Şu gün Türkmenistana Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen geldi.
HHR-niň baştutanynyň biziň ýurdumyza bu sapary netijeli türkmen - hytaý gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol gatnaşyklar mizemez dostluk, deňhukuklulyk, birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýörelgelerine esaslanandyr. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däbe öwrülen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň hem-de ýurtlaryň ikisiniň hem özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga hyjuwlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Özara gatnaşyklaryň hatarynda dürli ugurlarda üstünlikli amala aşyrylan we häzir amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar. Olaryň arasynda 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi bar. Bu gaz geçiriji boýunça türkmen “mawy ýangyjy” asman astyndaky ýurda iberilýär.
Iki ýurduň döwlet baýdaklary galdyrylan hem-de hormat garawulunyň nyzama düzülen ýeri bolan paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi adamlary garşyladylar. Myhmansöýerligiň ýola goýlan asylly däbine görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna duz–çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.
HHR-niň Baştutany howa menzilinden özi üçin sapar wagtynda bellenilen, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugraýar.
Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman “Oguzhan” Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar.
Iki döwletiň Liderleri dostlarça görşüp, “Oguzhan” zalyna barýarlar.Bu ýerde belent mertebeli hytaý myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Hormat garawulynyň serkerdesi iki ýurduň Liderlerine raport berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hormatlaýar. Iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli hytaý myhmanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de biziň ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. HHR-iň Başlygy öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutanyny Hytaý Halk Respublikasynyň hökümet wekilýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny “Altyn zala” çagyrýar. Bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany ýene bir gezek mähirli mübärekläp, HHR-iň Başlygyna Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, biziň ýurdumyzda bu sapara döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garaýarlar. Şol gatnaşyklar öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň gowy däplerinde guralýar. Türkmenistanyň Hytaýy ygtybarly strategik hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz döwletara türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösüp, ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýar.
HHR-iň Başlygy türkmen topragynda myhmansöýerlik bilen mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ymtylýandygyny aýtdy. Si Szinpin Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu günki geçirilýän gepleşikleriň özara gatnaşyklaryň köp ugurly kuwwatyny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklaryň amala aşyrylmagy özara bähbitlere gabat gelýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we HHR-iň Baştutanlary ozal gazanylýan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin türkmen - hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Şunuň bilen başlylykda, iki ýurduň Liderleri netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç - energetika toplumynda, senagatda, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklarda giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin gumanitar ugurda özara gatnaşyklary has-da berkitmek we giňeltmek, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklary höweslendirmek babatda pikirlerini aýtdylar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde giňeltmäge çalyşýandyklaryny bellediler.
Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän şu günki duşuşyga döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky uly möhüm waka hökmünde baha berýärler diýip belledi. Şu günki duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň şu saparynyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça işjeň we yzygiderli ösýän ýagdaýynda geçýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda özara düşünüşmegiň we hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar diýip belledi.
Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk syýasaty biziň döwletimize giň gerimli hem-de üstünlikli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Geçen 2012-nji ýylda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 35 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.
Biz ýurdumyzda kuwwatly milli senagaty, gaýtadan işleýän pudagy, ýokary tehnologiýaly, maýa goýum taýdan özüne çekiji ykdysadyýeti döretmegi öz öňümizde wezipe edip goýýarys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň biziň ýurdumyzyň örän möhüm we ileri tutulýan hyzmatdaşyna öwrülendigini aýratyn belledi. Gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda, Hytaý biziň ýurdumyza zerur bolan ähli kömegi berýär, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlaryny ösdürmäge, daşary ykdysady gatnaşyklarymyzy diwersifikasiýa ýola bilen giňeltmäge, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga örän uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna degişli meseläni dowam edip, syýasy ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus özara düşünişmegiň hem-de özara goldamagyň derejesiniň ýokarydygyny nygtady. Hut şu ýagdaý dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň gabat gelmegine esas bolup durýar. Bu, aýratyn-da, parahatçylyk we howpsuzlyk, adamzada abanýan howplara, terrorçylyga, seperatizme, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de neşeleriň ýaýradylmagyna garşy göreşmek ýaly möhüm meselelere degişlidir. Biz bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi, ozaly bilen iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini ulanyp, dowam etdirmegi ylalaşdyk.
