Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan netijelere, pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň, içeri we daşary syýasatynyň beýleki wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer 2013-nji ýylyň sekiz aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, söwda toplumy boýunça esasy görkezijiler barada aýtdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 124,6 göterime deň boldy. Şunlukda, bölek-satuw söwda dolanyşygynyň möçberi 17,3 göterim, lomaý söwdanyň möçberi 28,7 göterim artdy. Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 259,8 göterim ýerine ýetirildi.
Sekiz aýda Döwlet haryt- çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 102-si geçirildi, hasaba alnan geleşikleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 23 göterim artdy.
Şu döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan sergileriň 14-si we maslahatlaryň 13-si guraldy, hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 105,5 göterim ýerine ýetirildi. Hyzmatlary berjaý etmek arkaly gazanylan girdejileriň ösüş depgini 123 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylyar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdireniňde 68 göterim köpdür. Oba hojalyk önümleri hem şunuň ýaly gatnaşykda 34 göterim möçberinde artyk öndürildi. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ösüş depgini 156 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygy 65 göiterim, hyzmatlaryň möçberleri bolsa 2 esse artdy. Häzirki wagtda birleşmä degişli kärhanalarda 47600-den gowrak adam zähmet çekýär, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende 31 göterim köpdür.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamyny sazlaşykly depgin bilen ösdürmek üçin önümçilik düzümini yzygiderli kämilleşdirmegiň, hödürlenýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyny özleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen başlylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda innowasion, importuň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, maýa goýumlary çekmek we eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak maksady bilen işjeň halkara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ähmiýetlidigini nygtady.
Milli Liderimiz häzirki döwürde işewürlik hyzmatdaşlygynyň çalt depgin bilen ösdürilýän mahalynda bazar gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň, şol sanda milli ykdysadyýetiň sazlaşykly depgin bilen ösýän ugry hasaplanýan telekeçileriň iş başarjaňlygyny has-da artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, harytlaryň we hyzmatlaryň esasy görnüşlerine degişli nyrhlaryň derejesine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça tabşyryklar berildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dolandyryş ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň maksadaokgunly ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi, häzirki wagtda şol tehnologiýalar jemgyýeti we döwleti ösdürmegiň wajyp guraly bolup, serişdeleriň rejeli ulanylmagyna we guramaçylyga degişli çäreleriň netijeliliginiň artdyrylmagyna ýardam berýär. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berildi. Ol geçen sekiz aýda DIM-niň 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny amala aşyrmak, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen bagly işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit derejesindäki guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigi bellenildi.
Geçen döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçesiniň baştutanlarynyň biziň ýurdumyza saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler we duşuşyklar däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ähmiýete ädimlere öwrüler.
Türkmenistana sapara gelýän daşary ýurt wekiliýetleriniň sany has-da artýar, munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr. Geçen sekiz aýda Türkmenistanda halkara forumlarynyň 156-sy geçirildi, bu maslahatlar, sergiler, okuw maslahatlary we beýleki çäreler dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berdi. Hasabat döwründe resminamalaryň 65-sine gol çekildi, bular Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise- başlyklygyna, iýun aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy ýurdumyzyň halkara derjesinde uly at-abraýa eýedigine şaýatlyk edýär.
Daşary işler minisrrlikleriniň yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleri, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparllarynyň işi ýurdumyzyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki dürli ýurtlar bilen gumanitar-medeni gatnaşyklary üstünlikli we işjeň ýagdaýda ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançlygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyna ygrarlydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde-de tutuş dünýä bileleşigini tolgundyrýan we häzirki wagtda derwaýys ähmiýete eýe bolan meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelejekdigini belledi. Milli Liderimiz şu ugra degişli gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit derejesindäki guramalaryň we düzümleriň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň yzygiderli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, sebit we ählumumuy derejede yzygiderli ösüş üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirip öňe süren netijeli halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew 2013-nji ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründäki makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny görkezýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önüm durnukly ösüşe eýe boldy. 2013-nji ýylyň sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 112,9 göterime deň boldy. Ähli pudaklarda diýen ýaly ýokary görkezijiler gazanyldy.
Bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 119,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberleri hem ýokary görkezijilere eýe boldy. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy ýokarlanyp, 46,1 göterime barabar boldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada jikme-jik hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde şu ýylyň sekiz aýynda özleşdirilen maýa goýumlaryň mukdary 3,9 milliard manada barabar boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22,8 göterim ýokarydyr.
