Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we biziň ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Mary welaýatyna geldiler, şol ýerde “Galkynyş” gaz käninde gurlan gaz arassalaýjy baş desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Bu taryhy waka ählumumy ösüşiň we ykdysady rowaçlygyň bähbidine netijeli hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrüler. Özüniň serişdeler gory boýunça 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýan “Galkynyş” gaz käniniň ulanylmaga berilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman düzüminiň kemala getirilmegine saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda örän wajyp ädimi alamatlandyrýar.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň suratlary, dostlukly döwletleriň – hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň we netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypalary ýazan iri energetika taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary bilen bezelen Mary şäheriniň halkara howa menziline gonýar. Uçaryň ýanynda milli Liderimizi Mary welaýatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, hormatly ýaşulular, din wekilleri hem-de welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleri mähirli we duz-çörek bilen garşylaýarlar.
Ýygnananlar bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz gysgajyk söhbetdeşlikde ýaşulylaryň ýaşaýyş-durmuşy hem-de işleri bilen gyzyklandy we hemmeleri şu günki şanly waka – “Galkynyş” gaz käninde täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz “mawy ýangyjyň” täsin gorunyň senagat taýdan işlenilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, onuň biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artdyrjakdygyny, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady. Iň esasy zat bolsa, häzirki zaman önümçilik desgalarynyň toplumynyň ulanylmaga berilmegi we käniň mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döremegine mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ertir Mary şäherinde Bagt köşgüniň hem-de welaýat merkezinden uzak bolmadyk ýerde gurlan elewatorly we degirmenli galla önümleri kärhanasynyň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine geljekde hem aýratyn üns beriljekdigini nygtady.
Hormatly ýaşulular halkymyz barada edýän aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
Din wekilleri Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il- ýurt bähbitli giň gerimli tutumlarynyň rowaç bolmagyny, şu gün ulanylmaga berilýän möhüm desgalaryň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň abadançylygyna hyzmat etmegini dileg etdiler.
Şu ýerde döwlet Baştutanyna welaýatyň çagalarynyň sungat mekdebiniň akkordeonçylarynyň topary öz ýerine ýetirijilik ukybyny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti topara täze akkordeonlary sowgat berip, olara saz döredijiliginde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi. Ýaş sazandalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesil barada içgin alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, öz zehinlerini we döredijilik ukyplaryny amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýaşlaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz ýadygärlik üçin bilelikde surata düşdi.
Şondan biraz wagt geçenden soň, Marynyň howa menziline Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň uçary gelip gonýar. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hormat-sarpa goýulýar. Milli lybasdaky oglan we gyz dostlukly ýurduň Baştutanyna duz-çörek hödürleýärler hem-de ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar we belent mertebeli myhmanyy türkmen we hytaý dillerinde mübärekleýärler.
Uçaryň ýanynda Hytaý Liderini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli mübärekleýär. Bu ýerde, uçar meýdançasynda döredijilik toparlary özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezýärler. Olar şanly waka mynasybetli köp öwüşgünli aýdym-saz we tans kompozisiýasyny taýýarladylar.
Düýn Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Olar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyga mahsus gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada taryhy çözgüdiň kabul edilendigini aýtdylar, munuň özi iki döwlet tarapyndan gol çekilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.
Şol gepleşikleriň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, BMG, beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde däp bolan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn taýýardygy tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekilip, ol taryhy ähmiýetli waka hem-de Türkmenistan bilen HHR-iň gatnaşyklarynda täze sepgide öwrüldi. Muny ählumumy abadançylygyň bähbidine oňyn we netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy özlerine garaşyp duran kiçi awtobusa münýärler. Howa menzilinden awtomobil kerweni “Galkynyş” gaz känine tarap ugraýar. Ýoluň ugrunda milli ak öýler dikilipdir, olar elde dokalan halylar bilen bezelipdir hem-de türkmen halkynyň taryhy, özboluşly däp-dessurlary, köp asyrlaryň dowamyndaky durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Iki döwletiň Liderlerini Mary welaýatynyň köp sanly ýaşaýjylary dostlukly döwletleriň baýdaklary bilen ruhubelentlik ýagdaýynda mübärekleýärler. Şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrünüň rowaçlyklara beslenýändigini açyp görkezýän we toý lybasynda bezelen ak öýleriň ýanynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar iki döwletiň halklarynyň dostlugyny aýdym-sazlar bilen wasp edýärler.
