Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet düzüminiň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet düzüminiň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

view-icon 1127
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa resmi saparynyň çäklerinde milli Liderimiz “Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi” atly Türkmen-ýapon forumyna gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň paýtagtynyň merkezinde 1890-njy ýylda gurlan kaşaň “Imperial” myhmanhanasynda geçirildi.

Ýapon paýtagtynyda indi ikinji gezek geçirilýän bu forumyň esasy wezipesi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Şu jähetden düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň uly üstünlige eýe bolandygyny bellemeli. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn goldanmagyna, dürli pudaklarda, şol sanda ulag-aragatnaşyk, gurluşyk we syýahatçylyk ulamlaryndaky iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak üçin zerur şertleriň döredilmegine bolan meýilleri tassyklandy. Şunlukda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda bitaraplyk derejesine, halkara hukuk kadalaryna daýanmak arkaly, birek-birege hormat goýmak, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk esaslarynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryna ygrarlydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň sazlaşykly we okgunly ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegini, ähli ulgamlarda, öňi bilen bolsa ykdysady pudakda halkara bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam berýär.

2012-nji ýylyň oktýabynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda çykyş etmek bilen, milli Liderimiz ykdysadyetiň ýangyç-energetika serişdelerine baglylygyny aradan aýyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Munuň özi millli ykdysadyýetimiziň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ynamly gadam urmak üçin ägirrt uly mümkinçilikleri açdy. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň maksady Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegini üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň täzeçillik döwlet syýasaty ýurduň köpugurly mümkinçilikleri bilen bilelikde milli we halkara ähmiýetli giň möçberli wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Şunlukda, ýurduň durnukly we uzakmöhletleýin ösüşini üpjün etmäge ukyply, ýokary bäsdeşlige gönükdirilen milli ykdysadýetiň kemala getirilmegi oňyn özgertmeler maksatnamasynyň esasyny düzýär.

Şeýle hem önümçilik pudaklaryny ýakyn geljekde diwersifikasiýa etmäge we ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysadýetini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň maýa goýum maksatnamasynyň häsiýetli aýratynlygydygyny bellemeli. Şunlukda, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde öňdebaryjy orny eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesi Türkmenistan üçin peýdaly bolup biler. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň ykdysady ugry hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasy ýaly esaslara daýanýar. Munuň özi ykdysadyýetiň döwlet dolandyrylyşy, möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli serişdeleriň bir ýere jemlenmegi, kuwwatly gaznanyň we maýa goýum ulgamynyň döredilmegi üçin ykdysadyetiň eksporty ugur edinmegi, daşary ýurt maýasynyň giňden çekilmegi, iklinji nobatda bolsa—ýlmy-tehniki ösüşiň ýola goýulmagy, önümleriň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply önümleri döretmek üçin mümkinçiligiň giňeldilmegine şert döredýän iri önümçilik düzümlerini döretmek ýaly oňyn ýörelgelerden ybaratdyr.

Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekiji ýurtdur. Garaşsyz bilermenleriň pikirine görä, oňyn özgertmeler ýurduň okgunly we ýokary hilli durmuş-ykdysady ösüşi üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Munuň özi ýurtda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň anyk netijeleridir.

“Imperial” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimizi Ýaponiýanyň resmi wekilleri garşyladylar. Milli Liderimiz iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Peaсoсk” zalyna geçýär. Hemme zat duşuşygyň başlanmagyna taýýar edildi.

Bu ýere çärä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň 300-den gowragy ýygnandy. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri bar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ITOCHU, MARUBENI, MITSUBISHI, SOJITZ, CHIYODA, JGC, Kawasaki Heavy Industries LTD, Komatsu, Mitsui&Co.Ltd, Sumitomo, Hitachi, Kaneko Sangyo Co.Ltd, Mitsubishi heavy industries Ltd, Mitsui engineering shipbuilding Co.Ltd, Mizuho bank Ltd, NEC, Nippon, Nippon Steal &Sumikin engineering Co.Ltd, Nissan, Nisso Boeki Co.Ltd, Toyota Tsusho Corporation, Yokogawa Electric, Tsukushima Kikai Co. Ltd. ýaly dünýä belli kompaniýalaryň we assosiasiýalaryň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem, olaryň arasynda Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça assosiasiýasynyň (ROTOBO), “Mitsui Global Strategik” institutynyň, Russiýanyň we Ýewraziýa ýurtlarynyň ykdysady institutynyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy banklarynyň wekilleri bar.

Çärä gatnaşyjylaryň şeýle uly düzümi Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga bolan ägirt uly meýilleriniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlygy ITOСHU korporasiýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýaşi forumy açmak bilen, belent mertebeli türkmen myhmanyny tüýs ýürekden mübärekledi we Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň onuň üçin we zaldakylar üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna işjeň goldaw berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Ýoiçi Kobaýaşi türkmen döwletiniň baştutanynyň Ýaponiýa bolan saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen hem-de özara peýdaly we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm duşuşyklaryň we gepleşikleriň aýratyn häsiýete eýedigini nygtady. Şu günki geçirilýän forumyň möhümdigini bellemek bilen, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlygy, ITOСHU korporasiýasynyň wise-prezidenti bu duşuşygyň dürli pudaklar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegini şertlendiren netijeli we işewür hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülendigini aýtdy.

