişli beýleki guramalaryň hem-de Halkara awtoulag birleşiginiň wekilleri we ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen köp sanly myhmanlar, talyp ýaşlar bar.
Sport awtomobilini sürüjiniň lybasyndaky ýetginjekler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurdylar. Şol pursatda merkeziň meýdançasynda joşgünly aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda sportuň ýokary gazananlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy ýetirildi. Şeýle hem belentden ýaňlanan aýdymlarda ýurdumyzda beýik özgertmeleriň başyny başlaýjy milli Liderimize alkyş sözleri giňden beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Halkara awtomobil federasiýasynyň baştutany Žan Todt Sport-ulag merkeziniň baş girelgesine tarap barýarlar we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagy kesilýär. Paýtagtymyzyň sport düzüminiň üstüni ýetiren täze desga dabaraly ýagdaýda açylýar.
Milli Liderimiz we dabara gatnaşyjylar merkeziň çägine girýärler. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz sport toplumy, onda ýaryşlary, türgenleriň taýýarlyklaryny guramak üçin döredilen şertler, inžener-tehniki we beýleki ugurdaş desgalar bilen tanyşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz merkez bilen tanyşlygyň barşynda onuň sport- baryna barýar. Bu ýerde täze toplumyň açylyşy mynasybetli milli tagamlaryň we beýleki birnäçe süýji önümleriň örän köp görnüşi hödürlenýär. Esasan-da, sport ulaglarynyň şekilleri we milli şaý-seplerimiziň görnüşleri janlandyrylan tortlar we süýjülik önümleri dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Bu ýerde milli Liderimizi ajaýyp döwrüň bagtyýar çagalary özleriniň goşgy setirleri, şadyýan aýdymlary bilen garşyladylar. Olar milli Liderimize toplumyň aýratynlyklary, onda oturdylan tehnologiýalar barada höwes bilen gürrüň berdiler.
Sport – baryň gapdalyndaky oýun attraksionlarynyň başyndaky çagalar sport ulaglarynyň ýaryşlaryny guraýarlar. Şeýle hem bu ýerde “Volkicar” –sport awtomobiliniň oýun görnüşi goýlupdyr. Onuň başyna geçen ýaşajyk sürüji otarun ýerinden ýokary tizligiň ähli duýgusyny başyndan geçirýär. Onuň başyna geçip ulagy dolandyrmak her bir oglanjygyň arzuwy bolsa gerek. Hut şonuň üçin bu künjegiň paýtagtymyzda ýaşaýan çagalaryň söýgüli ýerine öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Bu ýerde ähli çagalaryň adyndan körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini üpjün edýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň daşyna çykdy. Ol ýerde sürüjisiz sport awtoulagynyň bir görnüşi görkezildi. Ulag ýörite enjam arkaly dolandyrylýar. Bu günki çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň tagallasysy bilen ähli zerur şertler bilen üpjün edilen täze merkeziň iň kämil tehnikalar bilen üpjün edilendigini belläp, munuň özi dünýä derejesine laýyk gelýändigini nygtadylar. Milli Liderimiz bu ulagyň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy we merkeziň sport ulaglary saklanýan bölümine bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport maşynlarynyň görnüşleri we tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde sport ulaglarynyň “Volkicar”, “Renault”, “Mitsubishi Lanсer” görnüşleri goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bar bolan sport ulaglarynyň häsiýetli aýratynlyklary, olary öndürijileriň tejribeleri bilen içgin gyzyklandy. Milli Liderimiz bu ýerde goýlan ulaglaryň her biri bilen jikme-jik tanşyp, olaryň ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwletimiziň awtomobil sportunyň ösdürilmegi, sport ulaglarynyň üstüniň täze görnüşli sport ulaglary bilen ýetirilmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Bu ýerde guralan dabaraly çäreleriň barşynda şu günki çärä gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Italiýanyň sport awtoulaglaryny öndürýän “”HF Grifone” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Fabrizio Tabaton milli Liderimize “Alfa Romeo Gulietta” awtoulagynyň açaryny we degişli resminamalaryny gowşurdy.
Sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidetimiz täze awtoulaglaryň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenler we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm şerti üpjün etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem bu pudagyň ähli şahsy düzümleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza awtomobil sporty boýunça türgeniň ýörite lybasy gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz 7 belgili sport ulagynyň başyna geçip, ony herekete girzdi. Döwlet Baştutanymyz awtomobil bilen bir aýlaw edip, ony gyzdyrdy we ýaryşa badalga berilýän ýerinde gelip saklandy.