2013-nji ýylyň sekiz aýynda desgalaryň 97-siniň gurluşygy tamamlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 56 göterim ýokary boldy. Hasabat döwründe 325,6 müň inedördül meýdany bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şunlukda, döwlet serişdeleriniň hasabyna gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy 69 göterim, bank karzlarynyň hasabyna gurlan jaýlar bolsa 2,3 esse artdy.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer onuň girdeji böleginiň 118,9 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 95,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe salgyt ulgamynyň ähli görnüşleri boýunça meýilnamalar doly ýerine ýetirildi. Şeýle hem zähmet haklary, pensiýalar, döwet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.
Tutuşlygyna alnanda, şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň netijesinde Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeleri we ykdysady ulgamyň ähli ugurlary boýunça okgunly ösüşi üpjün edýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurduň raýatlarynyň ýokary abadançylyk derejesini üpjün etmek arkaly sazlaşykly ösüşini ynamly dowam edýändigini ynamly aýtmaga esas berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Hojalyk ulgamlarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň yzygiderli ösdürilmegi üçin amatly hukuk ýagdaýyny we oňaýly şertleri döretmek, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary işjeň çekmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ulgamda bank-maliýe pudagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň sebitlerini yzygiderli ösdürmek, öňi bilen bolsa oba ýerlerinde häzirki zaman düzümini kemala getirmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir diýip, milli Liderimiz belledi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz obalaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça işlenip taýýarlanylan Milli maksatnamanyň wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bellenilen meýilnamalaryň öz möhletinde durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleri jähetinden şu ýylyň geçen döwründe milli parlamentiň alyp baran işiniň netijeleri, hususan-da, degişli hukuk çärelerini hem-de gurallaryny kesgitlemek hem-de işläp taýýarlamak boýunça dürli pudaklaryň we ulgamlaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen ysnyşykly gatnaşykda geçirilýän işler barada aýtdy.
Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisinde maslahatlaryň dördüsi geçirildi, olaryň barşynda kanunlaryň 34-si, kararlaryň 25-si kabul edildi. Kanunçylygy kämilleşdirmek işleri demokratik özgertmeleri dowam etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, her bir adam üçin ýokary durmuş-ýaşaýyş şertlerini döretmek, kanynylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, senagat pudaklaryny, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, býujet-salgyt gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly wajyp meseleler babatda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan gelip çykýan ugurlara gönükdirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň golaýda bolup geçen nobatdaky maslahatynda täze kanunlar, şol sanda ýaşlar barada döwlet syýasatyna, gaz syýasatyna, diplomatik gulluga, halkara gatnaşyklary meselelerine degişli kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy-hukuknamalary kabul edildi.
Şeýle hem habarda deputatlar tarapyndan alnyp barylýan giň maglumat-düşündiriş işleriniň çäklerinde halkyň saýlanlarynyň gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, radio we tele gepleşiklerde çykyşlary, saýlaw okruglarynda duşuşyklary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek üçin Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde taýýarlyk işlerine aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem häzirki wagtda Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni mynasybetli dürli pudaklarda zähmet çekýän, il içinde abraýly, hormat goýulýan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş toplumyny hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň netijelliligini ýokarlandyrmagyň Mejlisiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belläp, täze kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ýurdumyzdaky anyk syýasy we durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelmelidir, döwrebap, esaslandyrylan hem-de ýurdumyzda bolup geçýän okgunly özgertmeler bilen baglanyşykly bolmalydyr, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna kybap gelmelidir diýip nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ähli kanunçylyk işiniň jemgyýetiň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmelidigini aýdyp, halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň ähli ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, ýerlerdäki ýagdaýlara anyk täsir etmekden, takyk işler arkaly adamyň mizemez kanuny hukuklarynyň şaralmagyny berkarar etmekden, döwletiň we milli kanunçylygyň wajyp ugurlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz parlamentariler tarapyndan öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmeginiň hem-de olaryň milli kanunçykaryjylyk işine ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, Mejlisiň deputatlarynyň jemgyýetçilik düzümleri, ýerli häkimiýet edaralary bilen ysnyşykly işläp, şol sanda Ýaşulular maslahatynda garaljak teklipleri taýýarlamak babatda netijeli işleri alyp barmagynyňwajypdygyny aýtdy.
