Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi

view-icon 761
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň başlygy jenap Ali Ardaşir Larijanini we Eýranyň nebit ministri jenap Bižan Namdar Zanganeni kabul etdi.

Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutany bilen salamlaşyp, wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de hormatly Prezidentimize EýranYslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli salamy gowşurdy. Myhman Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş eýran halky ýaly, Türkmenistana hoşniýetli goňşy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň adyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, türkmen döwletiniň parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän syýasata ygrarlydygyny belledi hem-de goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandylyrmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşugyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we myhmanlar hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyna, iki halkyň dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna, taryhy, medeni hem-de ruhy taýdan umumylyga esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz we Eýranyň wekiliýetiniň agzalary dürli ugurlar boýunça giň gerime eýe bolan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini belläp, onuň mundan beýläk-de yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyny nygtadylar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz we Eýranyň nebit ministri energetika ulgamyndaky özara arkalaşykly hereketiň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde örän oňat mysal bolup durýandygyny belläp, şu ugurda bilelikdäki işiň çaltlandyrylmalydygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen uly möçberli ençeme taslamalaryň diňe bir türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady mümkinçiliklerini mundan beýläk-de äşgär etmekde däl-de, energetika boýunça ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda wajyp ähmiýetlidigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda energiýa çeşmelerini we olary ýetirmegiň serişdelerini deňhukukly, bökdençsiz we kepillendirilen ýagdaýda elýeterli etmek bilen bagly meseleleriň ählumumy ähmiýete eýe bolandygyny nygtap, munuň öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we ulanyjylaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça umumy ýörelgeleri, oýlanyşykly düzgünleri işläp taýýarlamak maksady bilen şol meseleleriň BMG-niň derejesinde çözülmegini talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäde energiýa serişdelerini durnukly ýagdaýda ibermegiň halkara guralyny işläp taýýarlamak boýunça BMG-niň howandyrlygynda bilermenleriň toparlaryny döretmegiň maksada laýyklygy barada teklibi orta atdy.

Duşuşygyň çäklerinde, türkmen Lideri we Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy parlamentarileriň halklaryň arasynda özara düşünişilmeginiň we ynamyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary dostlukly gatnaşyklara we doly möçberli hyzmatdaşlyga esaslanýan ugra ygrarly bolup durýan iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.

***

Şu günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň başlygy jenap Ali Ardaşir Larijaniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň batly depginler bilen ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Mejlisiň işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk reformalary we demokratik özgertmeler jähetinden onuň eýeleýän orny duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, iki ýurduň wekiliýetleriň arasynda oňyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Eýranyň wekiliýetiniň agzalary ysnyşykly parlamentara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini bellediler.

Myhmanlar Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk hem göz öňünde tutulýar. Jenap Ali Ardaşir Larijani şol ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň öňünde çykyş eder. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary Mary şäherine baryp görerler.