Türkmenistanyň Prezidenti her gezek ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň barşynda taraplaryň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa aýratyn üns berýändigini belläp, şu meselede iki ýurduň garaýyşlary ýakyn ýa-da gabat gelýär diýip nygtady. Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde berk howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär, şeýle howpsuzlyk ulgamy ähli ýagdaýlarda bähbitleriň deň derejede göz öňünde tutulmagyna we ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatiki usullar arkaly çözulmegine esaslanmalydyr.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de ýurdumyzyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugruna Hytaýyň hormat bilen garaýandygyna biz ýokary baha berýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Öz gezeginde Türkmenistanyň hem hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm meselelere, şol sanda Hytaýyň çäkleriniň bitewüligine we bölünmezdigine degişli meselelere garaýşyny hemişe anyk we aýdyň beýan edip gelýär. Şu gün Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Türkmenistanyň Bitaraplygyny we daşary syýasy ugruny üýtgewsiz goldaýandygy üçin biz Hytaý Halk Respublikasyna minnetdardyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi, şunuň bilen birlikde, biziň ýurtlarymyzyň halkara guramalarynda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda hemmetaraplaýyn arkalaşykly hereket edýändigini nygtady. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” atly Rezolýusiýany Hytaýyň işjeň hem-de netijeli godamagy hem bu hyzmatdaşlygyň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň bu möhüm resminamany diňe goldamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň awtordaşlarynyň biri bolandygyny hem aýratyn belledi.
Türkmenistanyň 2013–2015-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine agza saýlanmagyny nazara almak bilen, biziň ýurtlarymyz bu möhüm edarada ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem göz öňünde tutýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (EKOSOS-a) bolan saýlawlarda Türkmenistanyň kandidaturasyny Hytaýyň goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy her ýyl durnukly ösýär, geçen ýyl biziň döwletlerimiziň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 9 milliard amerikan dollaryna golaý boldy diýip nygtady. Şu ýylyň diňe birinji ýarymynda bolsa, bu görkeziji 4,5 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Bu bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bütin taryhynda iň ýokary görkezijilerdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar.
Hytaýyň kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda we telekommunikasiýa ulgamynda, ulaglar pudagynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyş ulgamynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda amala aşyrylýan taslamalara giňden gatnaşýarlar diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bilelikde alyp barýan ähli işlerimizde hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň özlerini örän gowy tarapdan görkezýändiklerini, ygtybarly, sazlaşykly we netijeli işleýändiklerini aýratyn belledi, şoňa görä-de, olar türkmen kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan we hormatdan peýdalanýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp, bu babatda Türkmenistan – Hytaý yklymüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm waka boldy diýip nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan gaz geçiriji Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky, iki halkyň arasyndaky bozulmaz dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu gaz geçiriji iki döwlet üçin hem energetika pudagynda uzak möhletli, strategik taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçiliklerini açýar.
2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen bu gaz geçiriji Hytaý Halk Respublikasyna ýylda 40 milliard kub metr möçberde türkmen tebigy gazyny ibermäge mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, energetika boýunça hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek maksady bilen, biz 2011-nji ýylyň noýabrynda täze Ylalaşyga gol çekdik, bu Ylalaşyga laýyklykda Türkmenistandan Hytaýa ýylda gazyň goşmaça 25 milliard kub metrini ibermek göz öňünde tutulýar. Ylalaşygyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi her ýylda Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň umumy möçberini 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, elbetde, ilkinji nobatda, gaz geçirijiniň täze şahasynyň geçiriljek ugruny kesgitlemäge, goşmaça üpjünçilik lgamlaryny döretmäge, bu taslamany maliýeleşdirmäge we beýleki wezipelere degişli möhüm meseleleriň birnäçesini çözmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu meseleler biziň ýurtlarymyzyň hökümet wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Iň esasy mesele – Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugruny («D» ugruny) saýlap almak boýunça anyk teklipler taýýarlandy. Şu giňeldilen mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň energetika edaralarynyň ýolbaşçylary bu gaz geçirijiniň saýlanyp alnan ugry bilen tanyşdyrarlar.