Şu pursatda türkmen sportuny we täze taryhy eýýamyny wasp edýän aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşyjlaryň şowhuny bilen sazyň utgaşyklygy emele gelip, ýokary tizlikli awtoulaglarda bäsleşikleriň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
Bu günki çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiziň awtoulagy bäsleşik geçirilýän ýere bardy. 7 belgili “Alfa Romeo” sport ulagynyň başyna geçen hormatly Prezidentimiz ýaryşa taýýardygyny mälim etdi. Ýarym ýyl gowrak mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan bäsleşiklerde hut şu belgiden çykyş edip, ussatlyk görkezendigini bellemeli. Ýetginjek ýyllaryndan awtomobil sporty bilen işjeň meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşan döwlet Baştutanymyz şol gezek hem 7 belgili awtoulagda çykyş etdi.
Şeýlelikde “Alfa Romeo” derejesindäki bäsleşikleriň ilkinjisine badalga berilýär. Ol ýurdumyza täze gurlan Sport-ulag merkezinde guralýan ilkinji ýaryşdyr. Ýarşyşyň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ulag bolup, umumy uzynlygy 2340 metre barabar bolan aralyk boýunça üç öwrüm ederler.
7 belgili sport awtoulagynyň ýany bilen bäsleşik ýodasyna 4-nji belgili ulag çykýar. Oňa Ýewgeniý Galinni erk edýär.
Bäsleşige gatnaşýanlar ýaryş ýodasynda bir öwrüm edip, ulaglary gyzdyrýarlar we olaryň taýýarlygyny, durnuklylygyny we beýleki ýagdaýlaryny gözden geçirýärler. Şeýlelik bilen ýaryşlaryň badalga berilmegine sanalgyja sekuntlar galýar. Tomaşaçylaryň şowhuny dik asmana göterilýär.
Ine-de, bäsleşige badalga berildi. Sport awtomobilleri ýerinden tizlik bilen gozganyp, okgunlylyk bilen menzil aşyp başlaýarlar. Tomaşaçylar bu bäsleşiklere uly üns bilen syn edýärler. Ýaýdan sypan ok ýaly atylyp barýan ulaglaryň motorlarynyň sesleri töweregi gaplap alýarlar we tomaşaçylaryň tolgunmalaryny artdyryp, ýatdan çykmajak pursatlary emele getirýärler. Ine-de, 4-nji belgili ulag öňe saýlanýar. Hemmeler bu görnüşe gözüni aýryman syn edýärler. Ýöne ol öňe gidip bilmeýär. 7-nji belgili ulag arany ýygyrýar. Her öwrümde olaryň tizligi ýokarlanýar. Bäsleşigi alyp baryjynyň sesi adamlaryň tolgunmasynyň üstüni ýetirýär Şu pursatlar 7 belgili ulag öňe saýlanýar we garşydyşyndan arany açyp başlaýar.
Mälim bolşy ýaly, ýetginjeklik ýyllaryndan awtomobil sporty bilen gyzyklanýan milli liderimiz dürli görnüşli ýaryş ulaglarynda öz ussatlygyny görkezip, ýokary derejeli awtosürüjidigini ykrar etdi. Bu gezek hem şeýle boldy. Döwlet Baştutanymyz “Alfa Romeo” ulagyna ynamly erk etmek bilen, ýokary derejeli awto sürüji bilen bäsleşikde özüniň sport ulagyny sürmäge bolan ukybyny, çylşyrymly öwrümlerde ulaga erk etmegiň ussatlygyny, şeýle hem kötel öwrümlere giriş, çykyş usullaryny anyk ýerine ýetirmegiň tärlerini ýene bir ýola äşgär etdi.
Awtoulaglar örän ýokary tizlikde bäsleşik ýolunyň pellehanasyna geldiler. Sport ulagyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji belgili “Alfa Romeoda” ynamly ýeňiş gazandy. Milli Liderimiz bellenilen aralygy 1 minut 46,50 sekuntda geçmegi başardy.
Ýaryş tamamlananda, münberde oturan tomaşaçylaryň şowhunlary, el çarpyşmalary has-da belent boldy. Olar ör turup, tejribeli awtosürüjiniň ýokary ussatlygyny hem-de maksada okgunlylygyny görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra “Volkicar” awtoulaglarynda ýaryşlara badalga berildi. Onuň şertine görä, umumy uzynlygy 5 müň 40 metr bolan aralyk boýunça 6 ulag üç aýlaw etdi. Bu ýaryşlar hem örän çekeleşikli we ýokary tizlikde geçdi. Sürüjiler ulaglaryň tizligini hatda öwrüm mahalynda hem peseltmediler. Munuň özi ýaryşlara tomaşa edýänlerde örän uly täsir galdyrdy.
