Ï Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze nyşanlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze nyşanlary

view-icon 1211
Şu gün özüniň Mapry welaýatynda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde Bagt köşgüniň we Mary etrabynda gurlan elewatorly hem-de degirmenli çörek önümlerini öndürmek boýunça kärhananyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, şeýle hem teleköpri arkaly Türkmenabat şäherinde gurlan şunuň ýaly däne üweýji kärhananyň işine badalga berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we biziň ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Mary welaýatyna gelip “Galkynyş” gaz käninde harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumynyň ulanyşa tabşyrylmagyna bagyşlanan dabaralaryna gatnaşdylar.

Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň taslamalary Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň strategik çözgütleriniň miwesidir. Bu bolsa özara bähbitli, dostluk we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýolunda, anyk ädim, şonuň bilen birlikde hem energetika strategiýasynyň hem-de iki ýurduň üznüksiz ykdysady ösüşleriniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň kuwwatly itergisi bolup durýar. Täze zawodlar toplumynyň üstünlikli işe girizilmegi diňe bir ikitaraplaýyn kooperasiýany giňeltmän, eýsem şonuň bilen birlikde dostluk, özara düşünişmek hem-de döwletleriň we dünýäniň halklarynyň arasynda ynam gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ajaýyp Nikalar köşgüniň, öz belent ruhy-hlak maksatlaryna we däbe öwrülen maşgala gymmatlyklaryna üýtgewsüz ygrarlydygyny alamatlandyrýan “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Häzirki zamanda milli Liderimiziň köp maksatlary öz içine alýan umumymilli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda ýurdumyzyň hemme beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da iri möçberli gurluşyklar ýaýbaňlandyrylandar. Bu bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze “Bagt köşgüniň” öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar we myhmanlar garşylaýarlar. Olaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatyň we etraplaryň häkimleri, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň il sylaglary ýaşululary bar. Elbetde, bu ýerde şu goşa baýramçylyk we şanly günde ilkinjileriň hatarynda nika baglaşmak bagty miýesser eden ýaş çatynjalar hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy dürli toý baglary, baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen köşgüň esasy girelgesiniň öňüne gelp saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Nikalar köşgi Mary şäheriniň merkezinde, Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşip, soňky ýyllarda ençeme dolandyryş binalary gurlan şäheriň bu gözel künjegindäki binalar toplumyna sazlaşykly goşuldy. Köşk toplumynda gözellik we amatlylyk, häzirki zaman inženerçilik – tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary we türkmen binagärliginiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Bu gün dürli reňkli toý baglaryna, howa şarlaryna beslenen “Bagt köşgi” aýratyn baýramçylyk görnüşine eýe boldy.

Uly we nurana toý dabarasyna welaýatyň döredijilik toparlary joşgunly goşulyp, ýaş çatynjylaryň tansyny ýerine ýetirýärler. Häzirki zaman tans owazlary, gyzlaryň we oglanlaryň ajaýyp toý lybaslary dabara aýratyn öwüşgün çaýyp, bu ýere gelen ýaş çatynjylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan wakasyny şöhlelendirýär.

Ajaýyp tans çykyşlaryň ahyrynda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygynyň nyşany hökmünde açyk asmana ak howa şarlarynyň müňlerçesi uçurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara mynasybetli ýörite taýýarlanan münbere geçýär.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere ýygnananlary şu günki şanly waka – Mary şäherinde häzirki zaman “Bagt köşgüniň” açylmagy, şeýle hem Mary etrabynda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen däne önümleriniň kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysady kuwwaty barha artýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly möhüm ähmiýetli binalar hem-de desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şol binalaryň biri-de, Mary şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine özboluşly görk goşýan Bagt köşgüdir. Bu köşgüň gurluşygyna geçen ýylyň aprel aýynda badalga berildi.

Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan bu binanyň tutýan umumy meýdany 20 müň inedördül metrden ybaratdyr. Üç gatdan ybarat köşkde toý dabaralary geçirilýän 500 orunlyk döwrebap zal, ýaş çatynjalaryň nika baglaşmak dabaralaryny geçirmäge niýetlenen iki sany 100 orunlyk zal, şeýle hem bu ýere gelýän adamlara dürli harytlary hödürleýän dükanlar we foto studiýalar ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bagt köşgünde diňe bir döwrebap durmuş toýlary we beýleki dabaralar geçirilmän, eýsem türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşjak çäreler hem yzygiderli guralar. Bu ýerde halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, toý-baýramlaryny, aýdym-saz sungatyny içgin öwrenýän hünärmenleriň işini guramak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem, toý-baýramlar üçin milli lybaslary, dürli sowgatlary taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly täsirli çäreler geçiriler.

