Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Paskal Ebişerden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty şu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara pedýaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky işde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.
Öz gezeginde ilçi ýakymly sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Şweýsariýanyň Prezidenti Uli Maureriň hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Ilçi bitarap Türkmenistanyň sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän daşary syýasy ugruna ýokary baha bermek bilen, Şweýsariýanyň hökümetiniň türkmen döwleti bilen oňyn we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ugry hemmetaraplaýyn oňlaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän içeri we daşary syýasatyň, şeýle hem häzirki eýýamda ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegine we rowaçlanmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrylydy. Şeýle hem ilçi milli parlamentiň gurluşy we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Iki ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň düzümleriniň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmeginiň netijeliligidi bellenildi.
Söwda-ykdysady ugr, lukmançylyk, ylym we ýokary tehnologiýalar, bilim, medeniýet, ekologiýa we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildiler. Jenap Paskal Ebişer iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, öz ýurdunyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili hökmünde döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy.
Şeýle hem şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Doly ygtyýarly we Adatdan daşary ilçisi Paskal Ebişer ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Türkmen-şweýsar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meseleler boýunça içgin gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

* * *