Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary dowam edýär

view-icon 710
Şu gün, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Ýaponiýa resmi saparynyň ikinji gününde Ýaponiýanyň Imperatory Akihito tarapyndan kabul edildi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň parlametiniň ýanynda döredilen Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň we bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Tokioda döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen gepleşikleri geçirildi. Ol iki ýurduň we halklaryň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn gyzyklanmalara we hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejä çykarmaga ikitaraplaýyn taýýarlygy tassyk etdi.

Hyzmatdaşlygy syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we gumanitar ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklaryna gol çekilmegine bagyşlanan hem-de ýokary derejede geçirilen bu duşuşyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň gatnaşyklarynyň ägirt uly taryhy ähmiýetli waka bolandygyny we belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrdy. Ony parahatçylygyň, ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen umumy maksatlaryň hatyrasyna ýola goýulýan işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm görkezijisi hökmünde atlandyrmak bolar.

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz “Akasaka” köşgünde ýerleşýän kabulhanasynda Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň ýolbaşçysynyň baştutanlygynda ýapon parlamentiniň agzalaryny kabul etdi. Gürrüňdeşligiň barşynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary, hususan-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara we medeni- gumanitar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Imperator Akihitonyň köşgüne tarap ugrady. Bu kaşaň binagärlik toplumy ýapon paýtagtynyň ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar. Ol binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman we gadymy usullaryny özünde jemleýär. Daşdan edilen beýik diwarlar hem-de gadymy seýilgähler bilen gurşalan köşge bir ýylda diňe iki gezek köpçülikleýin girmek mümkindir. Ol hem Imperatoryň doglan gününde we täze ýyl baýramçylygynda mümkin bolýar. Belli-belli günlerde Gündogar bagy gelip görmek üçin açylýar. Ol ýerde däp bolan ýapon we Ýewropa çeperçilik bezeglerinň dürli görnüşlerini görmek bolýar.

Akihito – häzirki döwürde dünýäde miras düşer manarhlaryň iň gadymylarynyň biri bolmak bilen, ol 125-nji imperatordyr. Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory “döwletiň we halkyň bitewiliginiň nyşany” diýip yglan etdi. Imperator häkimiýetiniň instiuty ozalkysy ýaly iýerarhik düzümde möhüm orny eýeleýär. Ýapon halkynyň imperator dinastiýasyna gatnaşygy milli taryhyň we medeniýetiň aýratyn gymmatlygy hökmünde oňyn häsiýete eýedir. Resmi saparlaryň maksatnamasyna Imperator bilen duşuşygyň goşulmagy myhmana goýulýan belent sarpany we Ýaponiýanyň şol ýurt bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan meýlini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Imperatoryň köşgüniň çägine gelýär we kabulhananyň merkezi girelgesiniň öňünde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde Ýaponiýanyň Imperatory Akihito garşylady. Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, milli Liderimiz Ýaponiýanyň imperatory bilen bilelikde Köşge girýär we resmi kabul edişlikler zaly ýerleşýän ikinji gata galýar.

Imperator Akihito milli Liderimizi görýändigine şatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy düýn ýapon hökümetiniň baştutany bilen geçiren gepleşikleriniň üstünlikli bolmagy bilen gutlady we gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagyna mümkinçilik berjäekdigine ynam bildirdi.

Imperator Akihito mähirli kabul edendigi üçin minnetlarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaporniýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini we hyzmatdaşlygyň dostluk, birek-birege hormat goýmak esasda ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ynanyşmak we birek-birege düşünişmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini aýtdy.

Dünýä giňişliginde, hususan-da, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryynyň çäklerinde ýola goýulýan Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistany we Ýaponiýany halkara syýasatynyň esasy meselelerine bolan çemeleşmeleriniň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Döwletleriň ikisi-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy ugrunda işjeň tagalla edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň imperatory döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar we söwda-ykdysady pudakdaky gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetde ägirt uly üstünliklere eýe bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Häzirki döwürde biziň ýurdumyz jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirýär diýip, döwldet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda kanunçylyk dünýäniň öňdebaryjy ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär, milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleriniň gerimi giňeldildi. Bu bolsa daşary ýurt maýasyny işjeň çekmek üçin zerur şertleri döredýär we dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagy şertlendirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu jähetden Ýaponiýanyň iri işewürlik toparlarynyň işini oňlaýarys we ýapon maýadarlarynyň Türkmenistanda bolmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Söhbetdeşler gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berdiler. Olar iki ýurduň ýakynlaşmagyny şertlendirýän we ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary baglanyşdyrýan medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň maksada laýyk boljakdygy barada aýtdylar we şeýle hyzmatdaşlygyň özboluşly taryhyň hem-de medeniýetiň aýawly saklanmagyna bolan oňyn gatnaşyklary emele getirýändigini bellediler.

Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan dünýäde umumy ykrar edilen Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalaryna uly gyzyklanma bildirýär we biz siziň ýurduňyzyň bu ugurdaky tejribelerini öwremäge we ony önümçilige giňden orrnaşdyrmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Tokionyň 2020-nji ýylda Olimpiadany geçirmek üçin saýlanandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Imperator Akihitony bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýapon türgenlerine bäsleşiklerde uly üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiziň türkmen-ýapon hyzmatldaşlygyny täze derejä çykarmaga bolan meýlini oňlamak bilen, Imperator Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Imperator Akihito tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň tutuş halkyna parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda onuň Alyhezreti Akihito döwlet Baştutanymyzy öz ogly, Ýaponiýanyň Mirasdüşer Şazadasy Naruhito bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şazada Naruhitony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk kanagatlanma bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Soňra milli Liderimiz Imperatoryň we Mirasdüşer Şazadanyň ugratmagynda “Rensui” günorta zala bardy. Bu ýerde onuň Alyhezreti Akihito hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy imperator maşgalanyň ýene-de bir agzasy – özüniň kiçi inisi Şazada Hitaçi bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz bolsa öz gezeginde Imperatory Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Soňra milli Liderimiz Ýaponiýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Bu ýerde guralan çäre tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar “Rensui” demirgazyk zalyna barýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Ýaponiýanyň Imperatorynyň adyndan resmi nahar berildi. Soňra “Rensui” günorta zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda çaý başyndaky jemleýji söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Imperatory bilen mähirli hoşlaşyp, Imperatoryň köşgünden çykdy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dünýä belli “SONY” kompaniýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Ýedi gatly “World Headguarter” binasy Tokionyň işewür we söwda merkezleriniň birinde, Gindza etrabynda ýerleşýär. Onda “Sony Show Room” sergi merkezi hemişelik hereket edýär. Ol ýerde bu iri transmilli korporasiýasynyň soňky döwürde öndüren önümlerinden bolan sergi görkezilýär. Ýeri gelende aýtsak, önümleriň sergisi olar köpçülikleýin çykarylyp başlanmaka we dükanlaryň tekjelerinde orun almanka guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy ştab-kwartiranyň merkezi girelgesiniň öňünde saklandy. Döwlet Baştutanymyzy “SONY” korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň başlygy jenap Kazuo Hirai mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz binanyň eýwanyna geçdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany kompaniýanyň ýolbaşçylary, işgärleri we köp sanly myhmanlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz resmi adamlaryň ugratmagynda binanyň 4-nji gatyna galdy we “4K Theatre” zalyna geçdi. Bu ýerde 4K we 3D formatyndaky wideofilm görkezildi. Onda “Sony korporationyň” iň soňky işläp taýýarlamalary we eýelän sepgitleri barada gürrüň berilýär.

Ýarym asyrdan gowrak taryhynyň döwründe kompaniýa elektro harytlaryň örän giň görnüşlerini işläp taýýarlady we öndürdi. 1976-njy ýylda kompaniýa okgunly ösüşe eýe boldy. Şol döwürde ilkinji ýokary hilli reňkli audio we wideo enjamlary öndürilip başlandy. Soňra bu ugur boýunça işläp taýýarlamalary ösdürmek arkaly kompaniýa dünýä bazaryna ýokary görkezijiligi bolan şekilli wideo hem-de foto kameralaryny çykaryp başlady. 1986-njy ýylda şekili görkezýän häsiýetli ýokary derejeli telekameralar döräp başlady. Häzirki döwürde “Sony korporation” durmuş tehnikasyny, ýokary derejeli elektronikany, oýun enjamlaryny we beýleki ýokary tehnologiýalary öndürmek ulgamynda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar.