“Galkynyş” atly ägirt uly tebigy gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işine 2009-njy ýylyň dekabrynda badalga berildi. Bellenilişi ýaly, özüniň serişdeler gory boýunça ol “mawy ýangyjyň” örän täsin käni bolup durýar. Bu ýerde meşhur halkara maslahatçysy- “Gaffney, Cline & Associates”kompaniýasy (Beýik Britaniýa) tarapyndan geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijeleri dünýä derejesindäki täzelik boldy. Bilermenleriň deslapky bahalaryna görä, “Galkynyş” käninde (ozal Günorta Ýolöten-Osman ýatagy diýlip atlandyrylýardy) tebigy gazyň 26,2 trillion kub metri bar. Munuň özi Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykarýar. Mundan başga-da, bu ýerde nebit ýataklary hem bar.
“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar – Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary bilen bilelikde “Galkynyş” känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça geçirilen işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy. Munuň üçin jemi 30 milliard dollara golaý serişde gönükdirildi.
Häzir bu gaz käninde hormatly myhmanlary garşylamak üçin ähli zatlar taýýar edildi. Ähli ýerde sebitleýin we dünýä ähmiýetli iri energetika taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary parlaýar, şol döwletleriň Liderleriniň suratlary goýlupdyr.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň we HHR-iň Liderleriniň awtomobil kerweni dabaranyň geçirilýän ýerine gelýär. Döwlet Baştutanlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikler we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri mähirli mübärekleýärler. Çagalar belent mertebeli myhmanlara gül desselerini gowşurýarlar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, HHR-iň resmi wekilýetiniň agzalary, şeýle hem iri daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalaryň, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip şu gün “Galkynyş” käninde işe girizilýän üç sany gazy gaýtadan işleýän zawodyň birinjisiniň çägindäki merkezi girelgä barýarlar. Bu ýerde ähli zat baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we iň gowy folklor toparlarynyň çykyşlary bu dabara özboluşly öwüşgün çaýdy. Olar türkmen halk aýdymlaryny hem-de tanslaryny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Bu köp öwüşgünli dabara tamalanandan soň, hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy elektromobilde häzirki zaman senagat düzümi bolan “Galkynyş gaz käniniň binalar toplumynyň işe girizilmegi mynasbetli geçirilýän dabaranyň boljak ýerine ugraýarlar. Edara binasynyň öňünde zawodyň makedi goýlupdyr. Bu ýerde “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmeni döwlet baştutanlaryny täze desganyň önümçilik kuwwatlyklary bilen jikme-jik tanyşdyrýar.
“Galkynyş” gaz käniniň ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenen desgalar toplumy häzirki zaman senagat düzümi bolmak bilen, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da taslamanyň çäklerinde 22 guýy burawlanyldy, olaryň her gije-gündizdäki kuwwaty “mawy ýangyjyň” 1,5-2 million kub metrine barabardyr. Bu ýerde gazy ilkinji arassalaýjy desgalaryň iki sanysy we özüne gazy senagat taýdan özleşdirmek boýunça desgalary birleşdirýän baş desga gurnaldy. Baş desga her biriniň kuwwaty ýylda 1,7 milliard kub metre barabar bolan 6 sany tehnologiki hatardan, şeýle hem kondensaty durnuklaşdyryjy toplumdan – hersi ýylda 80 520 tonna harytlyk kondensaty öndürmäge niýetlenen 2 sany tehnologiki hatardan ybaratdyr. Mundan başga-da, toplumyň düzümine kükürt digirleýji we gaplaýjy desga girýär. Onuň ýyllyk kuwwaty 800 müň tonna kükürt öndürmäge niýetlenendir.
