Ï Türkmenistanyň Prezidenti Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary professoryny we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary professoryny we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 792
Ýaponiýanyň paýtagtynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary professory Ýoşiaki Sasakini, şeýle hem “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Professor Sasaki türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy düýn Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolmagy bilen gutlady.

Hususan-da, professor Ýoşiaki Sasakiniň belleýşi ýaly, bütin dünýäde, şol sanda Ýaponiýada özüniň oňyn döredijilik syýasaty bilen uly halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistana, türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine, onuň gadymy özboluşly däp-dessurlaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň ýapon diline we dünýäniň beýleki dillerine terjime edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Öz nobatynda, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize biziň ýurdumyzda bu kompaniýa ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň ilerledilişi barada hasabat berdi. Işewür türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtap, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar. Ahmet Çalyk özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygyny aýdyp, “Çalyk Holdingiň” mundan beýläk hem özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etjekdigine, şunda özüniň tejribesinden we kuwwatyndan netijeli peýdalanjakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, türkmen halkynyň ruhy-medeni we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamak hem-de artdyrmak babatda ýöredýän ugrunyň köp ulgamlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini aňladýandygyny belledi. Mysal üçin, soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen birlikde, iki ýurduň ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary hem ep-esli giňeldildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi barada durup geçip, bu babatda, şol sanda täze senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak, himiýa we gazy gaýtadan işleýän senagatyň, syýahatçylygyň we beýleki pudaklaryň döwrebap düzümini döretmek ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny işjeň çekmek bu babatda esasy ugur görkeziji bolup hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Professor Ýoşiaki Sasaki we Ahmet Çalyk hoşlaşanlarynda, ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köp ugurly işlerinde täze ajaýyp üstünlikler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.