Bulardan başga-da, Bagt köşgünde raýatlaryň ýüztutmalary boýunça dürli hyzmatlar hem ýola goýlar. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin, umuman, häzirki zaman toýlaryny döwrüň talaplaryna laýyk, ýokary derejede geçirmek üçin Bagt köşgünde ähli zerur şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özboluşly medeni-usulyýet merkezi boljak Bagt köşgüniň milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde we ösdürmekde uly ähmiýeti bolar.

Welaýat merkezinde şeýle ajaýyp Bagt köşgüniň gurlup, ulanmaga berilmegi merdana halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga we ösdürmäge döwletimiziň örän uly üns berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Dabara gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, döwlet Baştutanymyz şu gün Bagt köşgünde ykballaryny birikdirip, täze maşgala döredýän ýaş çatynjalary tutýan durmuş toýlary bilen tüýs ýürekden gutlady. Toý tutýan ýaşlara berk jan saglyk, agzybirlik, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Mary welaýaty hem ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär diýip belledi. Häzirki döwürde welaýatda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz bu desgalaryň hatarynda «Marykarbamid» zawodyny, «Galkynyş» gaz käninde gurulýan desgalary we beýleki köp sanly desgalary görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýn «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlaýan iri zawodlar toplumyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen bilelikde dabaraly açyp, ulanmaga berlendigini belledi.

Soňra milli Liderimiz eziz Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem güýçli depginler bilen ösýär diýip belledi.

Merdana daýhanlarymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ýylyň-ýylyna pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl hem edermen gallaçylarymyz Watanymyzyň ammarlaryna 1 million 600 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzda galla öndürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi has-da berkidilip, mundan beýläk-de ýokary sepgitlere ýetmek, halkymyzy azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ähli zerur işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap galla önümleri kärhanalarynyň we elewatorlaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu gün Mary etrabynda, şeýle hem Türkmenabat şäherinde ýene-de iki sany möhüm desganyň – bugdaý saklaýan elewatorly we un üweýän degirmenli täze galla önümleri kärhanalarynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berlendigini habar bermek bilen, hormatly Prezidentimiz bu döwrebap kärhanalar biziň edermen gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen ak bugdaýy zaýasyz saklamaga, mähriban halkymyzy ýokary hilli un bilen bolelin üpjün etmäge, şeýle hem goşmaça 360 orunlyk täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip belledi.

Şu gün ulanmaga berilýän galla önümleri kärhanalary jemi 150 müň tonna bugdaýy talaba laýyk saklamaga we ýylda 130 müň tonna ýokary hilli un öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhanalarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar oturdyldy. Galla önümleri kärhanalarynda işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri we talaba laýyk dynç almaklary üçin hem ähli şertler döredildi. Işleriň ählisi täze kärhanalarda indi has kämil tehnikalaryň kömegi bilen ýokary hilli ýerine ýetiriler diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, halkyň abadan we bagtly durmuşy hakynda alada türkmen döwletiniň esasy wezipesi bolup durýar diýip belledi. Ine, şonuň üçin geljekde hem ýurdumyzda oba hojalygynyň yzygiderli ösdürilmegine, gallaçy – ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine, halkyň ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün edilmegine uly üns berler diýip, türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlary şu günki şanly wakalar bilen ýene bir gezek mähirli gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny, şu gün açylýan binalardyr desgarlarda zähmet çekjeklere bolsa eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra köşgüň öňündäki meýdançada ajaýyp teatrlaşdyrylan çykyş, ýagny durmuş toýuna laýyk gelýän däp-dessurlar bilen hakyky türkmen toýy ýaýbaňlanýar. Bularyň hemmesi gelnanjy gelmeginiň däbi bilen başlanýar. Sazandalar, aýdymçylar we tansçylar toýuň başlanýandygyny jar edip, özüne çekiji aýdymlary we tanslary ýerine ýetirýärler. Däp boýunça zenanlar tämizlenmek däbini geçirýärler, şonda tüsse bilen ähli bele-beterler çykýar. Soňra toý däpleri başlanýar şonda gelin ilkinji gezek öýlenýän ýigidiň öýüniň bosagasyndan ätleýär.