Şeýlelikde, ýaryşyň menzili ortadan aganda käbir ulaglar öňe saýlanyp başlandy we olar öz aralarynda Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça çempionatynyň hormat münberinde orun almak ugrunda bäsleşdiler.
Bu bäsleşiklerden soň karting boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa hem sürüjileriň 6-sy gatnaşyp, 4750 metr aralykdan bäsleşdiler. Olar ýaryş ýodasynda 5 öwrüm etdiler.
Bäsleşikler tamamlanan soň, dabaraly ýagdaýda olaryň jemi jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.
Halkara awtomobil federasiýasynyň baştutany jenap Žan Todtuň çykyşy bilen baýrak bermek dabarasy başlandy. Ol öi bilen Türkmenistanyň Sport-ulag merkezine halkara derejäniň beilýändigini yglan etdi. Ol bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli sertifikaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurdy.
Soňra jenap Žan Todt “Alfa Romeo Gulietta” bäsleşikleriniň ýeňijilerine baýraklary gowşurdy. Onda baýrakly üçünji orun Aýmyrat Janalyýewe nesip etdi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 47 sekuntda geçmegi başardy. Türkmenistanda belli sürüji Rejep Meläýew bu aralyga 1 minut 46,70 sekunt sarp edip, ikinji orny eýeledi. Dabarany alyp baryjynyň yglan etmeginde ýaryşyň birinji ornuna mynasyp bolan ýeňiji belli boldy. Bu ýaryşyň birinji ornuna hormatly Prezidentimiz mynasyp boldy. Milli Liderimiz bu aralygy 1 minut 46,50 sekuntda geçdi we tomaşaçylaryň şowhuny, el çarpyşmalary astynda baş baýragyň eýesi boldy. Ýöne döwlet Baştutanymyz özüniň mynasyp bolan baş baýragyny we hormat münberindäki birinji ornuny özüniň bäsdeşi Ýewgeniý Galinnä gowşurdy.
“Volkicar” bäsleşiginde ýeňiji bolanlar baýrak berilýän meýdança çagyryldy. Bu görnüşde ýeňiji bolanlara şu görnüşdäki sport ulaglaryny işläp taýýarlaýjy we şu derejedäki halkara çempionatyny esaslandyryjy hem-de sport awtoulagynyň sürüjisi Wolkan Yşyk baýraklary gowşurdy. Onda Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli merkeziniň wekili Şamyrat Gurbanow birinji ýeri eýelemegi başardy. Ol bellenilen aralygy 4 minut 28,273 sekuntda geçdi. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň wekili Guwançmyrat Hommadow we Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli merkeziniň sürüjisi Parahat Garlyýew eýeledi. Olar degişlilikde bu aralyga 4 minut 30,205 we 4 minut 31,783 sekunt wagt görkezdiler.
Karting boýunça ýeňijilere medallary we kuboklary Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) hormatly baş sekretary jenap Martin Marmi gowşurdy. Bu bäsleşikde ýaryşyň hormat münberine Gurbanberdi Daňatarow (3:49,514), Muhammetmyrat Gurbanow (3:50,954) we Anatoliý Gawrik (3:51,548) dagy çykmagy başardylar.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu günki çärä gatnaşyjylaryň we ministrligiň şahsy düzümleriniň adyndan Türkmenistanyň welosiped we awtomobil sportunyň ösüşinde taryhy tapgyra öwrülen şanly wakalar mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sport welosipedini şu günki çärelerden sowgat hökmünde gowşurdy.
Milli Liderimiz sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda sport welosipedinde merkeziň aýlaw ýolunda öwrüm etdi.
Soňra milli Liderimiz bu günki dabaraly çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şu günki sport baýramçylygyna beslenen gün diňe bir welosiped we awtomobil sportunyň muşdaklarynyň däl, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň hakydasynda hemişelik saklansa gerek. Çünki bu günki giň möçberli çäreler ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ol türkmen halkynyň we her bir raýatyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny nazarlaýar. Bu çäre doly derejeli bolmak bilen, aňrybaş şatlygy, belent ruhy, uly üstünlikleri, beden we ruhy güýji, ajaýyp açyşlary hem-de mümkinçilikleri, sagdynlygyň hem-de döredijiligiň gözbaşyny emele getirýär.