Inženerçilik – kommunikasiýa ulgamyny, 4 sany esasy we 1 sany ätiýaçlyk enjamlardan ybarat bolan, kuwwaty 75 MWt elektrik energeiýasyny öndürmäge niýetlenen gaz turbinaly elektrik bekedini, suw, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, topluma barýan ýollary we beýleki düzümleýin desgalary gurmak boýunça uly möçberli işler ýerine ýetirildi. Mysal üçin, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerini harytlyk gaz bilen üpjün etmek bilen uzynlygy 108 kilometre barabar bolan esasy gaz geçirijisi çekildi.
Tanyşdyryş dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri zawodyň edara binasyna girýärler, onuň maslahatlar zalynda şol pursat “Galkynyş” känini özleşdirmegiň haýran galdyryjy möçberleri we esasy tapgyrlary barada gürrüň berýän wideofilm görkezilýär. Şu günki dabara gatnaşýan köpsanly adamlar döwlet baştutanlaryny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Türkmen Lideri myhmanlary hem-de döwlet sapary bilen Türkmenistana gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpini mähirli mübärekläp, şu günki wakanyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň «Galkynyş» gaz käninde işe girizilýän harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumynyň sebitde iň iri gaz üpjünçilik desgasy bolup durýandygyny aýratyn belledi. Türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ygtybarly we uzak möhletli ibermäge niýetlenen toplumyň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gaz känini özleşdirmäge gatnaşan türkmen, hytaý we beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň işçilerine, inženerlerine, tehniki işgärlerine, hünärmenlerine we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
“Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi energetika pudagynda Türkmenistan bilen Hytaýyň netijeli hyzmatdaşlyk edýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda örän üstünlikli we netijeli ösdürilýär hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar, kontinentde makroykdysady ýagdaýlara uly we oňyn täsirini ýetirýär” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň ahyrynda «Türkmenistan–Hytaý» halkara gaz geçirijisiniň işe girizilmegi netijesinde, türkmen tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna iberilip başlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze gaz geçiriji Türkmenistandan Hytaýa ýylda 40 milliard kub metr möçberde tebigy gazy ibermäge niýetlenendir.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 2011-nji ýylyň noýabrynda täze Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşykda Hytaýa ýylda goşmaça 25 milliard kub metr möçberde türkmen tebigy gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Bu Ylalaşygyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen, Hytaýa her ýylda iberilýän tebigy gazyň umumy möçberi 65 milliard kub metre ýetiriler.
Şu maksat bilen düýn Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygymyzda «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisiniň täze – dördünji şahasynyň gurluşygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk we onuň geçiriljek ugruny ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aziýa kontinentiniň üstünden geçiriljek turba geçiriji energetika pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ajaýyp mysaly bolup hyzmat eder. Şeýle hem, bu gaz geçirijiniň gurulmagy energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky strategiýamyzyň dogrudygyny we netijelidigini tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Hytaý» gaz geçirijisiniň ulanylmagynyň iki tarap üçin hem bähbitli bolmakdan başga-da, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine uly goldaw berendigini we berýändigini aýratyn nygtady.
Türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman zawodlar toplumynyň gurulmagy energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň ykdysady we geografiýa taýdan iň amatly dowamy bolup durýar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, biz halkara energetika syýasatynyň esasy meselelerine we onuň örän möhüm düzüm bölegi bolan energiýa howpsuzlygyna bolan garaýyşlarymyzda ýurtlarymyzyň arasynda birek-birege doly düşünilýändigi barada ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermek meseleleri boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny dünýä giňişliginde üýtgewsiz goldaýandygyny aýdyp, şu meselede şeýle netijeli we jogapkärli orny eýeleýändigi üçin, hytaýly dostlarymyza uly minnetdarlyk bildirdi.