Milli däp-dessurlar ýüzlerçe ýyllaryň geçmegi bilen özüniň durmuşy ykrar ediji manasyny we häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne haýran galmaly ýagdaýda laýyk gelýän göwün göteriji, döredijilikli häsiýetini biziň günlerimize çenli saklap galypdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk bilen Bagt köşgüniň esasy girelgesine tarap ugraýar. Dabaraly pursat gelip eltýär, döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda dabaralar holluna geçýär, şol ýerden üç gatly toplum bilen tanyşmak başlanýar.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar Bagt köşgüniň jaýlarynyň içki timarlanylyşyna we bezegli milli öwüşginine ýokary baha berdiler. Nikany dabaraly ýagdaýda resmileşdirmek we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin birnäçe zallar, zerur toý hyzmatlarynyň ählisini etmek üçin nokatlar, şol sanda toý lybasynyň awtomaşynlary toýa bezemek üçin salonlar we başgalar köp ugurly merkeziň düzümine girýär.

Döwlet Baştutany birinji gatda ýerleşen ýöriteleşdirilen dükanlary gözden geçirýär, olarda toý lybaslary, zergärçilik önümleri, dürli sowgatlyk we toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenilen önümler giňden görkezilýär, köşgüň işgärleri bilen söhbetdeş bolýar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa toý dabaralarynyň ajaýyp merkeziniň açylmagy üçin öz hoşallyklaryny beýan edýärler.

Bu ýerde, birinji gatda ähli zerur toý hyzmatlaryny etmek üçin dükanlar, şol sanda dürli görnüşdäki toý lybaslary, awtomaşynlary toý üçin bezemegiň zergärçilik önümlerini, milli şaý-sepleri prokata bermegiň salonlary, süýjülik dükanlary, fotosurat studiýasy we gözellik merkezi ýerleşýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýerleşen 500 orunlyk toý mekany bilen tanyşdy. Zalyň bezegi milli öwüşginli ýerine ýetirilipdir we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýere gelenlerde toýa gatnaşmak höwesini döredýän ajaýyp gündogar mukamy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanşyp, onuň esasy maksadynyň häzirki zaman dabaralarynda biziň milli däp-dessurlarymyzdan we urp-adatlarymyzdan, halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryndan ybarat bolan ruhubelent ýagdaýy we paýhaslylygy beýan etmekdigini nygtady. Bu ýerde geçiriljek her bir köpçülikleýin çäre, toý dabarasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, onuň özboluşly milli medeniýetine, biziň ajaýyp däp-dessurlarymyzyň gözelligine hem-de çuň manysyna laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz liftde üçünji gata çykýar, şol ýerde nikany resmileşdirmek üçin “Altyn zal” ýerleşýär. Onuň ady altyn sapaklar hem-de haly gölleriniň altyn şekilleri bilen bezelen diwarynyň “altynsöw” bezegine laýyk gelýär, bu zalyň içiniň ähli bezeglerinde şolar bardyr.

Bu ýerde milli Liderimizi nikalaşýan ajaýyp bäş jübüt bagtyýar ýaşlar garşylaýar. Nikalaşýanlaryň toý lybaslarynda milli däpleriň hem, toý modasynyň häzirki zaman ýewropa ugurlary hem beýan edilendigi guwançlydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalar bilen mähirli salamlaşyp, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli däplere laýyklykda ýaşlara bagtyýar bilelikdäki durmuşa ak pata berip, täze döreýän ýaş maşgalalara söýgüni, abadançylygy we uzak ýyllap bilelikdäki durmuşy arzuw edýär. Şu gün siziň her biriňiziň durmuşyňyzda örän bagtly günleriň biridir, siz täze durmuşa gadam urýarsyňyz, täze maşgalany döredýärsiňiz. Hormat goýmak, söýgi we özara düşünişmek siziň bilelikdäki durmuşyňyzyň bütin dowamynda hemraňyz bolsun diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenler toý hemişe şatlykly wakalara beslenýär diýip aýdýarlar. Siz bagtly ýaşlar, sebäbi siziň maşgala toýuňyz şu gün nikaňyzy resmileşdirilýän toý dabaralarynyň täze merkeziniň açylyşyna gabat geldi. Siz Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşandyňyzy goşmaga çalyşmalysyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Biziň halkymyzda şeýle paýhasly söz bar: “Maşgalada agzybirlik höküm sürse, şondan başga baýlyk gerek däldir!” diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Berk we dostlukly maşgala döwletimiziň synmaz esasydyr. Biziň döwletimiz mukaddes maşgala ojagyny saklamaga hem-de goramaga uly üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara bagt, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we agzybirlik arzuw etdi.