Merkezi Aziýada we tutuş kontinentde ykdysady gatnaşyklary işjeň alyp barmakda bu gaz geçirijiniň ägirt uly ähmiýetini nygtap, milli Liderimiz Türkmenistan bilen Hytaýyň bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek arkaly beýleki döwletleriň, ilkinji nobatda bolsa, gaz geçirijini öz çäklerinden üstaşyr geçirýän ýurtlaryň halkara energetika ulgamyna goşulmagy üçin amatly şertleri döredendiklerini aýratyn belledi.
Biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, yzygiderli we netijeli amala aşyrylýan türkmen-hytaý gatnaşykarynyň beýleki ugurlarda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin berk esas döredýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde güýçli depginler bilen ösýän himiýa we gurluşyk materiallary senagaty ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak barada hem oýlanmagyň zerurdygyny nygtady. Oba hojalyk pudagynda hem hyzmatdaşlygy ýokary depginler bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerini üns bilen öwrenmeli.
Türkmenistan we Hytaý gadymy hem-de baý taryhy bolan ýurtlardyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşinden, «Beýik Ýüpek ýolunyň» döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu bolsa, Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň örän giň taryhy gatnaşyklaryny düýpli öwrenmegi talap edýär. Bu ugurda bilelikde işlemek üçin iki ýurduň alymlaryna we taryhçylaryna giň mümkinçilikler açylýar.
Medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünmegi berkitmekde esasy şertleriň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz biziň halklarymyzyň Türkmenistanyň we Hytaýyň sungatyna hem-de edebiýatyna özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Şoňa görä-de, iki döwlet hem bu gyzyklanmany höweslendirmelidir, döredijilik we ylmy işgärleriň arasynda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly şertleri döretmelidir diýip aýtdy.
Bilim ulgamyny Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýigitlerini we gyzlaryny okatmak üçin kabul etmäge hytaý hyzmatdaşlarynyň taýýardygyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belledi. Häzirki wagtda Hytaýyň okuw mekdeplerinde 1 100 türkmen talybynyň okaýandygyny aýtmak bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany olaryň tehniki, gumanitar we beýleki hünärleri özleşdirýändiklerini nygtady.
Türkmenistan üçin Hytaýyň ygtybarly we synagdan geçen döwletdigini aýdyp, milli Liderimiz bu ýurt bilen alnyp barylýan gatnaşyklara biz tüýs ýürekden buýsanýarys hem-de ýokary baha berýäris diýip belledi. Bu gatnaşyklar özüniň netijelidigini görkezdi hem-de häzirki döwürde Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny subut etdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýurdumyza häzirki amala aşyrýan döwlet sapary taryhy ähmiýete eýe bolmak bilen, iki döwletiň gatnaşyklarynda täze döwri açýar diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu gün biz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä – strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak barada ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz giňişleýin mejlise gatnaşýanlaryň ählisini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bizi köp zatlar – taryhymyz, geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigimiz, birek-birege uly hormat goýýandygymyz, häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň meňzeşligi ýakynlaşdyrýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Häzirki döwürde biz bilelikde işlemegiň geljegini aýdyň görüp we öňümizde anyk maksatlary goýup, ynam bilen öňe barýarys. Bu bolsa, iki döwletiň, türkmen we hytaý halklarynyň bozulmaz dostlugynyň hem-de doganlygynyň binýady bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi we uly şahsy goşandy üçin, HHR-iň hormatly Başlygy Si Szinpine aýratyn minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna söz berdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyşynyň başynda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylyk üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny bilýärler. Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýar.
