Şu gün Hazaryň kenarynda ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe weterinariýa işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojaylk ministrligi tarapyndan geçirilýän foruma ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan, Kanadadan, Tunisden, Polşadan, Litwadan,Ukrainadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan işi oba hojalyk ulgamy bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, milli ylymlar akademiýalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Wekiliýetleriň arasynda iri halkara guramalarynyň – Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goramak guramasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýä weterinariýa assosiasiýasynyň, Ýewropa komissiýasynyň, Emirlikleriň Atçylyk federasiýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýlekileriň wekilleri bar.
Bu maslahata uly gyzyklanma bildirilmegi onuň gün tertibine girizilen hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň wajyplygy bilen şertlendirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli öňe sürýän, häzirki zamanyň düýpli wezipelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň hem-de oňyn teklipleriniň derwaýysdygyny tassyklaýar.
“Hasyl” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylary gutlap we olara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edip, bu halkara ylmy maslahatyň Türkmenistanda weterinariýa işini kämilleşdirmekde, bu ulgamda halkara hyzmatdaşylygyny pugtalandyrmakda örän uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda täze belent sepgitlere ýetilýär hem-de buýsançly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda, şol sanda maldarçylykda gazanylýan her bir zähmet üstünliginiň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýawsyz yhlasynyň we döredijilikli zähmetiniň durandygyny bellemek gerek diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.
Şunuň bilen baglylykda, maldarçylyga, tohumçylyk işine, şol sanda bütin dünýäde şan-şöharata eýe bolan ahalteke bedewlerini köpeltmäge aýratyn üns berilýär. 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň döwlet weterinariýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, halkara ülňülerine laýyklykda onuň işini kämilleşdirmek ulgamynda anyk ädimler ädilýär.
Maslahatyň gün tertibine azyk önümleriniň ählumumy bazaryny ösdürmek, obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, haýwanlaryň, guşlaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de degişlilikde oba hojalyk ylmynyň möhüm pudagy hökmünde weterinariýany hemmetaraplaýyn ösdürmek arkaly azyk önümleriniň ýokary hilli we howpsuz bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Şu günki mejlisiň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar milli, sebitleýin we halkara derejelerinde bu ulgamlarda ylylaşykly syýasaty durmuşa geçirmek, degişli döwlet strategiýalaryny işläp taýýarlamak babatda pikir alyşdylar. Şu meseleler barada, hususan-da, özüne 180-e golaý döwleti birleşdirýän Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goramak guramasynyň baş direktorynyň orunbasary hanym Monik Elua, şeýle hem Bütindünýä weterinariýa assosiasiýasynyň we BMG-niň Azyk hem-de oba hojalyk guramasynyň wekilleri giňişleýin çykyş etdiler.
Maslahatda ylmyň soňky gazananlaryny, haýwanlaryň ýokanç keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly innowasion işläp taýýarlamalary ulanmaga, bu ulgamda Russiýa Federasiýasynda we beýleki ýurtlarda toplanan tejribä, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerinde azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryna aýratyn üns berildi.
Şunda çykyşlaryň her birinde ýokarda görkezilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy, şeýle hem dünýäniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşmaga ukyply Türkmenistanyň ägirt uly obasenagat kuwwatynyň bardygyna ynam bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler barada maslahatda berlen maglumatlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Nygtalşy ýaly, häzirki wagtda biziň ýurdumyz diňe bir özüniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, oba hojalygynyň eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrýar.
Munuň üçin ähli şertler we anyk ykdysady mümkinçilikler bar – ähli welaýatlarda iri ýöriteleşdirilen toplumlaryň döredilmeginiň hasabyna maldarçylyk we guşçulyk pudaklary okgunly ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Maldarçylyk we weterinariýa instituty hem-de beýleki pudaklaýyn ylmy-barlag institutlary netijeli işleýärler, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ylmy barlaglary giň gerimde alyp barýar.
Bellenilişi ýaly, döwletiň oba hojalyk syýasatynda obasenagat toplumyny dolandyrmagyň has kämil usullaryny ornaşdyrmaga, ähli pudaklaýyn düzümleriň ösüşini höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň ýanynda Döwlet weterinariýa gullugy döredildi. Bu gulluk abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan gara mallaryň keseli bolan mergi keseliniň ýok ýurdy diýlip ykrar edildi. Munuň özi degişli halkara sertifikaty bilen tassyklanyldy. Şeýle işler Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bilelikde beýleki ugurlarda hem alnyp barylýar.
Maslahatyň birinji gününiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar bu duşuşygyň alymlara hem-de hünärmenlere dürli ýurtlardan gelen öz kärdeşleriniň oňyn tejribesini öwrenmäge, olaryň iň gowularyny özleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar. Munuň özi weterinariýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, täze netijeli ylmy we işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.
Ertir maslahat öz işini tamamlar.