Nikalaşýanlar dabaraly ýagdaýda asylly däbe görä, öz nikalaryny gol çekip berkitdiler we biri-birine ýüzük dakdylar. Ýaşlar özboluşly däbi berjaý edip, düýe ýüňünden örülen alajany bir-biriniň goşaryna dakdylar. Häzirki wagtda öňler bolşy ýaly, bu däp umumy şadyýanlyga şatlyk goşup her bir türkmen oýünde geçirilýär.

Däp bolan dessurlar tamamlanandan soň, ýaşlar ýaş maşgalalaryň abadançylygy hakynda işjeň alada edýändigi üçin, ajaýyp sowgat bolan Bagt köşgüniň täze ajaýyp binasy üçin, şeýle hem häzirki dabaralara milli Liderimiz gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Nikalaşýanlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy toýa çagyrdylar, şol toý agşam täze “Bagt köşgünde” geçiriler.

Şu günki unudylmaz wakalaryň hormatyna ýaş çatynjalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşlar bilen surata düşdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany liftde birinji gata düşüp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar, nikalaşýanlara söýgi, özara düşünişmek abadançylyk arzuw edýär.

“Bagt köşgüniň” açylyş dabarasy tamamlanandan soň milli Liderimiz toý dabaralarynyň täze merkezine awtomobiliň açaryny sowgat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni Mary etrabyna ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyz bir ýylda 50 müň tonna un öndürmäge hem-de 50 müň tonna däne saklamaga niýetlenen, däne önümleriniň täze kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka welaýatlarda iri möçberli özgertmeleri hem-de milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we Watanymyzyň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini hem-de hilini ýokarlandyrmagy maksat eden özgertmeleriň ýolunda nobatdaky möhüm çärä beslendi.

Türkmenistanyň Prezidenti şular ýaly taslamalaryň başyny başlap, welaýatlarda ösen önümçilik, ulag, inženerçilik aragatnaşyk we durmuş düzümlerini döretmek wezipesini öňde goýýar, şol taslamalar welaýatlary mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk usuly bolmalydyr. Şunuň ýaly, maksatnamalaýyn-belli bir maksatly çemeleşmek ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmegiň we ilatyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň derejesini häsiýetlendirýän möhüm garaýyşlaryň sazlaşygy bilen şertlenýär.

Owadan bezelen iň häzirki zaman däne üweýji toplumyň ýanynda ählumumy şowhunlylyk we baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we etrabyň häkimleri bu ýere ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri bar.

Hemmeler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňünde sungat ussatlary şanly waka bagyşlanylan ajaýyp döredijilik bilen çykyş edýärler. Artistler edebi-sazly çykyşlarda täsirli çeper keşplerde ak bugdaýyň watany bolan eşretli türkmen topragynyň ähli sahylygyny, bol hasyly ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň zähmetsöýerligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirtligini halkymyzyň öz Arkadagy bilen agzybirligini wasp etdiler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär, Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär, täze häzirkii zaman däne önümleriniň kärhanasy açylýar.

Döwlet Baştutanymyz un gaplaýan sehe geçýär, şol ýerde milli Liderimizi oba senagat toplumynyň işgärleriniň-mehanizatorlaryň, kombaýnçylaryň, ekerançylaryň, çörek bişirijileriň lybasyndaky çagalar garşylaýarlar, olar ruhubelentlik bilen goşgy okaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentini ýörite oturdylan enjamyň ýanyna geçmäge çagyrýarlar, şol ýerde milli Lideritmiz düwmäni basyp, kombinatyň ähli sehlerinde önümçiligi işe girizdi.

Şol wagt ekranda täze önümçilik toplumy, bu ýerde ulanylýan tehnologiki çyzgylar we enjamlar hakynda gürrüň berýän filmiň şekilleri peýda bolýar.