HHR-iň Başlygynyň aýdyşy ýaly, bu sapar onuň Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparydyr. Şol saparyň geçirilýän wagty olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň üçünji onýyllyga gadam basýan döwrüne gabat gelýär. Belent mertebeli myhman bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu gün türkmen döwletiniň Baştutany bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň netijelerini hemmetaraplaýyn jemlemek, iki halkyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän köp ugurly uzakmöhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi üçin meýilnamalary kesgitlemek isleýändigini belledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň nygtaýşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda dürli ulgamlardaky özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, milli ykdysadyýeti ösdürmek, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli çäreler görülýär, türkmen döwleti haýran galdyryjy üstünlikler gazanýar, sebitleýin we halkara çärelerine işjeň gatnaşýar. “Häzirki wagtda Türkmenistan GDA sebitinde ykdysadyýeti okgunly ösýän ýurtlaryň biridir. Türkmenistanyň oňat dostlary hökmünde biz siziň üstünlikleriňize tüýs ýürekden guwanýarys” diýip, HHR-iň baştutany aýtdy.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär, özara söwdanyň möçberi 100 esseden hem gowrak artdy. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň hem-de türkmen gazyny uly möçberde alýan döwletleriň biridir.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň sebitleýin hem-de halkara işlerinde özara gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny belläp, iki ýurduň, sözüň doly manysynda strategiki hyzmatdaşlara öwrülendigini nygtady. HHR-iň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Hytaý Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär, biziň ýurdumyz bilen dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarly bolup galýar, türkmen döwletiniň ýöredýän içeri we daşary syýasatyny berk goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, HHR-iň Başlygy Hytaýyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin iki ýurduň arasyndaky syýasy taýdan özara ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejededigini görkezýän energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamdaky bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň, ony anyk taslamalar bilen berkitmegiň wajypygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, HHR-iň Baştutany şu gepleşikleriň barşynda taraplaryň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny çekmegiň ugry barada ylalaşyk gazanandyklaryny belläp, Hytaýyň şeýle ugur baradaky teklibine düşünmek bilen garandygy hem-de ony goldandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman bular barada aýdyp, bu taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegi iki döwletiň hem-de degişli üstaşyr geçirýän ýurtlaryň abadançylygynyň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine hyzmat eder diýip nygtady. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hyzmatdaşlygyň gerimini işjeň giňeltmegiň wajypdygyny belledi.
Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri barada durup geçip, özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň hem-de hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. HHR-iň Başlygynyň belleýşi ýaly, Hytaý biziň ýurdumyza ýokary tehnologiýaly maşyn-tehniki önümleriň eksportuny artdyrmaga taýýardyr, şeýle hem mundan beýläk-de Türkmenistandan pagta, haly we oba hojalyk önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň baştutany düzümleýin gurluşygy, oba hojalygyny, ulag we telekommunikasiýalar, elektroenergetika, saglygy goraýyş ulgamlaryny, beýleki birnäçe pudaklary, şeýle hem ýokary tehnologiýalar ulgamyny hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
HHR-iň Başlygy şeýle hem gumanitar-medeni ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, Medeniýet günlerini, sungat festiwallaryny we beýleki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň, köpçülikleýin habar breiş serişdeleriniň ugry boýunça dostlukly alyşmalary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň möhümdigini aýdyp, Hytaý iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasyna göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldaýar we türkmen talyplarynyň has köp sanlysyny okuwa kabul etmäge taýýardyr diýip belledi. Sport ulgamy hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
HHR-iň Başlygy halkara giňişliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, energetika howpsuzlygyna, ekologiýa we howanyň üýtgemegine degişli oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, hytaý tarapy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde energetika boýunça ýörite düzümi döretmek baradaky teklibini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin geljek ýyl Türkmenistanda energetika howpsuzlygy boýunça geçiriljek halkara maslahatynda Hytaýyň ýokary derejede wekilçilik etjekdigini belledi.
HHR-iň Baştutany çykyşyny tamamlap, şu günki gepleşikleriň barşynda taraplaryň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşandyklaryny we özara düşünişendiklerini kanagatlanmak bilen nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendlik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge çagyrdy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen we hytaý hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň hem-de Türkmenistanyň we HHR-iň wekiliýetleriniň agzalary täze gaz geçirijiniň (D ugry) geçjek ugry we göz öňünde tutulýan düzüm desgalary bilen tanyşdyryldy. Şol ugur boýunça Hytaýa ýylda tebigy gazyň goşmaça 25 milliard kub metri ugradylar.
