Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri söwda-maliýe düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri söwda-maliýe düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 735
Şu gün Ýaponiýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň iri söwda we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylygy – Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça bankynyň (JBIС) prezidenti jenap Hiroşi Okuda, Ýaponiýanyň eksport-karz agentliginiň (NEXI) prezidenti jenap Kazuhiko Bando we Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça assosiasiýasynyň (ROTOWO) prezidenti, “Mitsubishi Heavy Industry” korporasiýasynyň ýerine ýetiriji uly geňeşçisi jenap Takaşi Nişioka bilen duşuşyk geçirdi.

Işewürler saparyň barşynda bellenilen çäreleriň köpdügine garamazdan, wagt tapyp duşuşandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirip, däbe öwrülen döwletara hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze derejesine ýetirilmegine ýardam berjek ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigi bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly düzümleriň ýolbaşçylaryny mübärekläp, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanyň Ýaponiý bilen gepleşigiň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini, iki ýurdy köp ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan oňyn tejribäniň we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda uzakmöhletleýinlige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ykdysadyýetine ýapon maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary we maýa goýumly maksatnamalary amala aşyrmagyň hasabyna, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň türkmen Lideri tarapyndan amala aşyrylýan uly möçberli özgertmelere ýokary baha berilýändigi hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ynam bildirilýändigi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasatynyň we ýurtda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýändigi, şeýle ýagdaýyň geljegine uly umyt baglanýan bazara has köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çekilmegine ýardam berýändigi bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Ýaponiýanyň iri söwda we maliýe düzümleriniň maksatlary we wezipeleri bilen jikme-äik tanyşdyryldy. Bularyň işi Ýaponiýanyň hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän belli kompaniýalarynyň, döwlet kärhhanalarynyň, banklaryň, senagat assosiasiýalarynyň we agentlikleriň hem-de olaryň tutuş dünýäde gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarynyň arasynda ysnyşykly we işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna degerli ýardam berýär. Bu düzümler ýaponiýaly eksport edijilere we maýadarlara degerli goldaw berip, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ählumumy rowaçlygyň we yzygiderli ösüşiň özenini düzýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýärler.

Duşuşygyň barşynda, JBIС, NEXI we ROTOWO ýolbaşçylary Türkmenistanyň Baştutanynyň garamagyna möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine degişli teklipleri hödürlediler. Ýaponiýanyň türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmek isleýän kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we innowasion işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada aýratyn pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitini ösdürmekde wajyp orny eýeleýändigini belläp, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigini we muňa taýyndyklaryny hem-de onuň ösdürilmeginiň ýakyn wagtda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetirilmegine, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdylar.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda bilelikdäki işde baý tejribäniň toplanandygyny göz öňünde tutanyňda, oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigine oňyn baha berip, Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýändigini we ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen ugra eýerýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk boýunça gelip gowuşýan täze teklipleriň ählisine garamaga we içgin öwrenmäge elmydama taýyndygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň söwda-maliýe toparlarynyň wekilleri iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine wajyp ähmiýet berýändigini belläp, ýokary derejede ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň baglaşylmagynyň, özara goldaw berilmeginiň we iki ýurduň hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn diwersifikasiýa edilmegini maksat edinmeginiň milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmagyň, dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň oňaýsyz netijelerine bilelikde garşy durmagyň amatly usulyna öwrüljekdigini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, iki tarapyň hem Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen duşuşyklaryň we geňeşmeleriň ykdysady rowaçlygy we ösüşi maksat edinýän iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we çuňlaşddyrmak işine degerli ýardam berjekdigine berk ynam bildirýändigi bellenildi.