Ï Türkmenistanyň Prezidenti Petrofac Limited kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Petrofac Limited kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 1036
Şu gün Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäheriniň Ruhyýet köşgündäki kabulhanasynda Petrofac Limited kompaniýalar toparynyň (Birleşen Arap Emirlikleri) ýolbaşçysy jenap Aýman Asfarini kabul etdi.

Türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp, arap kompaniýasynyň ýolbaşçysy iri “Galkynyş” gaz käninde bina edilen gazy gaýtadan işleýji zawodlar toplumynyň we beýleki birnäçe desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak hormatyny bildirendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Jenap Aýman Asfari Günorta Ýolötende baý uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek boýunça iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna Petrofac Limited kompaniýasynyň dahyllydygyna buýsanýandygyny aýtdy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň kuwwatly gaz mümkinçiligini ep-esli artdyrmaga niýetlenendir diýip, işewür nygtady.

Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmen döwletiniň Baştutany, dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolan, biziň ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýandygyny belledi. Tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşary ýurtlara ugradylyşyny, ozal hereket edýän energetika magistrallary arkaly bolşy ýaly, geljekde meýilleşdirilen ugurlar boýunça hem eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak munuň möhüm jähedi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly iş tejribesine we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara eýe bolan bütin dünýä meşhur kompaniýalar bilen Türkmenistanyň ysnyşykly özara hereketleri ýola goýmagynyň ähmiýetini nygtap, Petrofac Limited kompaniýasynyň Türkmenistanda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky özara pikir alyşmalaryň barşynda arap işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Baştutanyna bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy barada habar berdi. Türmen bazarynyň geljeginiň ulydygyny hem-de daşary ýurt firmalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň köpdügini belläp, Petrofac Limited kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy nebitgaz pudagynda iri möçberli täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga meýilleri barada aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Aýman Asfari Petrofac Limited kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigine Türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.