Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ýaponiýa geldi. Bu sapar biziň ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolup, Aziýa-Ýuwaş umman döwletleri bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiz üçin esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň maksatnamasynyň mazmun taýdan baý bolmagy iki ýurduň hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze depgin bermegi maksat edinýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu meselede taraplaryň özara düşünişmegi we garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistanyň hem, Ýaponiýanyň hem durmuş-ykdysady ösüşiň strategiýasynda umumy zatlara – ykdysady ösüşiň ýokary tizlikli nusgasyna, daşary ýurt maýalaryny we tehnologiýalaryny çekmäge, senagat döwletleriniň öňde baryjy tejribesini peýdalanmaga, senagatlaşdyrmagyň esasy gurallaryny-import we eksport ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga tarap alan ugurlary olara ykdysadyýetlerini döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanmaga, durmuş ulgamynda oňyn ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär.
Özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin häzir ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Sazlaşykly ösýän Türkmenistan milli ykdysadyýetini doly döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga üns bermek bilen, täze pudaklary döredip, innowasion işläp düzmeleri we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Aşgabatdan Tokio çenli dokuz sagatdan gowrak uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen ýapon paýtagtynyň “Haneda” halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde hormat garawuly nyzama duruzyldy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar öz ýurdunyň ýolbaşçylaryň adyndan türkmen Liderini ýapon topragynda mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýoda bilen ýapon tarapynyň wekilleriniň ugratmagynda özüne garaşyp duran awtoulaga tarap ugrady.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni sapar wagtynda türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen “Akasaka” köşgüne tarap ugrady. Bu köşk öz wagtynda Ýaponiýanyň mirasdüşer şazadasy üçin gurlup, ýurtda neo-barokko görnüşinde gurlan ýeke-täk binanyň nusgasy hasaplanýar we Tokionyň taryhy gymmatlygy bolup durýar. Häzirki wagtda ol ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Tokio resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekilýetiniň agzalarynyň Ýaponiýanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Permýer-ministriniň edarasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Ýaponiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Sindzo Abe mähirli we tüýs ýürekden garşylady.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Türkmenistanyň Prezidenti maslahatlar zalyna geçip, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça surata düşýärler. Soňra şu ýerde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet wekilýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Ýaponiýanyň paýtagtynda belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Sindzo Abe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çakylygy kabul edip, Ýaponiýa sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyga döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka hökmünde baha berýärler. Türkmenistanyň Prezidentini Tokioda kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtap, Sindzo Abe bu gepleşikleriň türkmen - ýapon hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine, oňa has netijeli anyk häsiýet beriljekdigine ynam bildirdi..
Türkmen-ýapon syýasy gepleşikleriniň möhüm ugry hökmünde Ýaponiýanyň hökümetiniň baştutany abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlygy görkezdi. Dünýä syýasatynyň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlary köp babatda ýakyndyr ýa-da gabat gelýär – munuň özi ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmäge degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Ýaponiýanyň maliýe we işewür toparlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen özara saparlary ýygjamlaşdy. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda energetika ulgamy, ulag we telekommunikasiýalar, suw hojalygy ýaly ugurlar bar. Hususan-da, ýapon hyzmatdaşlary Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny döwrebap deňiz portuna öwürmek maksadyndan ugur alyp, ony abatlamak boýunça teklipleri işläp düzýärler.
Munban başga-da, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny nazara almak bilen, ýapon tarapy daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly bolan ýokary tehnologiýalary we toplanan tejribäni Türkmenistanyň ýaşyl ykdysadyýete geçmegini goldamak üçin peýdalanmagyny teklip edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça dünýäde liderleriň hatarynda ykrar edilen Ýaponiýa özüniň ýangyç - energetika toplumyndaky ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge, Türkmenistanyň ýangyç - energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyr.
Gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Medeniýet, ylym we bilim ulgamynda iki ýurduň gatnaşyklary üýtgewsiz giňelýär. Ýaponiýadan bolan alymlar, döredijilik işgärleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlaryň we festiwallaryň işine giňden gatnaşýarlar. Iki ýurduň hökümet düzümleri ykdysadyýet we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda tejribe we bilimleri alyşmagyň çäklerinde uly işleri ýola goýdular.
Bilelikdäki biznes-forumlaryň geçirilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm görkezijisi bolup, olar iki ýurduň arasynda mäkäm, netijeli aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ykdysadyýetiň köp ugurlarynda dünýäde öňdebaryjylar bolup durýan iri ýapon kopmaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirip, Sindzo Abe Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa häzirki saparynyň döwletara dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmekde we ony has ýokary derejä çykarmakda möhüm ädim bolup durýandyny ýene-de bir gezek nygtady.
Mähirli garşylanandygy we türkmen wekilýetiniň netijeli işlemegi üçin şertleriň döredilendigi üçin Premýer-ministre tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti häzirki duşuşygyň ynam, bar bolan mümkinçiligi ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemme ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin netijeli peýdalanmaga iki tarapyň hem taýýarlygy ýagdaýynda geçýändigini nygtady.
Häzirki sapara türkmen-ýapon gepleşiklerini dowam etmegiň möhüm tapgyry hökmünde garap, türkmen Lideri 2009-njy ýylyň dekabrynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, iki döwletiň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna gabat gelýän özara gatnaşyklara täze hil we mazmun berjek bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.
Biziň ýurtlarymyzda däp bolan özara düşünişmegiň, häzirki döwrüň esasy meselelerine, ilkinji nobatda dünýäde, Merkezi we Günorta Aziýa, Aziýa –Ýuwaş umman sebitinde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna degişli birnäçe meselelere umumy ýörelgeler we çemeleşmeler bar.
Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň, ilkinj nobatda BMG-niň çäklerinde hem mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardyr.
Ýene bir möhüm mesele - Aziýada ynam gazanmaga gönükdirilen çäreleri pugtalandyrmak, bu ýerde BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalarynyň esasynda döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek üçin pugta syýasy we ýuridiki şertleri döretmek bolup durýar.
Häzirki wagtda halkara syýasy we ykdysady aragatnaşyklar ulgamynyň durnuklylygynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde durnukly ösüş, düýpli wehimlere – ekstremizme, terrorizme, neşe serişdeleriniň dolanşygyna garşy hereketiň maksatlaryny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işjeň tagallalar çykyş edýär.
Ýaponiýanyň şu ýylyň maýynda BMG-da Türkmenistan tarapyndan teklip edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" atly Rezolýusiýany goldandygy bellärliklidir.
Halkara gün tertibinde ýaragsyzlanmak meseleleri möhüm orun tutýar. Şu nukdaýnazardan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk bilen baglylykda umumy kabul eden düzgünleriň we çäklendirilmeleriň berjaý edilmegi möhüm halkara mesele bolup durýar. Türkmenistan üçin bitarap parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde munuň özi möhüm meseledir, çünki ýaragsyzlanmak işlerine ýardam bermek onuň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen döwleti Ýaponiýanyň dünýä we sebit derejelerinde ýaragsyzlanmak işlerine goldaw bermekdäki ýörelgesine ýokary baha berýär. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýa 2006-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan bu sebitde ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek barada Ylalaşyga gol çekilmegini goldady.
Ýaponiýa biziň ýurdumyz üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Saparyň barşynda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen Türkmenistanda iri kärhanalaryň birnäçesini gurmak bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şol taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär. Döwrebap ykdysady ösüşiň baş maksady ýurduň senagalaşdyrylmagy bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde täze senagat kärhanalaryny gurmaklygy, ýokary tehnologiýalary ulanmaklygy, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmekligi göz öňünde tutýar. Türkmenistan bilelikdäki türkmen-ýapon işlerini goldaýar we bu netijeli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler. Munuň şeýledigine ýapon işewürleriniň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak himiýa we dokma senagatynyň kärhanalaryny gurmak, şeýle hem döwrebap ýol – gurluşyk we ýer-gazuw tehnikasyny getirmek boýunça taslamalara gatnaşmagy aýdyp şaýatlyk edýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň işi iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň täze hiline şaýatlyk edýär. Türkmenistan we Ýaponiýa özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin, şol sanda maýa goýum ulgamynda, dürli pudaklarda taslamalary amala aşyrmakda, täze geljegi uly bolan ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmekde hemme mümkinçiliklere eýedir.
Munuň özi esasan-da Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda, Hazar deňzinde kenarýaka düzümlerini abatlamak, uglewodorod çig malyny, nebit we gaz, himiýa senagatyny gaýtadan işlemek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak arkaly möhüm bolup görünýär.
Okgunly ösýän Türkmenistan üçin günüň dogýan ýurdunyň maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky tejribeleri örän peýdaly bolup biler. Bu babatda Ýaponiýanyň gazananlary oňat bellidir.
Iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi uly bolup durýar. Ýakynda Türkmenistanda türkmen-ýapon işewürlik maslahatynyň geçirilendigi, onuň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, hususan-da, ýangyç-energetika babatda, senagatda, söwdada, telekommunikasiýa we ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlaryny kesgitlemek meseleleriniň girizilendigi guwançly ýagdaýdyr.
Türkmen tarapy syýahatçylygyň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmekde Ýaponiýanyň tejribesine hem gyzyklanma bildirýär. Bu babatda Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge we hususan-da Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslama ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy geljegi uly ugur bolup durýar.
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda biziň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm şert hökmünde ylym, bilim, medeniýet, sungat babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek örän möhüm bolup durýar.
Ýaponiýa baý we özboluşly medeniýeti bolan ýurtdyr. Türkmenistanda ýapon edebiýatyna, kinematografiýasyna, teatryna, žiwopisine gyzyklanmak däp boýunça ýokarydyr. Degişlilikde ýapon jemgyýetçiligi üçin hem biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri we medeni-taryhy mipasy bilen ýakyndan tanyşmak gyzykly bolar.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili bölümi açyldy we ol üstünlikli işleýär, şol bölüm ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Sukuba ýapon uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminama Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň okuw mekdepleriniň arasynda şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly bolar
Dünýä giňişliginde Ýaponiýa Türkmenistanyň möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýaponiýada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy munuň tassyklanmasy bolup durýar, munuň özi döredijilikli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň barşynda möhüm waka boldy.
Gepleşikleriň barşynda türkmen Lideri häzirki duşuşygyň iki döwletiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga hyjuwlydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýändigine ynam bildirip, dostlukly ýapon halkyna parahatçylyk we abadançylyk azruw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Tokionyň 2020-nji ýylda Olimpiýadanyň geçirilmeli diýip saýlanmagy bilen Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny hem-de Premýer-ministrini gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda geçirilen oňyn gepleşikler, iki ýurduň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ähli zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin Sindzo Abä minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň mejlisler zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy, şol gepleşikleriň barşynda doly möçberli hyzmatdaşlyga iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe Täze hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.
Şeýle hem Tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň Nebit, gaz we metallar boýunça milli korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary metbugata gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ilki çykyş eden Sindzo Abe žurnalistlere ýüzlenip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary depgininden kanagatlanýandygyny beýan etdi. Ýaponiýanyň hökümet baştutany Tokioda geçirilen gepleşikleriň anyk häsiýetini nygtap, şu gepleşikleriň mazmuny boýunça hem, ýagdaýy boýunça hem okgunly güýç toplaýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ynamly hem-de netijeli beýany bolandygyny belledi.
Premýer ministriň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda öz sebitlerinde işleriň ýagdaýy hakynda maglumatlar aýdyldy. Bu babatda jenap Sindzo Abe Ýaponiýa dünýäniň geosyýasy kartasynda örän wajyp sebit bolan Merkezi Aziýada, aýratyn hem “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýokary derejede gyzyklanýandygyny nygtap, öz ýurdunyň ileri tutulýan daşary syýasat ugurlaryny gysgaça häsiýetlendirdi.
Halkara we sebitleýin ähmiýetli özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelere biziň garaýyşlarymyzyň çalymdaşlygy, käbir meselelerde bolsa gabat gelmegi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işlere uly netijelilik bermek üçin düýpli esas bolup hyzmat edýär diýip, Premýer-ministr aýtdy.
Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany gepleşikleriň tamamlanandygyny, ýöne ara alyp maslahatlaşmak üçin meseleleriň entek kändigini aýtmak bilen, şu gün başy başlanan söhbetleşligiň häzirki saparyň çäklerinde meýilleşdirilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklaryň barşynda dowam etdiriljekdigini habar berdi. Bu babatda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ägirt uly serişdelere hem-de ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan we dünýäde ygtybarly hem-de gurply hyzmatdaşyň abraýyna mynasyp bolan döwlet hökmünde Türkmenistan bilen özara işewür gatnaşyklary giňeltmäge has gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Premýer-ministr özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini belläp, iki dostlukly ýurtlarda ekologiýa ulgamynda, hususan-da, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen hem-de ykdysadyýetiň howpsuz “ýaşy ösüşini” üpjün edýän innowasion işläp taýýarlamalar babatda hyzmatdaşlyga berilýän uly ähmiýeti aýratyn nygtady. Jenap Sindzo Abe ekologiýa taýdan arassa tebigy gurşawy döretmek, ilatyň ömrüni we saglygyny hil taýdan ýokarlandyrmak boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň goşýan önjeýli goşandyna ýokary baha berip, häzirki ýokary derejedäki gepleşikler giň möçberdäki möhüm ekologiýa wezipelerini çözmegiň ikitaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmäge möhüm ädim bolar diýip ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamda we elbetde, gumanitar ulgamda, hususan-da, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport babatda pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berer diýip, Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany sözüniň ahyrynda nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, öz nobatynda geçirilen oňyn gepleşikler üçin Ýaponiýanyň Premýer-ministrine we ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şol gepleşikler döwletara gatnaşyklaryna däp boýunça mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirildi.
Türkmen Lideri halkara syýasatynyň esasy meselelerine taraplaryň ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny görkezen gepleşikleriň ýokary netijelidigini nygtap, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada we Aziýa - Ýuwaş umman sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge Türkmenistanyň hem Ýaponiýanyň çalyşýandygy tassyklanyldy diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak giň möçberde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine hyzmat edýär diýip nygtamak bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklady. Bu babatda taraplar dürli derejelerde hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlary hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek işinde pikir alyşmagy, bu mesele boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýandyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň habar berşi ýaly, taraplap halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek hakynda ylalaşdylar.
Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, gepleşikler söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, Türkmenistanyň çäklerinde uly möçberli ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, syýahatçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge bilelikde gatnaşmak üçin şertleri döretmäge ýardam etmäge we hemmetaraplaýyn goldamaga iki tarapyň taýýardygyny görkezdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň işiniň möhüm ornuny belledi.
Iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ýakyndan özara gatnaşyklary, olaryň bilelikdäki maýa goýum işine gatnaşmagy üçin mümkinçilikler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen Döwletiniň Baştutany milli ykdysadyýetimizi we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge ýapon işewürliginiň gatnaşmagyny Türkmenistanyň goldaýandygyny belläp, biziň hem öz tarapymyzdan türkmen işewürligi üçin Ýaponiýada mümkinçilikleri giňeltmäge hem gyzyklanma bildirýändigimizi nygtady.
