Şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlanýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde dostlukly döwletiň täze Baştutanynyň saparynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Aşgabatda boljak ikitaraplaýyn gepleşikleriň ilkibaşdan deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň ýolunda täze netijeli ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.
“Biz mundan beýläk-de Hytaý bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerindäki köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdüreris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Taryhyň häzirki döwründe ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan we sazlaşykly ösýän döwletleriň ikisi-de, köp asyrlyk dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze belent derejelere ýetirmek wezipesini öňde goýýar. Munuň özi umumy milli gyzyklanmalara bolşy ýaly, ählumumy ösüşiň wezipelerine laýyk gelýär.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça guraýan saparlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ilkinjidigi biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýediginiň we onuň sebitde möhüm orna mynasypdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen tarapynyň öňe süren we soňky ýyllarda dürli ugurlarda durmuşa geçirilen ägirt uly taslamalary hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşantdyr.
Türkmen gazynyň uzakmöhletleýin esasda ugradylmagyny üpjün eden Türkmenistan –Hytaý transmilli gaz geçirijisi şeýle taslamalaryň biridir. Munuň özi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy goldamak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň ägirt uly möçberlerinden habar berýär.
Ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň, şol sanda energetika ulgamyndaky howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär we häzirki zamanyň wagty ýeten meselelerini çözmegiň ýoluny teklip edýär. Şeýle hem milli Lilerimiz onuň ählumumy bähbitlere daýanýan özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlykdadygyny äşgär edýär.
Hytaýyň Baştutanynyň saparyna gabatlap dünýäde iri gaz ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz känindäki önümçilik desgalar toplumynyň açylmagy özüniň gorlary boýunça ägirt uly bolan bu käniň tebigy gazynyň senagat taýdan işlenip taýýarlanylmagyna badalga berilmegini alamatlandyrýar. Bu ýatagyň özleşdirilmegi hytaýly hyzmatdaşlar bilen geljegi uly taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu ýerde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen bilelikde bu ýerde harytlyk gaz taýýarlamak boýunça kärhana we beýleki önümçilik desgalaryň toplumy guruldy. Olaryň açylyş dabarasyna iki dostlukly ýurduň Liderleri gatnaşarlar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky 20 ýyllyk diplomatik, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklara daýanýan işjeň hyzmatdaşlyk Pekiniň we Aşgabadyň döwletara hyzmatdaşlygyň has oňaýly görnüşini işläp taýýarlamagyň hötdesinden gelendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde her bir tarapyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň we milli bähbitleriniň ýakynlygy, esasan-da, Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri türkmen we hytaý halklaryny baglanyşdyrýan milli ýörelgeleri we ýokary derejedäki birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary bu düşünjäni ýene bir ýola tassyk edýär. Biziň döwrümize gelip ýeten köp sanly taryhy maglumatlar, ýazuw çeşmeleri, şeýle hem birek-biregiň däp-dessurlary bilen gyzyklanýan, iki halkyň häzirki güne çenli saklanyp galýan birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary muny äşgär edýär. Munuň şeýledigine ýakynda Hytaýda bolan türkmen žurnalistleri ýene bir ýola göz ýetirdiler.
Hut şonuň üçinem türkmen paýtagtynda boljak ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlygyň ilkinji tapgyrynda iki dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny ägirt uly şertnamalaýyn-hukuk binýady hem-de milli ykdysadyýetiň üstüni ýetirýän netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan ikitaraplaýyn meýili tassyk edýän bilelikde durmuşa geçirilýän onlarça taslamalar arkaly berkidilen türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi äşgär boldy.
Ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm meselelerini, şeýle hem täze taryhy eýýamda ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini hem-de dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryň müňlerçe ýyllyk däplerini nazara almak bilen täze taryhy eýýamda ýola goýulýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.