Ï Türkmenistan ýaş alymlaryň halkara maslahatyny geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ýaş alymlaryň halkara maslahatyny geçirýär

view-icon 846
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Ýaş alymlar dünýä ylmyny we medeniýetini birleşdiriji güýçdür” atly Halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Bu maslahat biziň ýurdumyzda ylym hereketiniň, şol sanda ýaş alymlaryň hereketiniň ösüşine we hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär. Ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan guralýar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutagyny uly üns berip diňlediler. Milli Liderimiz gursagy döredijilik hyjuwyndan doly ýaş alymlary, ylmy işgärleri, hünärmenleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine ýygnan bu halkara ylmy maslahatyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostluk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle hem ylmy-tehnologik ulgamda özara tejribe alyşmak, ýaş alymlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy “Ýaş alymlar dünýä ylmyny we medeniýetini birleşdiriji güýçdür” atly Halkara ylmy maslahatynyň açylyşyna gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Maslahatyň dabaraly böleginiň çäklerinde geçirilen umumy mejlisine daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Barselona Uniwersitetiniň ylmy işgäri Dario Nappo, Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet institutynyň ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Pýotr Pekutko, Nýu-Deli şäheriniň Jawaharlar Neru adyndaky Uniwersitetiniň fizika fakultetiniň professory Puri Sanjaý, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Wera Mysina, Malaýziýanyň “Petronas” tehnologik uniwersitetiniň ylmy işgäri Wan Şaril Bin Ahmad Termizi, Hytaýyň milletleriň merkezi uniwersitetiniň ylmy işgäri, aspirant Ahati Nujiamine, Gaýtadan işleýji we azyk senagatynyň gazak ylmy-barlag institutynyň mikrobiologiýa barlaghanasynyň ýolbaşçysy Utemyrat Sagyndykow we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatyň bölümçeler boýunça mejlislerine ýurdumyzyň ýaş alymlar hereketiniň wekilleri bilen birlikde düzüminde dünýäniň kyrk ýurdundan ýüz töweregi alymlar, şol sanda dünýäniň ylym-bilim merkezlerine wekilçilik edýän uly daşary ýurt wekilýetleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Angliýanyň Kembrij, Oksford uniwersitetleri we Garward uniwersiteti (ABŞ), “Mazdar” Tehniki merkezi (BAE), Russiýanyň Ylymlar akademiýasy we beýlekiler bar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň sanawuna Ýaponiýa, Hytaý, Türkiýe, Italiýa, Ispaniýa, Eýran, Rumyniýa, Portugaliýa, Serbiýa, Çehiýa, Ukraina, Özbegistan, Ermenistan, Täjigistan, Mongoliýa, Nepal, Marokko, Tunis hem-de beýleki döwletler girýär.

Şunuň ýaly wekilçilikli ylmy forum, özi-de hut alymlaryň ýaş nesliniň gatnaşmagynda häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde dürli ugurlarda iň derwaýys we isleg bildirilýän ugurlar bounça guralan bu maslahat biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Ýaş alymlaryň halkara derjesindäki maslahaty – munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynda ylmy döwrebaplaşdyrmak, ylmy hereketiň hataryna ellerinde bütin dünýä jemgyýetçiliginiň geljegi bolan ýaş, zehinli hem-de geljegi uly ylmy-barlagçylary işjeň çekmek ýolunda nobatdaky we yzygiderli ädimdir.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda her ýyl ylmy bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu ylym bäsleşigi hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan gözbaş alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýär we ýylba-ýyldan öz hataryna gatnaşyjylaryň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň gazananlaryny, ösüşlerini we innowasiýalaryny has-da pugtalandyrmagyň we artdyrmagyň hatyrasyna ylmy ösdürmegiň işjeň tarapdarlarynyň barha köp sanlysyny çekýär. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça iň wajyp ylmy taslamalar baýrakly orunlara mynasyp bolýar, olaryň awtorlaryna bolan hormatly diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowsurylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda ýaş alymlaryň bölümçeler boýunça guralan halkara ylmy maslahatynyň işiniň barşynda daşary ýurtly myhmanlar biziň ýurdumyzyň ylym pudagynda gazananlarynyň üstüni ýetiren öz ýaş türkmen kärdeşleriniň ylmy işläp taýýarlamalary bilen tanşarlar. Munuň özi ýaş türkmen alymlarynyň dürli ýurtlaryň ýaşlar toparlary bilen özara gyzyklanma bildirilýän netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjy daşary ýurtlularyň ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşyklaryny geçirmek, şeýle hem forumyň işiniň ilkibaşdan bellenen çäreleri bolan tanyşdyryş-medeni häsiýetli baý maksatnama göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň myhmanlary “Saglyk ýoluna”, “Ylham” seýilgähine gezelenç etdiler, milli muzeýlerimiziň birnäçesine, “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Bagt Köşgüne, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine baryp gördüler, şeýle hem Aşgabadyň we onuň etegindäki beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar. Bu gezelençler geçiriljek duşuşyklaryň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Çünki ýaş alymlaryň halkara maslahatynyň gün tertibiniň düzüm bölegi bolan medeniýet baradaky gürrüňler umumy we bölümçeler boýunça mejlisleriň çäklerinde hem dowam etdirildi.

Maslahatyň işiniň ilkinji güni Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sahna meýdançasynda Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň we sungat ussatlarynyň döredijilik konsertiniň geçirilmegi bilen tamamlandy.

Ertir “Ýaş alymlar dünýä ylmyny we medeniýetini birleşdiriji güýçdür” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlar.