Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol sebitde işleriň ýagdaýy hem-de möhüm oba hojalyk möwsüminiň barşy – güýzlük bugdaýyň ekişi we pagta ýygymy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, geljekki bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Tabşyrylan pagta hasyly üçin kärendeçi daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.Ýetip gelýän gyş möwsümine görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berip, welaýatyň ýolbaşçysy degişli iş meýilnamasynyň düzülendigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynda guruljak binalaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgysy hödürlendi.
Güýzlük bugdaýyň ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň birnäçe etraplarynda kemçilikleriň bardygyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, işleriň guralyşynda ýol berlen kemçilikler güýzlük bugdaý ekişiniň Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) we Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow) depgininiň peselmegine sebäp boldy. Şu sebäplere görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu etraplarda pagta ýygymy möwsüminde hem yza galynmagyna ýol berilýändini aýdyp, milli Liderimiz welaýatyň häkiminden ýagdaýy düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerine ünsi çekip, häkime welaýatda bina edilýän gurluşyklaryň hiline we olaryň ulanylmaga tabşyrylmagynyň möhletine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýetip gelýän gyş möwsümine degişli çäreleri görmegi, mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň takyk işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Welaýatda guruljak binalaryň ýerleşjek ýeriniň hödürlenen çyzgysy bilen tanşyp, milli Liderimiz bu babatda birnäçe degişli belliklerini we tekliplerini aýtdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan meýilnamalaýyn çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynyň möhüm möwsümleri bolan güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerine ünsi çekmek bilen, welaýatyň Etrek etrabynda (häkimi Ç.Orazow), Bereket etrabynda (häkimi S.Ankarow) bugdaý ekişiniň pes derejede guralandygyna üns çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime bugdaý ekişini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda pagta ýygymynyň pes derejededigini, ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwründäkiden yza galýandygyny aýtdy we pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde bar bolan ýyladyş desgalaryny abatlamak, olaryň gyşky möwsüme taýýarlyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärli çemeleşilmelidigini nygtady.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, has takygy, bugdaý ekişiniň barşy we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ýyladyş ulgamlaryny gyşky möwsüme taýýarlamak işleriniň ýörite düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilýändigini we Ýaşulular maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly düzülen maksatnama barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitde pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini, onuň depgininiň geçen ýylyň derejesinden yza galýandygyny aýtdy we ýygymyň guramaçylyk derejesini talabalaýyk guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýyladyş desgalaryny abatlamak, olaryň gyşky möwsüme taýýarlyk derejesini doly üpjün etmek işlerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady Milli Liderimiz welaýatyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolan Ýaşulular maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýän ähli çäreleriň ýola goýulmagyna dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çykyşyny welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, pagta ýygymynyň barşy we güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri baradaky hasabatdan başlady. Mundan başga-da, ol mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyşky möwsüme degişli derejede taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigini bellemek bilen, welaýatyň Seýdi şäherinde (häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Kamalow), Magdanly şäherinde (häkimi A.Işankulyýew) bugdaý ekişiniň bildirilýän talaby ödemeýändigini, munuň bolsa bu jogapkärli agrotehnik çäräniň juda pes derejede alnyp barylmagyna getirýändigini nygtady. Milli Liderimiz bugdaý ekişini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini nygtamak bilen, möwsümiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini boýunça yza galýandygyny belledi we bu babatda alnyp barylýan işleri seljerip, onuň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme doly derejede taýýarlamak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň barşy we güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol welaýatyň senagat düzümini ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, Wekilbazar etrabynda (häkimi Ý.Altyýew), Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew) bugdaý ekişiniň depginiiň örän pesdigini nygtady. Bugdaý ekişini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljermegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ekişiň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda pagta ýygymynyň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwründäkiden yza galýandygyny belläp, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýyladyş desgalarynyň möwsüme doly taýýar edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şäheriň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary hödürlendi.
Paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilmeli we ýurdumyzyň ähli welaýatlary üçin nusgalyk bolmaly işlere oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher düzümini has-da kämilleşdirmek, degişli ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň, şol sanda gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlanmaly ýyladyş ulgamynyň takyk we bökdençsiz işlemegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar babatda anyk belliklerini we tekliplerini aýdyp, olary gutarnykly işlemegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalaryň hemme ölçegler, şol sanda binagärlik we dizaýn bezelişi nukdaýnazardan täze taryhy döwrüň talaplaryna gabat gelip, onuň döredijilik ruhuny şöhlelendirmelidigini belledi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.