Biziň ýurtlarymyz gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklary dowam etdirmäge, medeniýet, ylym, bilim babatda, şol sanda bilelikdäki çäreleri guramak bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýapon diliniň, Ýaponiýada türkmen diliniň öwrenilmegi medeni – gumanitar ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmäge oňyn täsirini ýetirer diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerinden örän kanagatlanýandygyny beýan edip, bu gepleşikleriň oňa iki ýurduň anyk mümkinçiliklerine hem-de Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýän täze hili we mazmuny beren möhüm tapgyry hökmünde bu duşuşyklaryň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň Tokioda Ilçihanasynyň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu waka döredijilikli türkmen-ýapon gatnaşyklarynda möhüm pursat boldy diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik üçin öz ýapon kärdeşi Sindzo Abä ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip we Tokionyň 2020-nji ýylda Olimpiadanyň geçiriljek ýeri diýlip saýlanmagy bilen gutlady we Ýaponiýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri tarapyndan resmi agşamlyk nahary berildi, onda iki ýurduň Liderleri çykyş edip, taraplaryň dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryna, oňyn syýasy gatnaşyklara tarap alnan ugra, doly möçberli ykdysady we medeni hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmen döwletiniň Baştutany “Akasaka” köşgünde özi üçin bellenen kabulhana gaýdyp geldi.
Döwletara türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň işjeňleşmeginiň adamyň abadançylygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini esasy maksady diýip jar eden türkmen döwletiniň ösüşiniň täze taryhy döwründe - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gabat gelmegi örän guwançlydyr. Bu babatda hemişe bolşy ýaly gabat gelmeler ýerliklidir. Köp syýasatçylaryň we ykdysadyýetçileriň türkmen ykdysady gudraty hakynda söz açýandyklary gizlin däldir. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasaty bolsa onuň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üpjün edilen täzeleniş depginleri, döredijilik gujur-gaýraty döwlet ösüşiniň iň göwnejaý we netijeli ugurlaryny agtarmagyň zerurdygyny öňe sürýär. Bu babatda ýapon modeli ýokary tehnologiýalara we milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanmak bilen ylmy we bilimi ösdürmäge we tutuşlygyna üçünji müňýllykda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde ýokary derejede ösen intellektual jemgyýeti döretmäge çalyşýan häzirki zaman Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler. Okgunly we haýran galdyrýan ykdysady ösüşleri gazanan Ýaponiýa öňdebaryjy özgertmeler ýoluna gadam uran Türkmenistan üçin gyzyklydyr we peýdalydyr.
Emma welin türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy iki ýurduň ykdysady bähbitleri bilen çäklenmeýär hem-de milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň ornuna çuň düşünmäge esaslanýar. Sebäbi Ýaponiýanyň üstünligi halkyň ägirt uly zähmetsöýerligi, asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy gymmatlyklara biziň iki halklarymyzy birleşdirýän iň esasy häsiýet bolan kämillige üýtgewsiz çalyşmaga daýanmak netijesinde gazanyldy. Sebäbi häzirki wagtda geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändigimize, medeniýetimiziň, dinimiziň we dünýägaraýşymyzyň dürlüdigine garamazdan, biziň köp meseleler boýunça umumy dil we özara düşünişmek tapyp bilýändigimiz şunuň üçindir.
Türkmen döwletiniň we onuň Lideriniň ösüş ýoluny maksat edinýändigine Ýaponiýanyň ýolbaşçylary üçin bada-bat düşnükli bolmagyny we baha berilmegini belläp geçmek möhümdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer ministri Sindzo Abeniň duşuşygy mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny bellemek nukdaýnazaryndan peýdaly bolmak bilen bir hatarda, çuňňur hormat goýmaga, özara düşünişmäge we sarpa goýmaga esaslanan netijeli gatnaşyklary hem dowam etdirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer- ministriniň arasynda şu gün bolan gepleşikler oňyn döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, hyzmatdaşlygyň bar bolan hem-de dürli ulgamlarda we pudaklarda özara peýdaly gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esasy döreder, şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary dowam edýär.