Soňra “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Hytaýyň döwlet ösüş banky” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Galkynyş” gaz känini gurnamagyň ikinji tapgyryny maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda ýylda 25 mlrd kub metr tebigy gazy satyn almak – satmak barada Şertnama;
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninde ýylda 30 mlrd kub metr möçberde harytlyk gazy öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada Şertnama;
Mary şäheri (Türkmenistan) bilen Sian şäheriniň (Hytaý) arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasy bilen Hytaýyň halkara söwdasyna ýardam bermek komitetiniň arasynda Özara Düşünişmek Hakynda Ähtnama;
Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekin uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ähtnama;
Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda Ähtnama;
Tokaý hojalygynda we Çölleşmäge garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet tokaý hojalygy müdirliginiň arasynda Özara Düşünişmek Hakynda Ähtnama;
Bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ähtnama;
2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk Etmegiň Meýilnamasyna;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim babatda enjamlary bermek hakynda alyş-çalyş hatlaryna;
Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalyna geçdiler. Ol ýerde döwlet Baştutanlary habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen çkyyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki türkmen-hytaý duşuşygynyň netijeleri barada aýdyp, özara düşünişmek, hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin, HHR-iň Başlygyna we Hytaýyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdyk, özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe halkara meseleleri boýunça pikir alyşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Dürli ugurlarda biziň hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygymyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi mundan beýläk-de yzygiderli giňeltmegi maksat edinýändigimizi we bu gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygymyzy görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Geçirilen duşuşygymyz iki tarapyň hem bu ugurda ähli mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady diýip men doly esas bilen aýdyp bilerin diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Gepleşikleriň dowamynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berildi. Biz bu maksatlara ýetmek, ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmek, halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, deňhukuklylyk we adalatlylyk ýörelgelerini ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarda, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hereket etmek barada ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Taraplar şeýle hem halkara terrorçylygyna, separatizme, syýasy, milli we dini ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny tassykladylar.
Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup durýandygyny ykrar edip, ýurdy birleşdirmek boýunça edýän tagallalaryny goldap, bir Hytaý baradaky syýasata berk eýerýändigini ýene-de tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gepleşikleriň dowamynda biz Merkezi Aziýada we Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň döredilmegine aýratyn üns berdik diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda giň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň möhümdigi hem-de häzirki döwürde wajyp meseledigi bellenildi. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň üstünlikli ulanylýandygyny muňa mysal hökmünde görkezip bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan üçin Hytaý – ileri tutulýan hyzmatdaşdyr. Biziň gatnaşyklarymyza uzakmöhletli häsiýet mahsusdyr. Bu gün türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly waka bolup geçdi: Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä – strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarýan Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Bu bolsa, sebitde we dünýäde ýagdaýyň islendik üýtgemelerine garamazdan, mundan beýläk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galjakdygyny aňladýar.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy energetika pudagynda, ulag-kommunikasiýa, söwda ulgamlarynda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda özlerini örän gowy tarapdan görkezen köp sanly iri hytaý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda uly işleri alyp barýandyklaryny belledi.
Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň möçberlerini artdyrmaga, ony täze, geljegi uly bolan ugurlar bilen baýlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagynda alyp barýan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylda Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisini gurmak we Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy ibermek baradaky Baş Ylalaşyga gol çekilenden soň, bu ugurda giň gerimli hyzmatdaşlyk başlandy. Şol döwürden bäri birnäçe örän ähmiýetli taslamalar iş ýüzünde durmuşa geçirildi: gaz geçirijisi guruldy we ulanmaga berildi; zerur bolan önümçilik we ulag üpjünçilik ulgamlary döredildi. Bu kuwwatly gaz geçiriji ýakyn wagtda Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer.
