Ï Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 818
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynyň barşynda Mary şäheriniň Ruhyýet köşgündäki kabulhanasynda Koreýa Respublikasynyň dünýä meşhur “LG International Corp.” hem-de “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Ýeng Bong Hany we Wi Çul Kimi kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, türkmen Liderine dünýäde iri “Galkynyş” gaz käninde meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi, şol sanda Günorta Koreýanyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurlan harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumynyň düýn bolan açylyş dabarasyna gatnaşandygy tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, işewürler ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri bolan hem-de şol sanda strategiki energetika ulgamynda syýasatyny oňyn halkara hyzmatdaşlyk ýöredýän Türkmenistan bilen ýola goýlan işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Jenap Ýeng Bong Ha we jenap Wi Çul Kim ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge özleriniň gatnaşmagyna tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň gatnaşmagyny giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koreýaly hyzmatdaşlyryň işewür hyzmatdaşlyga şular ýaly başlangyç bilen çemeleşmeklerini kanagatlanma bilen belläp, biziň ýurdumyzyň netijeli giň gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny hem-de innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmäge gyzyklanýandygyny nygtady, biziň ýurdumyz öz ykdysady ösüşinde şolara çalyşýar. Türkmenistan ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolmak we milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirip, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň ygtybarly we jogapkär işewür hyzmatdaşlary hökmünde özüni görkezen “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň açylýan mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Işewürler “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalarynyň biziň ýurdumyza öz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, tejribesini bermäge taýýardyklaryny tassyklap, koreý kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe tekliplerini aýtdylar. Şunda myhmanlar halkara işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de bu ýerde iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga barha artýan gyzyklanmasyny bellediler, munuň özi türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän öňdebaryjy syýasat hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlenendir.

Duşuşygyň ahyrynda koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Сo.Ltd” kompaniýalaryna ynam bildirilendigi hem-de işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.