Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Kaýrat Mamini kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň adyndan mähirli salam aýtdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen nobatdaky duşuşyga örän şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Gazagystanyň hökümeti öz lideriniň ýolbaşçylygynda durmuş - ykdysady ösüşinde täsin galdyrýan üstünlikleri hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giňden ykrar etmegini gazanan doganlyk Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutanymyz mähirli sözleri üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygyny minnetarlyk bildirip, öz gezeginde dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Gazagystan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategiki ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn özara hereketiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen- gazak özara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine kuwwatly itergi berdi.
Netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, türkmen Lideri we Gazagystanyň Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy onuň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etmäge taraplaryň özara taýýardygyny nygtadylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklary berkitmek, kanun çykarjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, şeýle hem iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli gumanitar gatnaşyklary ösdürmek görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kaýrat Mami hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen - gazagystan gatnaşyklarynyň mundan beýläk has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Gazagystanyň Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ýygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew gatnaşdy.
***
Şu gün Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gazagystanyň Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Kaýrat Maminiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde we ýurdumyzyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edildi.
Türkmenistanyň milli parlamentinde bolan duşuşygyň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş -ykdysady ösüşlere we türkmenistanlylaryň hal -ýagdyýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ýola goýlan netijeli aragatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyşarnyksyz eýerýändiklerini tassyklap, iki dostlukly ýurduň parlamentarileri hukuk ulgamynda özara hereketi giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň maksatnamasynda myhmanlaryň şeýle hem Türkmenbaşy şäherine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.