Jebisleşdiriji jemgyýetçilik güýji hökmünde ýerli öz-özüňi dolandyryşyň yzygiderli ösdürilmegi welaýatlary ykdysady, medeni we durmuş taýdan özgertmekde möhüm orun eýelemlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ýaşulularyň maslahatynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni garamaçylykly geçirmek babatda maslahatlary berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda gurluşyga, senagata, şeýle hem elektroenergetika degişli tehniki-ykdysady görkezijiler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we önüm öndürmek boýunça depginleri geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende 109 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň 817-si guruldy, şolardan 481-si paýtagtymyzda we 336-sy welaýatlarda guruldy.
Energetika ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende 108,4 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu döwürde ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende 126,9 göterime deň boldy.
Aşgabat şäheri boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeler 128,7 göterime barabar möçberde özleşdirildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe geçen ýyldakysy bilen deňeşdirilende ýerine ýetirilen işleriň möçberi 132,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk, senagat we elektroenergetika boýunça ýokary ösüş depginlerini saklamagyň ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýandygyny hem-de bellenilen meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şol wezipäniň göwnejaý berjaý edilmegine baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşygyň, gurluşyk materiallaryny işläp taýýarlamagyň depginlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň hem-de ýokary talaplara we döwrebap ülňülere laýyklykda berjaý etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz täze tehnologiýalardan, ýokary netijeli enjamlardan we tehnikadan has-da giňden peýdalanmak bilen bagly wezipäni öňde goýdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde gazanylan netijeler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,3 göterime barabar boldy. Şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça ösüş depgini 109,4 götrime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 100 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,6 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 143,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 109,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 149,5 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işeri barada hem maglumat berildi. Wise-premýer güýzlük däne ekişiniň barşy we pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde güýzlük däne ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýokary hilli alnyp barylmalydygyny hem-de olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde pudagyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijleriniň kuwwatly häzirki zaman tehnikalaryny doly güýjünde işletmek hem-de olary gurat ýagdaýda saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydyyny belledi.
Milli Liderimiz toplumda alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden
ornaşdyrmak bilen bagly işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylyň geçen sekiz aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda etmeginde energetika boýunça öňdengörüjilikli strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanda şu ugra degişli düzümlerde möhüm ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Bularyň arasyndan iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça taslamalary görkezmek bolar. 4-nji sentýabrda bu ýerde gazy arassalaýjy baş desgalar toplumy ulanmaga berildi.
2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň sekiz aýynda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça görkezijileriň ýokarlanýandygy hem-de degişli meýilnamanyň 106,3 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi aýdyldy. Nebitiň gaýtadan işlenýän möçberi we öndürilýän nebit önümleri artdy. Hususan-da, awtomobil benzinini öndürmek boýunça ösüş depgini 103, 1 göterime, polipropileniňki – 103,5 göterime barabar boldy, meýilnama degişlilikde 112,9 we 106,7 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende guýulary burawlamak boýunça ösüş depgini 124,6 göterime barabar bolup, meýilnama 130,3 göterim möçberinde ýerine ýetirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat babatdaky mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna we ösdürilmegine, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine, maýa goýumlary babatdaky işjeňligiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, bu toplumy ösdürmek üçin kabul edilen maksatnamalary göwnejaý durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu strategiki ugur boýunça oňyn tejribäni toplan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyp ähmiýetlidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlary jemläp, wise-premýere nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriniň ýagdaýy hem-de bu düzümlerde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde önümçilik düzümi giňeldilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, täze önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär.
Şeýlelikde, şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 142,3 göterime barabar boldy. Senagat işleriniň möçberiniň ösüş depginii 138,8 göterime, sementiň öndürişi boýunça ösüş depgini 188,3 göterime, magdan däl gurluşyk materiallarynyň ösüş depgini 115,7 göterime, diwar materiallaryny öndürmek boýunça ösüş depgini 119,8 göterime, keramzit öndürmek babatda ösüş depgini 127,7 göterime, gurnama demir beton önümleri boýunça ösüş depgini 122,8 göterime deň boldy.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi boýunça meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgininiň 108,3 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini bolsa 104,2 göterime barabar boldy.
Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimize “Türkmenhimiýa” döwlet konserni we Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalyk komiteti tarapyndan meýilnamalarda göz öňünde tutulan tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň senagat ulgamyna girýän edaralaryň we kärhanalaryň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň sebitlerinde senagat ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin netijeli çäreleri görmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere göz öňünde tutulan işleriň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda berjaý edilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, bilim we ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şu ugurlarda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy we degişli maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 6122 okuwçy üçin niýetlenen orta mekdepleriň 15-siniň, 3310 orunlyk çagalar baglarynyň 20-siniň, şeýle hem 2200 orunlyk çagalar-sagaldyş merkeziniň gurlup ulanmaga berlendigi bellenildi. Tomusky möwsümde Gökderede, Hazaryň kenar ýakasynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar üçin niýetlenen sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde 122 640-dan gowrak çaga dynç aldy.
Şu okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanda 12 ýyllyk orta bilime geçirilendigi göz öňünde tutulyp, degişli okuw meýilnamalary, okuw kitaplary we gollanmalar taýýarlanyldy. 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine netbuklar sowgat berildi. Olara ýörite maksatnamalar bar we bulara Türkmenistanyň kartasy, okadylýan dersler, köçe-ýol hereketiniň kadalary we bilim berýän beýleki maglumatlar girizildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň aýratyn zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine we taslama olimpiadalaryna gatnaşyp, 125 medala, şol sanda altyn medallaryň 20-sine, kümüş medallaryň 31-sine we bürünç medallaryň 74-sine mynasyp boldular.
Şeýle hem ýanwar-awgust aýlarynda halkara ylmy maslahatlarynyň 4-siniň we sergileriň 2-siniň guralandygy bellenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda möhüm ähmiýetli ykdysady pudaklar boýunça ylmy işler amala aşyryldy.
Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň we derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak ugrunda edilen işler barada aýdyp, syýahatçylyk pudagyny we degişli düzümi ösdürmek boýunça, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerine ýetirilen işler babatda hasabat berdi.
Şeýle hem hasabat döwründe türkmen türgenleriniň halkara derejeli bäsleşikleriň 112-sine gatnaşyp, medallaryň 206-syna-- altyn medallaryň 64-sine, kümüş medallaryň 74-sine we bürünç medallaryň 68-sine eýe bolandygy aýdyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan sport boýunça kuwwatly döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz bilim we ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan, milletiň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we artdyrmaga, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ülňüleriniň derejesinde döwrebap bilim almak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, bu ileri tutulýan ugurda maksadalaýyk işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda syýahatçylygy we sporty ösdürmek, bu geljegi uly ulgamlary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyza medeni taýdan hyzmat edýän 1265 edara hereket edýär, olaryň işine işleriň täze usullary işjeň ornaşdyrylýar. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda şol edaralar tarapyndan dürli derejedäki medeni çäreleriň 30 müňden gowragy geçirildi.
Şu döwürde ýurdumyzyň teatrlarynda jemi 1 müň 200-den gowrak sahna oýny görkezdi.
Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda 34 muzeý bolup, olaryň gaznalarynda gymmatlyklaryň 302,5 müňden gowragy ýerleşýär. Golaýda muzeý gymmatlyklarynyň üsti “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriň barşynda tapylan zatlar bilen ýetirildi.
Medeniýet ministrliginiň garamagynda 230 sany kitaphana bolup, olaryň kitap gaznasynda 10 million 400 müňe golaý dürli neşirýat önümleri bar. Şol neşirleriň ýarysyndan gowragy okyjylara okamaga berildi. Kitaphana işini kämilleşdirmegiň çäklerinde elektron kitaphana maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 208 görnüşli kitap önümleri, şol sanda umumy sany 3,9 million nusgadan gowrak bolan 102 görnüşli okuw kitaplary we gollanmalary çap edildi. Olaryň hatarynda orta mekdepleriň 12 ýyllyk bilime geçmeginiň wezipelerine laýyklykda, neşir edilen okuw kitaplary we gollanmalary, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň maksatnamasynyň çäklerinde taýýarlanan kitapçalar we depderler bar.
Neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilýän döwürleýin metbugat barada aýdylanda bolsa, 22 görnüşli žurnalyň hem-de 26 görnüşli gazetiň çap edilýändigi bellenildi.