Ýokary standartlara we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyklykda gurlan kuwwatly elewator desgalaryň tutuş toplumyny, ýagny dik uly gaplar görnüşinde silos enjamlaryny, guratmak üçin jaýlary hem-de bugdaýy wagtlaýyn saklamak üçin telärleri, ammar jaýlaryny, dolandyryş binasyny, barlaghanany we beýleki jaýlary özünde jemleýär. Däne saklanylýan jaý energiýa üpjünçiliginiň, ýyladyşyň, şemalladyşyň we ýangyna garşy howpsuzlygyň özbaşdak ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde işgärler üçin ähli şertler döredilipdir, ýagny naharhana, suwa düşülýän ýer, dynç alyş otaglary we beýleki kömekçi jaýlar bar.

Elewator düýbünden täze tehnologiki işi bilen tapawutlanýar. Bugdaýy uzak wagtlap saklamagyň we guratmagyň şertlerinde belli bir aralykdan gözegçilik etmegi özbaşdak düzgünde işleýän kompýuterler öz üstüne alýarlar. Agramyny çekmekden, hilini barlamakdan dänäniň saklanylýan ýerini we usulyny kesgitlemäge çenli ähli işleri dolandyrmagyň we awtomatlaşdyrmagyň toplumlaýyn ulgamy üpjün eder.

Degirmen binasynda dänäni rejeli gaýtadan işlemek, ýokary hilli un öndürmek üçin ähli şertler bar. Dänäni üwemäge oňat hilli taýýarlamak muňa ýardam eder. Utgaşdyrylan arassalaýjy enjam dänäni garyndylaryň ähli görnüşlerinden arassalar. Däne arassalanmazdan öňürti çyglylandyrylar we az wagtlyk saklanar. Şu maksatlar üçin toplumda suw dolulygyna goşmaça arassalanar, ýumşadylar, gyş wagtlary bolsa gyzdyrylar. Dänäniň çyglylygynyň öz-özünden düzgünleşdirilmegi başky çyglylygyyna garamazdan, ony zerur ýagdaýa getirmäge mümkinçilik berer. Çykarylýan unuň hemmesi zerur maddalar bilen baýlaşdyrylar. Täze toplumda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy önümçilikde ekologiýa ölçegleriniň ýokarlanmagynda netijeli orny eýeleýär.

Mary etrabynda dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça toplumyň häzirki ulanylmaga berilmegi ýerli ekerançylar üçin ägirt uly ähmiýeti bolar. Bu ýere goňşy etraplardan türkmen ekerançylarynyň zähmetsöýer elleri bilen ösdürilip ýetişdirilen dänäniň her ýylky hasyllarynyň akymlary ugradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dürli tehnologiki amallar bilen ünsli tanyşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sehlere baryp görmeginiň barşynda kärhananyň hünärmenleri şeýle häzirki zaman önümçilik toplumynyň gurlandygy üçin milli Lierimize çuňňur hoşallyk bildirdiler, şonda önümçiligiň ýokary tehnologiki derejede üpjün edilmegi we awtomatlandyrylan ulgamlar bilen bir hatarda işgärleriň işlemegi üçin has oňaýly şertler döredildi, hem-de şeýle alada jogap hökmünde ýurdumyzyň we halkymyzyň eşreti ugrunda döwletiň edýän aladasyna öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna üçin ak ýürekli zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar.

Un gaplanýan sehde şu günki günüň ýene-de bir dabaraly çäresi—göni ýaýlymda Türkmenabat şäherinde bir ýylda 80 müň tonna uny gaýtadan işleýän hem-de 100 müň tonna dänäni saklamaga ukyply “Gallaönümleri” kärhanasynyň açylyşy bellenildi. Bu ýerde teleköpri üçin kärhananyň işine onlaýn-düzgüninde badalga bermäge mümkinçilik berýän uly monitorlar oturdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti öz ornuny eýeleýär. Dabaranyň açylyşy yglan edilýär. Teleköprüde Türkmenabat şäheri aragatnaşyga çykýar.

Ekran arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Lebap welaýatynyň häkimi we hormatly ýaşulular mübärekleýärler. Olar hemmeleri dabaraly wakalar bilen gutlap hem-de täze un üweýän toplumyň welaýatyň senagat we durmuş taýdan ösmegi üçin uly peýdanyň getirjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzdan önümçiligiň işe girizilmegine ak pata bermegini haýyş edýärler.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda welaýatyň häkimi we hormatly ýaşulular milli Liderimiziň ak patasyny alyp, toý bagyny kesýärler hem-de ýörite gurnalan enjamda oturdylan düwmä basyp, kärhananyň işine badalga berýärler.

Wakalaryň geçýän ýerinden göni reportažda täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan iň döwrebap önümçiligiň otaglarynyň bina edilişi beýan edilýär.

