Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň (ÝYT) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Swen Alkalaýy kabul etdi.
Ýokary wezipeli myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, BMG-niň ÝYT-nyň we tutuşlygyna alnanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýändigini hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini nygtady. Şunda jenap Swen Alkalaý ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşi bilen şertlenen hem-de onuň dünýä hojalyk aragatnaşygynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýän, Türkmenistanda ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeleriň we reformalaryň dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz BMG-niň Ýewropa ykdysady topary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesinden kanagatlanýandygyny beýan edip, biziň ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman biziň ýurdumyzyň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň arasynda, şol sanda şu ýyl BMG-niň ÝYT-nyň 65-nji maslahatynyň bäşinji mejlisinde iki ýyllyk döwre şu Toparyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy we birnäçe ugurlar hyzmatdaşlygyň möhum ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Bu babatda BMG-niň ÝYT-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän, parahatçylygy we howpsuzlygy, sebitleýin we giň möçberde durnukly ösüşi üpjün etjek döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny beýan etdi. Jenap Swen Alkalaý BMG-niň ÝYT-nyň işinde Türkmenistanyň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, biziň ýurdumyzyň 2015-nji ýyldan soňky döwürde ösüşiň giň möçberli maksatlaryny kesgitlemäge goşýan goşandyny belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biriniň düzümine—2013-2015-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) düzümine saýlanmagy hem Türkmenistan bilen BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Ýokary wezipeli myhman munuň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belläp, biziň ýurdumyzyň ösüşiniň depginleriniň hem-de türkmen halkynyň rowaçlygyny üpjün edýän öňdebaryjy özgertmeleriň örän täsirlidigini nygtady. Jenap Swen Alkalaýyň belleýşi ýaly, "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy özünde aýratyn täsir galdyrdy, ol Türkmenistanda bolýan mahaly şol zolaga hem baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary wezipeli myhman Hazaryň türkmen kenarynda emele gelýän täze syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylary çekmek hem-de halkara derejesinde dürli çäreleri geçirmek üçin ajaýyp şertlere eýedigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz we BMG-niň ÝYT-nyň Ýerine ýetiriji sekretary hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň arasyndaky ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.