Biz gaz pudagynda hyzmatdaşlygymyzyň gerimini giňeltmek bilen, 2011-nji ýylda Hytaýa her ýylda türkmen tebigy gazynyň goşmaça 25 milliard kub metrini ibermek barada täze Ylalaşyga hem gol çekdik. Häzirki döwürde bu Ylalaşyk iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanýar. Şu gün ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugry («D» ugry) boýunça ylalaşyk gazanyldy. Täze gaz geçiriji Türkmenistan–Özbegistan–Täjigistan–Gyrgyzystan–Hytaý ugry boýunça geçiriler. Şu ugur boýunça tebigy gazyň görkezilen goşmaça möçberleri Türkmenistandan Hytaýa iberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk köp taraply türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellemek bilen, bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has işjeň alnyp barylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Medeniýet, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz berkitmek üçin mundan beýläk hem ähli zerur işleri amala aşyrmak barada ylalaşyk gazandyk. Bu ugurda göz öňünde tutulan işleri, şeýle hem iki ýurduň halklaryny Türkmenistan bilen Hytaýyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly geçirmegi belledik diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen - hytaý hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçdi, özüniň ýokary netijeler berýändigini subut etdi we häzirki döwürde Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Biz Hytaý bilen gatnaşyklarymyzy deň hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine laýyklykda gurýarys. Şeýle hem, özara düşünişmek we halkara durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de aýratynlyklaryna, häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň esasy meselelerine garaýyşlarymyzyň ýakyndygyndan ýa-da meňzeşliginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Öz gatnaşyklarynda Türkmenistan bilen Hytaý köpasyrlyk, baý taryhy tejribesine, biziň halklarymyzyň arasynda emele gelen dostluk we birek-birege hormat goýmak däplerine eýerýärler, şu günüň hakykatyna düşünip, hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýarlar. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda alnyp barylýan ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini nazara alyp, sebitde we halkara derejesinde bar bolan ähli ýagdaýlara örän möhüm we oňyn täsirini ýetirýändigine düşünip, biz şu mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň metbugat wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda aýtdy.
Öz nobatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirläp, gepleşikleriň netijeli we özara ynanyşmak häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme meseleleri, şeýle hem halkara we sebitleýin syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, HHR-iň Baştutany türkmen-hytaý gatnaşyklaryny strategik taýdan täze derejä çykarýan Bilelikdäki Jarnama gol çekilmeginiň ähmiýetini belledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin gaz ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki, uzakmöhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, şol hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky syýasy özara düşünişmegiň ýokary derejesine doly laýyk gelýändigini belledi. Türkmenistan tebigy gazy köp möçberde öndürýän we eksport edýän ýurtdur, Hytaý bolsa ýangyjy durnukly we giň möçberde sarp edýän bazara eýedir diýip, HHR-iň Baştutany aýtdy. Belent mertebeli myhman taraplaryň bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şol sanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üçünji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmaga hem-de onuň dördünji ugrunyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etmäge meýillidigini tassyklady.
HHR-iň Başlygynyň belleýşi ýaly, taraplar şeýle hem çig mala degişli bolmadyk ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, düzümleýin gurluşyk, oba hojalygy, telekommunikasiýalar, elektroenergetika, lukmançylyk, ulgamlarynda, şeýle hem ýokary tehnologiýalar babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
HHR-iň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu gezekki türkmen-hytaý gepleşiklerini şöhlelendirmek boýunça alyp barýan işleri üçin olara hoşallyk bildirip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň özleriniň netijeli işi bilen mundan beýläk hem Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky mizemez dostlugy pugtalandyrmaga, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Metbugat wekilleriniň öňünde çykyş tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyndan çykdylar.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Gypjaga baryp, bu ýerdäki kümmede gül goýmak bilen, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de Ruhy metjidine aýlanyp gördi.
Şol gün HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk seýilgähindäki hormatly myhmanlar seýilbagynda, asylly däbe görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin agaç nahalyny oturtdy.
Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Agşamlyk naharyndan soň, belent mertebeli hytaýly myhman paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşeni öz kabulhanasyna geldi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.