Ýylda ýokary hilli unuň 80 müň tonnasyny çykarmak boýunça toplumy özünde birleşdirýän täze senagat merkezi, kuwwaty 100 müň tonna dänäni saklamak üçin gurlan elewator we beýleki desgalar dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. 5,2 gektar meýdanda toplumyň önümçilik, kömekçi we sosial-durmuş düzümleri ykjam ýerleşdirilipdir.

Toplumyň düzümindäki hemme desgalar döwrebap gurnamalaryň we tehnologik ölçegleriň peýdalanylmagy bilen gurlupdyr. Elewator 12 sany silos enjamlaryndan – laboratoriýa seljermelerinden, guradylmadan hem-de arassalanylanyndan soň, gelip guýuljak bugdaýyň saklanjak ýerinden ybaratdyr. Bugdaýyň saklanjak ýeri hemişelik temperaturanyň saklanmagy hem-de dänäniň ýelejiredilip durulmagy üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi dänäniň oňat hilli we uzak saklanmagyny üpjün eder. Köp gatly degirmen korpusynda dänäni netijeli gaýtadan işlemek, ondan ýokary hilli un çykarmak üçin hemme şertler bar. Muňa dänäniň ýokary hilli üwelmegine taýýar edilmegi ýardam berer. Birleşdirilen ýörite enjam bugdaýy ähli görnüşli garyndylardan arassalar.

Un üweýji merkeze döwrebap awtomobil we demior ýoly, inžener kommunikasiýa çekilendir. Ýangyna garşy howpsuzlyk ulgamy göz öňünde tutulandyr. Toplum özbaşdak suw we ýylylyk beriş ulgamy bilen üpjün edilendir. Önümçilikde işleýänler üçin oňat durmuş şertleri göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde gowy naharhana, dynç alyş otaglary, durmuş otaglary, lukmançylyk otagy we beýlekiler bar.

Bu döwrebap toplumyň ulanyşa tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň ilaty üçin, esasan hem azyklyk bugdaýyň önümçiliginiň möçberlerini durnukly ýokarlandyrmaga ymtylýan etrabyň gallaçy daýhanlary üçin uly ähmiýete eýe bolar. Soňky 20 ýylyň içinde Amyderýa sebitiniň babadaýhanlary bugdaý ýygnamagyň jemi möçberini 7 esse diýen ýaly ýokarlandyrdylar. Eger 1992-nji ýylda bu görkeziji 57 müň tonna bolan bolsa, 2012-2013-nji ýyllarda ol her ýylda 350 müň tonnadan geçdi.

Teleköpri aragatnaşygynda kärhananyň işgärleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa pudagyň zähmetkeşleri barada aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler hem-de özleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Lebaplylary täze un üweýji toplumyň açylmagy bilen mähirli gutlap, olara işlerinde üstünlik, maşgala abadançylygyny we jan saglyk arzuw etmek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle hem kärhananyň gurluşygyna hemme gatnaşanlara minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde un we unaş önümleriniň, oba hojalyk önümleriniň we gaýtadan işleýji senagatyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Gadymy çörek bişirijilik işiniň döwrebap mümkinçiliklerini beýan eden sergide un üweýiş, unaş we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi, şeýle hem ýurdumyzyň bakjaçylyk, gök ekerançylyk, pagtaçylyk, tohumçylyk pudaklarynyň önümleri we beýlekiler görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary etrabynda ýerli gurluşykçylar bilen bilelikde çörek önümlerini öndürýän täze kärhanany bina eden türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Türkmenistanda şeýle desgalaryň ýene 8-siniň gurulýandygyny aýtdy we bu ugurda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Şol kärhanalar we açylmagy meýilleşdirilýän önümçilikler diňe bir ýokary hilli çörek önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, onuň görnüşlerini köpeltmäge däl-de, eýsem, ýurdumyzda ak bugdaýdan öndürilen ak unuň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy öz işgärleriniň adyndan milli Liderimize bildiren ynamy we hormaty üçin hoşallyk bildirdi. Türk firmanyň hünärmenleriniň bellenilen işlere başlamaga taýýardygyny bellemek bilen, ol döwlet Baştutanymyzy öz taryhy watanlary bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşup, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz tanyşlygyň ahyrynda hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyrdy we dabara gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Mary şäheriniň howa menziline ugrady we şol ýerden Aşgabada uçdy.