Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň işewürlik we edara ediş merkeziniň emele gelýän ýeri bolan günorta künjegindäki Köpetdag şaýolunyň gurluşygy tamamlanan bölegine baryp gördi.
Hormatly Prezidentimiz işiniň köpdügine garamazdan, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjeginden geçýän bu ýoluň täze gurlan bölegine geldi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi şaýoluň täze gurlan bölegi, onuň ugrunda döredilen düzümler, ýoluň yşyklandyryjylary, ýanýodalary hem-de onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Milli Liderimiz şaýoluň täze gurlan bölegini synlady we ýoluň gurluşygy boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu şaýolda häzirki zaman düzüminiň kemala getirilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň öz beýanyny tapmalydygyny, ýoluň ugrunda yşyklandyryjylaryň, häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini, bu künjegi bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýolugrunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini, ýaşlaryň beden taýdan sagdyn we ruhubelent esasda terbiýelenmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň örän möhümdigine ünsi çekdi.
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän çäräniň ilkinji gününde paýtagtymyzda welosipedli ýörişiň guralmagy we oňa döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagy sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan welosiped sportunyň ösdürilmegini şertlendirýän taryhy waka boldy.
Döwlet Baştutanymyz ýolugruna sil suw akabasynyň üstünden gurlan köprüniň ýanynda saklandy we bu künjekde bina edilen desgalary, olaryň aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem milli Liderimiz bu desgalaryň gurluşygyna, olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzyň beýleki ýollarynda ulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goulmalydygyny nygtady.Ulag hereketiniň sazlaşygyny upjün edýän düzümleriň utgaşykly hem-de maksatnamalaýyn hereketiniň paýtagtymyzda ýol-ulag düzümleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guralmagyny şertlendirjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýollarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak we olaryň ugrunda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän degişli düzümleri üpjün etmek, şäherde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek boýunça öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şaýoluň täze gurlan böleginiň açylyşyna ak pata bermek bilen, ertir ýoluň açylyşy mynasybetli dabara guramagy üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginden gündogardan günbatarlygyna uzaýan Köpetdag şaýoluny welosipedli ýörişleri hem-de ýaryşlary guramak, sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşikleri geçirmek üçin ulanylsa maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu şaýolyň hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrülmegini, bu künjekde adamlaryň oňaýly dynç alyp bilmeklerini, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryny, köpçülikleýin welosipedli gezelençleri guramagy üpjün edýän zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden döwründe Köpetdagyň eteginiň bu ýerinde jana ýakymly howanyň bardygy nukdaýnazaryndan bu künjekde halkara ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleriniň gurlandygyny, onda saglygyny berkidýän raýatlaryň merkezde döredilen şertlerden hoşallygy bilen bir hatarda, bu töweregiň howasynyň has-da şypalydygyny aýdýardylar diýip belledi.
Hut şu nukdaý nazardan paýtagtymyzyň bu künjeginde hepdäniň dynç günleri ulag hereketiniň çäklendirilmegi, Köpetdag şaýolunyň ugrunda gök zolaklaryň döredilmegi, bag ekilen çäkleriň giňeldilmegi ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginiň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagyny, howasynyň hoştaplygynyň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip belledi. Munuň özi bu künjegiň gözelligi bilen ekologiýa taýdan abadançylygyň sazlaşygyny emele getirer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu künjegiň raýatlarymyzyň iň söýgüli ýerine öwrülmegi, bu ýerde oňaýly dynç alyp bilmekleri hem-de wagtyny hoş geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady. Esasan-da, bu ýerde awtoulaglary we welosipedleri goýar ýaly ýörite duralgalaryň gurulmagynyň, welosipedleri wagtlaýyn kärendesine berýän merkezleriň gurulmagynyň talabalaýyk boljakdygyny belledi.
Häkim bu ýerde paýtagtymyzda gurulmagy we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän şaýollaryň we beýleki köçeleriň dürli görnüşleriniň taslamalaryny görkezdi. Şeýle hem ol Köşi ýaşaýyş toplumynda 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, mekdebiň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabara görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizidi.
Şeýle hem milli Liderimiz täze mekdebi ýurdumyzda 12-nji sentýabrda giňden bellenilýän Ruhnama güni mynasybetli ulanmaga bermegi maslahat berdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, şol gün täze mekdepde paýtagtymyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Mukaddes Ruhnama bagyşlanan ýörite çäre geçirmegi, onda bu gymmatly eserden parçalary okamagy we olar boýunça pikir alyşmalar guramagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Mukaddes Ruhnama bagyşlanan şeýle çäreleriň ýurdumyzyň welaýatlarynyň bilim ojaklarynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz welosipedli ýoluny dowam edip, bu künjegiň gözelligini synlady. Bir tarapynda paýtagtymyzyň ak mermere beslenýän ajaýyp binalary, beýleki tarapynda Köpetdagyň ajaýyplygy bu jana ýakymly howasy bilen utgaşýan şaýoluň görnüşinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän gözellik bar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ösüşiň belentliklerini nazarlaýan paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşini äşgär edýär.
Şeýlelikde, milli Liderimiz bu ýerden öz ýoluna rowana boldy. Şäher gurşawynyň gözelligi, dag howasynyň hoştaplygy we paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygy sagdynlygyň, uzak ýaşamagyň we ruhubelentligiň baş şertini emele getirýän anyk ýagdaýlardyr. Munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.