Bu ýerde guralan tanyşlyk çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz “SONY” korporasiýasynyň tehnologik önümleriniň Sergi merkezi, hususan-da, onda görkezilýän köp ugurly öňki kameralara garanyňda şekil görkezijiligi 4 esse ýokarlandyrylan 4k telekameralary bilen tanyşdy. 4k sensor kameralary örän baý reňklilik, ýokary sazlaşyk, arassa şekil we anyklygy bilen tapawutlanmak arkaly häzirki döwürde giňden ulanylýar. Şeýle hem bu kameralar şekiliň kem-käs ýerlerini awtoimatik taýdan düzetmäge ukyplydyr we ol ygtybarly mediagöterijilere eýedir. Häzirlikçe 4k ýokary hünär telekameralarynda we ýazgy studiýalarynda peýdalanmak üçin işlenip taýýarlanyldy.

Duşuşygyň barşynda “SONY” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Dünýä belli kompaniýanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýa bolan üstünlikli sapary bilen gutlady hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikler däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy diýip belledi. Jenap Kazuo Hirainiň aýdyşy ýaly, Ýaponiýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň mümkinçiliklerine we ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň ösüşine, şeýle hem halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulýandygyna ýokary baha berýärler. Şu jähetden “SONY” korporasiýasynyň Türkmenistan bitlen ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hoşniýetli sözleri üçin minnetldarlyk bildirip, döwlet Baştutaynymyz döwlet durmuşynyň ähli möhüm ulgamlarynda tapgyrma-tapgyr düýpli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň çekilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, diňe bir Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine däl, eýsem bütin dünýäde durmuş aýratynlyklaryna täsiri bolan “Sonynyň” wagtdan öňe geçýän täze önümleriniň hiliň we ygtybarlylygyň özboluşly kepili bolup durýar.

Biziň ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda “Sony” korporasiýasy bilen ýygjam we işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyk babatda gelip gowuşýan ähli teklipleri üns bilen öwrenmäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem ýurdumyzda okgunly ösýän dynç alyş we medeni köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ýörite tehnologiýalaryň getirilmegi hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine taýýarlyk işlerine kompaniýanyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Sony” korporasiýasynyň baştutany ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine we ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna gönükdirilen täze, möhüm bileleikdäki taslamalaryň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün “Akasaka” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň – Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygy üçin bankynyň, “NEХI”, “ROTOBO” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Soňra milli Liderimiz “Ykdysady hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi” atly Türkmen-ýapon forumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde, hususan-da, ylmy-tehniki, maliýe pudaklarynda, bilim ulgamynda, şeýle hem nebitgaz gaýtadan işleýji senagatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly resminamalar toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maliýe ministrini, Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary professoryny hem-de “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara peýdaly hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde dünýäniň beýleki döwletleri bilen, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Şu iki günüň dowamynda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan hem-de üsti ýetirilen Türkmenistan-Ýaponiýa gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tokioda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda biziň ýurdumyzyň netijeli başlangyçlary, şol sanda Türkmenistanyň ählumumy ýaragsyzlanmak, parahatçylygy pugtalandyrmak we howpsuzlygyň ählumumy ulgamyny berkitmek, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly başlangyçlary ýokary baha mynasyp boldy. Ýewraziýa geosyýasy giňişliginde täze, özara gatnaşyklaryň netijeli guraly arkaly berkidilen we ХХI asyryň talaplaryna laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygynyň degişli görnüşiniň emele gelmegini şertlendirýän iri energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şunuň ýaly özara gatnaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bar. Onuň ösüşi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda senagatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, täze ösüş üçin amatly şertleriň, şeýle hem hoşniýetli erk we özara peýdaly esasda ýola goýulýan maýa goýum, ylmy-tehniki, tehnologiki, söwda gatnaşyklary üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmegine gönükdirilendir.

Ýaponiýada gazanylan ylalaşyklar ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna, parahatçylygy we howpsuzlygy, ynamy we özara düşünişilmegini pugtalandyrmak işinde öz tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygyny tassyklan iki ýurlduň gatnaşyklarynda öňe gidişlige badalga berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary dowam edýär.