Energiýa howpsuzlygy meselesine örän uly üns bermek bilen, Türkmenistan iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermegi üpjün etmegiň täze halkara-hukuk usulyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Elbetde, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmazdan, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmazdan, bu usuly döretmek mümkin däldir diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, şu günki çärä wekilleri gatnaşýan ähli döwletlere we halkara guramalaryna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleri bilelikde çözmek boýunça halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň we netijeli işleri alyp barýandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde biziň Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen amala aşyrýan bilelikdäki giň gerimli taslamalarynyň iki döwletiň geljege ynamly garaýandyklarynyň aýdyň şaýady bolup durýandygyny belledi. Bu taslamalar geljekde uzakmöhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar.
“Biz bu mümkinçilikleri halklarymyzyň ösmegine we öňe gitmegine, parahatçylygyň hem-de gülläp ösüşiň hatyrasyna doly gönükdirmegi maksat edinýäris” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we dabara gatnaşýanlaryň ählisini geljegi uly bolan bilelikdäki iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Soňra dabara gatnaşyjylaryň öňünde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi.
HHR-iň Başlygy hytaý we türkmen hünärmenlerini “Galkynyş” gaz ýatagynda desgalar toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Munuň özi üstünlikli ösýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýene bir nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwrüň belent ruhuna laýyklykda iki ýurduň gurluşykçylary işleri ýokary hilli hem-de tiz ýerine ýetirip, ýokary ussatlygy görkezdiler diýip, Hytaýyň Lideri aýratyn belledi.
HHR-iň Başlygynyň soňra çykyşyny dowam edip nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu taslama berilýän hemme taraplaýyn goldaw onuň üstünlikli tamamlanmagynyň örän ygtybarly hem-de pugta kepili bolup durýar. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berip, “Galkynyş” ýatagynyň abadanlaşdyrylmagynyň taslamasy biziň halklarymyzyň ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge tüýs ýürekden ymtylýandyklaryny beýan etdi diýip, Si Szinpi aýtdy.
Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde biziň energetika boýunça hyzmatdaşlygymyz örän okgunly häsiýete eýe boldy diýip, HHR-niň Başlygy sözüni dowam etdi. Häzirki döwrüň talaplaryna, iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine hem-de uly geljegine doly laýyk gelip, ol umumylykda bütin Orta Aziýa üçin örän uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen düýn geçirilen gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy energetika pudagynda geljekdäki özara hereketiň iki halkyň bähbidine laýyk gelip, täze has giň gözýetimlere çykjakdygyna ynam bildirdi.
“Galkynyş” diýen sözi gujurlylygy, galkynmagy aňladýar. Bu bolsa biziň gatnaşyklarymyzyň täze gujur hem-de anyk netijeler bilen doludygyny alamatlandyrýar diýip, HHR-iň baştutany Si Szinpin aýtdy.
Taryhy pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy ýörite gurnalan şar şekilli enjama basyp, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda harytlyk gazy arassalaýjy zawody işe girizýärler.
Şondan biraz wagt geçenden soň zalda ýerleşdirilen uly monitorda görkezilýän tehnologiki shemada gazyň hereketine we gaz arassalaýjy Baş desgada harytlyk gazyň gaz geçiriji ulgama baryp ýetendigini aňladýan alaw ýanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy ýazanlaryndan soň ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, binadan çykýarlar. Döwlet Baştutanlary kiçi awtobusa münüp, ulanylmagy berilýän nobatdaky desgalara tarap ugraýarlar, ýol ugrunda täze senagat toplumynyň esasy tehnologiki desgalaryna syn edýärler.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlyýan giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bilermenler ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde baharlandyrýarlar. Ýurdumyzyň eksport çäkleri häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerinde ýerleşen döwletleri birleşdirýär.
