Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 709
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşyna, ilkinji nobatda bolsa oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim güýzlük däne ekişini we pagta ýygymy möwsümini ütsünlikli geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäkleinde 1-nji sentýabrda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş we beýleki çäreler, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralar barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyna degişli desgalara bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdepleriň 2-siniň açylandygy aýdyldy. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi ýaly möhüm oba hojalyk möwsümleriniň geçirilişi baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmagy we onuň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasyly iň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin ähli degişli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk tabyşyrklary berdi.

Welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli çäräniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, oňa goldaw bermegiň milli maksatnamasynyň” wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işlere talaba laýyk gözegçilik etmegi talap etdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wedioşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy dowam edýän desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler barada aýtmak bilen, Türkmenbaşy şäherinde döredilen täze etraplardaky işler bilen baglanyşykly meseleler hakynda aýtdy. Mundan başga-da, häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan çäreleriň geçirilişi barada jikme-jik habar berdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk toplumynda derwaýys möwsüm hasaplanýan pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek bilen bir hatarda, bugdaý ekişiniň öz wagynda we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün edýän ähli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna girişilmegi, okuw ýylynyň dowamynda bu ugurda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän zerur çäreleriň görülmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda, aýratyn-da Garaşsyzlyk baýramy mynasybeti ulanmaga beriljek gurluşyk desgalarynyň işi baradaky meselä degip geçmek bilen, Türkmenbaşy şäherinde täze etraplaryň durmuş ulgamyny şertlendirýän zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň we Kenar etrabynyň häkimlikleriniň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek maksady bilen, görülýän taýýarlyk işleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda täze okuw ýylyna ýokary guramaçylyk derejesinde girişilendigini we bu şanly sene mynasybetli welaýatyň çäklerinde döwrebap mekdepleriň üçüsiniň ulanmaga berlendigini, beýleki gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek we möwsümi öz wagtynda tamamlamak hem-de ýygnalan hasyly göwnejaý saklamak, gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly çärelere örän jogapkärli çemeleşmegiň, munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary G.Myratberdiýewanyň işde kemçilikleriň ýüze çykmagyna ýol berendigi üçin, eýeleýän wezipesinden boşadylýandygy baradaky resminama gol çekdi we bu wezipä G.Ataýewany belleýändigini mälim etdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň barşy we pagta ýygymynyň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Mundan başga-da, ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler hakynda aýtdy.

Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebiniň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň gidişine hemişeik gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, binalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişilmegi mynasybetli bilim-terbiýe bermegiň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde gurlup ulanmaga beriljek desgalar toplumynyň, Bagt köşgüniň, 50 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatory we kuwwaty bir ýylda 50 müň tonna un öndürmäge ukyply degirmeni bolan çörek önümçiligi boýunça kärhanasynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de yzygiderlit ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan “Galkynyş” gaz käniniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir sebitinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem häzirki zaman senagat düzümleriniň kemala getirilmegi we olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurulmagynyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan döwrebap Bagt köşkleriniň medeni-usulyýet merkezi bolmak bilen, olaryň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, maşgala, toý we baýramçylyk ýörelgeleriniň wagyz edilmegini, olaryň nesilden-nesle geçirilmegini şertlendirýändigini belledi we döwrebap desgalaryň açylyş dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginleriniň güýçlendirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda abadanlaşdyrmak, şol sanda şäher düzümini kämilleşdirmek we jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralar “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly giň möçberli döwlet ähmiýetli çäräni geçirmegiň barşynda guralmagy meýilleşdirilýän çäreler hakynda habar berildi.

Milli Liderimiziň paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, häkim döwlet Baştutanymyza binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanylan köp gatly awtoduralgalaryň ýerleşäek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.

Paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime ak mermerli Aşgabady döwrüň talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrmak boýunça bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýollaryň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik däpleri bilen sazlaşmalydygyny belledi.

Görkezilen taslamalary umuman oňlap, milli Liderimiz olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Häzirki zaman köp gatly awtoduralgalar gurlanda onuň maksadyna we desganyň enjamlaşdyrylşyna bolşy ýaly, binagärlik usullaryna degişli ähli serişdeleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunlukda, milli Liderimiz ulag eýeleri üçin ähli hyzmatlaryň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda wedioşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maskatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Aşgabadyň eteklerinde gurluşygy göz öňünde tutulýan awtoduralgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hödürlenen taslamalary umuman oňlap we olara birnäçe bellikleri, teklipleri aýdyp, milli Liderimiz gurulýan we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň ulanylyş ygtybarlylygy we maksatnamalaýyn aýratynlyklary, binagärlik keşbiniň özboluşlylygynyň taslamaçylardan we binagärlerden edilýän baş talapdygyny belledi. Desgalarda alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda bellenilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegii bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 12 ýyllyk okuw usulyna geçilmeginiň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Munuň özi her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýär we bu işe ata Watnamyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Täze taryhy eýýamda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesilleri milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemek, ýaşlarda häzirki zaman hünär ukyplaryny kemala getirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda möhüm wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm tapgyryna öwrülmelidigini nygtady. Şunuň bilen bagylylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere her hepdäniň ýekşenbe gününde talyplar üçin sport çärelerini guramak, şol sanda welosipedli ýörişi geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Talyp ýaşlar bilen bir hatarda, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň çäklerinde geçirilýän şeýle çärelere ýurdumyzyň isleg bildirýän ähli raýatlarynyň gatnaşyp bilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde möhüm ähmiýeti bolan şu günki iş maslahatynda garalan meseleleriň hemmesiniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.