Ýakyn wagtda paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna garaşýan halkara medeni çäreleriň hatarynda 27-29-njy sentýabrda geçiriljek Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda giň möçberli baýramçylyklary, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmekde uly tejribäniň toplanandygyny belledi. Ýöne döwür we wajyp wezipeler täze, döwrebap çözgütleri gözlemegi, olary ýurdumyzyň medeni taýdan ösdürmegiň, türkmen ýaşlarynyň döredijilik işlerini höweslendirmegiň, milli mirasy öwrenmegiň maksatlaryna gönükdirmegi talap edýär.
Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm gumanitar ulgamydyr we ýurdymyzyň durmuş-ykdasady taýdan durnukly ösüşiniň netijeli guralydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we tejribe alyşmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, medeni hem-de maglumatlar giňişligini döretmäge gönükdirilen anyk täzeliklerde öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Milli Liderimiz medeniýet ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň, hususan-da, elektron kitaphana ulgamynyň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik kuwwatyny artdyrmagyň, olaryň hünär babatda ösüşine ymtylmasyny höweslendirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet günlerine hemmetaraplaýyn guramaçylykly taýýarlyk görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň hasabat berşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Demir ýol ulaglary we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk minsitrlikleriniň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň düzümlerinde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberleri ýokary görkezijilere eýe boldy.
Esasan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini ýokarlandy. Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 119,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime deň boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 104 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,6 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 100,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 172,2 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 109,7 göterime barabar boldy.
Şeýle hem hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlary boýunça 121,8 göterim ösüş gazanyldy.
Mundan başga-da, wise-premýer şu ýylyň 17-19-njy sentýbry aralygynda “Türkmentel-2013” VII halkara sergisini we maslahatyny geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu çärä Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 70-den gowragy gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça toplumyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna aýratyn talap bildirilmegi netijesinde işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini şertlendirýän we Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr ugurlaryyň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen çäreler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň has netijeli ulanylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglary ýaly ulgamyň ähli ugurlarynda hyzmatyň ýokary derejesini, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Öňde boljak çäre barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu ugra täze tehnologiýalaryň işjeň çekilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde edilen hasabatlary jemläp, olarda getirilen görkezijileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini dowam edýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 109,8 göterim boldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary hem güýçli depginler bilen ösýär. Senagat pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem oňat. Bu pudakda ösüş 106,8 göterime, gurluşykda 117,5 göterime barabar boldy. Söwda we hyzmatlar ulgamynda we beýleki pudaklarda hem gowy netijeler gazanyldy.
Döwlet býujetiniň çykdajyly böleginden girdejili bölegi ep-esli artýar. Häzire çenli býujetiň artykmaçlygy saklanyp galýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlarynyň ösüşi geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 107,1 göterime barabar boldy. Daşary söwda dolanyşygy 20 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Ilatyň zähmet haklarynyň möçberi 110,7 göterim artdy. Milli pulumyzyň hümmetsizlenmegi hem göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar.
Ýurdumyzda gurluşyk işleri giň gerim bilen dowam edýär. Täze zawodlar we fabrikler, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeniýet merkezleri we sport toplumlary yzygiderli gurulýar. Ulag we inženerçilik ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we gaz geçirijileriň, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň, aragatnaşyk hem-de telewideniýe desgalarynyň gurluşygy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Biz dünýä medeni ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny gorap saklamak boýunça geçirilýän işleri hem dowam edýäris. Döwletimiz däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, adaty halk senetçiligini ösdürmek, baý taryhymyzy öwrenmek
boýunça institutlary döretmek maksady bilen, anyk we netijeli işleri alyp barýar we bu ugurda uly goldaw berýär.
Telekeçiler hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge barha işjeň gatnaşýarlar. Olaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandy yzygiderli artýar. Oba hojalyk işgärleri hem jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişine we pagta ýygymyna ýokary depginler bilen başladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýüzlenip, olaryň ählisiniň ünsüniň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmäge gönükdirmelidigini nygtady. Şoňa görä-de, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge niýetlenen ýyllyk maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ony işjeň alyp barmak boýunça hem zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetinde bilim, medeniýet ulgamlaryna, durmuş meselelerini çözmäge goýberilýän serişdeleri artdyrmagy göz öňünde tutmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna seretmegi tabşyrdy. “Biz täze ýylda hem berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini gazanmalydyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.