Häzirki wagtda türkmen ýangyç - energetika toplumynyň çözýän wezipeleriniň, şol sanda Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki nebitgazly sebitlerdäki täze geljegi uly ýataklary özleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça wezipeleriň giň möçberliligi strategiki taýdan örän wajyp ulgamda anyk ykdysady bähbitlilik şertlerinde giň halkara hyzmatdaşlyk üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar.
“Galkynyş” käni hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony özleşdirmek işine iri daşary ýurt firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mundan başga-da, häzirki wagtda bu ýerde gözleg işleri dowam etdirilýär. Hususan-da, şol işler bu ägirt uly nebitgaz zolagynyň meýdanyny hem-de senagat gorlaryny has takyk kesgitlemek maksadynda amala aşyrylýar. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde täze guýularyň burawlanmagy bar bolan uglewodorod serişdeleriniň deslapky bahasyna düýpli üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlarynyň awtoulag kerweni kuwwaty ýylda 20 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan senagat toplumyna gelýär. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ýangyç –energetika toplumynyň işgärleri we welaýatyň jemgyýetçilik wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Dostlukly ýurtlaryň Liderlerine gül desseleri gowşurylýar. Medeniýet we sungat işgärleri konsert bilen çykyş edýärler.
Şeýle hem “Galkynyş” ýatagynda gazy çykarmak, toplamak, gaýtadan işlemek we ugratmak bilen baglanyşykly tehnologiki işleriň ählisiniň doly awtomatlaşdyrylandygyny, dispetrçerçilik nokadynyň elektron we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemelidiris. Olar desgalaryň ygtybarly işlemegini hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýär.
Käniň çäginde wahta usulynda işleýän hünärmenleriň ýaşamagy üçin iki sany şäherçe hem guruldy. Olaryň biri 712 adama, ikinjisi bolsa 1200 adama niýetlenendir. Bu şäherçelerde adamlaryň ähli amatlyklaryň hözürini görüp ýaşamaklary, olaryň göwnejaý dynç almagy hem-de medeni, köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Hususan-da, öýlerdäki bir we iki orunlyk otaglar ähli zerur zatlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sport merkezi we sport meýdançalary, kitaphana, naharhana, dükan we çörek bişirilýän kärhana, lukmançylyk otagy, myhmanhana, awtoduralga, aragatnaşyk ulgamy, ýangyna garşy göreş deposy bar.
Ýene-de bir tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin toplumy dolandyryş nokadyna barýarlar we dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýörite herekede getirijiniň kömegi bilen Baş desgalar toplumynyň birinji bölegini, soňra bolsa ikinji bölegini işe goýberýärler. Monitorda “mawy ýangyjyň” ilkinji kub metrleriniň senagat desgalarynyň gaztransport ulgamyna baryp ýetişi görkezilýär.
Şeýlelikde, dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni senagat taýdan ulanmaga berildi. Bu şanly waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, okgunly ösýän Türkmenistanyň üstünlikleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Ýeri gelende aýtsak, düýn geçirilen ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda Ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi, bular iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika pudagyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň binýadyna öwrüldi. Olaryň arasynda Hytaýyň Döwlet Ösüş bankynyň we Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmagyň ikinji tapgyryna gatnaşmagyna degişli resminamalar bar. Hususan-da, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we CNPC arasynda baglaşylan Şertnamalaryň birinde bu gaz käninde ýylda 30 milliard kub metre barabar möçberde harytlyk gazy öndürmek boýunça desganyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak göz öňünde tutulýar.
Täze senagat toplumynyň işe goýberilmegi mynasybetli baýramçylyk nahary berildi. Oňa Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary gatnaşdylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.
Dabara tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşýarlar.
Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip, hormatly Prezidentimiz we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy şu günki giň möçberli wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek nygtadylar hem-de Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar. Iki döwletiň Baştutanlary türkmen we hytaý halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, Marydan ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.