Soňra çykyş eden Ýaponiýanyň Premýer-ministrininiň orunbasary, maliýe ministri jenap Taro Aso Türkmenistanyň Ýaponiýanyň hökümeti, şol sanda iri ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky işjeň meýillerine ýokary baha berdi. Türkmenistanda amala aşyrylýan, ilkinji nobatda bolsa ykdysadyýeti özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän we ýurtda ýokary ösüş depginini üpjün eden iri möçberli özgertmeleriň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, jenap Taro Aso munuň özi baý tebigy serişdeleriň bolmagy, ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň türkmen döwletiniň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýan ýagdaýdyr diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça assosiasiýasyna (ROTOBO) hem-de Türkmen-ýapon ykdysady komitetine Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Munuň özi Ýaponiýa guralýan ikinji sapardyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Dünýä derejeli işlerde Türkmenistan bilen Ýaponiýa aýratyn ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň geçirilmeginiň, syýasy meseleler ýaly, söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklar boýunça garaýyşlary deňeşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz şu gün uly hormat goýulýan Onuň Alyhezreti Imperator Akihito bilen bolan duşuşygyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz düýn Premýer-ministr Sindzo Abe bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Olaryň jemleri boýunça tehniki hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, lukmançylyk, şeýle hem gazy gaýtadan işlemegiň ýokary tehnologiýaly pudagynda özara gatnaşyklary artdyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi. Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Ýaponýada Ilçihanasynyň açylmagy iki ýurduň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýilleriniň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa saparyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-ýapon işewür forumynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny, onuň barşynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýý we geljegi barada pikir alyşmalaryň bolandygyny we ýangyç-energetika, senagat, söwda, telekommunikasiýa we ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň we ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içerki we daşarky syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki syýasatyň düýp mazmunyny döwrebaplaşdyrmak syýasaty diýip atlandyryp boljakdygyny belledi. Türkmenistan ilki başda parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, diňe bir içerki ösüş üçin oňaýly şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem häzirki döwrüň ýagdaýyndan gelip çykýan ählumumy möçberdäki anyk zerurlyklary ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda biziň ykdysadyetimiziň ösüşi derejesi has-da ýokary, döwletiň we ýurdumyzyň işewürlik ulgamynyň ygtybarlylyk derejesi hem hil taýdan täze diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Günbatar bilermenleriniň pikirine görä, häzirki döwürde Merkezi Aziýa syýasy, energetika we senagat mümkinçiliginiň merkezi hökmünde kuwwatlanýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly energetika serişdeler bolan hem-de Merkezi Aziýa özboluşly derweze bolup durýan ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň bu babatda möhüm oryn eýeleýändigini nygtady.

Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjyary ýurdumyzyň ýokary derejesini üpjün edýän esasy görkezijileri bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurduň her ýylda durnukly ýagdaýda 11 göterim derejedäki ykdysady ösüşiň depginleri hakyndaky maglumaty mysal hökmünde getirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde ägirt uly ösüş gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, soňky birnäçe ýylyň dowamynda býujetiň girdejileriniň aýratyn ösüşiniň göze ilýändigini belledi. Şeýle hem daşarky söwda dolanyşygynyň möçberleri artýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we soňky on ýylyň dowamynda onuň ortaça ösüş depgininiň ýokary derejede saklanýandygyny belledi.

Ägirt uly serişde gorlary Türkmenistanyň senagat ulgamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň kemala gelmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika, nebit we gaz çykaryjy, nebiti gaýtadan işleýji pudaklaryň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Häzirki döwürde Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň täze tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň senagatynyň ösüşine we onuň diwersifikasiýa edilmegine uly goşant bolup durýandygyny nygtady. Bu ugra Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň ugurdaş gazdan sintetik nebiti almak, gatlaklary arassalamak we taýýarlamak, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek, iri gaz himiýa pudagyny döretmek bilen baglanyşykly birnäçe taslamalar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdan maglumatlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu jähetden Seýdi şäherinde polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyny durmuşa geçirmek babatda teklibiň gelip gowşandygy bellenildi.

Ykdysady pudaga uzakmöhletleýin maýa goýulmagy onuň üstünlikli ösüşiniň möhüm şertidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady pudakdaky özara gatnşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda bu ugur boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda oňyn ösüşleriň göze ilýändigini aýtdy. Hususan-da, 2012-nji ýylda öň ýanyndaky ýyl bilen deňeşdirilende Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky daşarky söwda dolanyşygynyň mösberleri 9 essä golaý artdy. Import ulgamynda Ýaponiýa dokuzynjy orny eýeleýär we Türkmenistanyň eksportunda bolsa 47-nji orunda durýar. Bu maglumatlar söwda-ykdysady pudakdaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyndan habar berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýandygyny tassyk edýän maglumatlary getirdi. Hususan-da, 2013-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky ýagdaýa görä Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 781 million dollary we 91 milliard ýenden gowrak bolan taslamalaryň 26-synyň durmuşa geçirilýändigi hasaba alyndy.

Milli maýa goýum syýasaty barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ykdysadyýetimizde daşary ýurt maýalarynyň paýynyň has-da artandygyny nygtady. 2008-2012-nji ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde maýa goýumlarynyň umumy mukdarynyň ABŞ-nyň 60 milliard dollaryna golaý bolandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Diňe 2012-nji ýylda esasy maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,3 esseden gowrak artdy.

Şunlukda, Türkmenistan özüniň ykdysady syýasatynda karz serişdelerine garanyňda, göni maýa goýumlaryny ugur edinýär. Munuň özi birinjiden, milli bazarda goşmaça önümçilik isleglerini emele getirýär we maliýe-ykdysady ýagdaýyň durnuklaşmagyny şertlendirýär. Ikinjiden bolsa, daşarky karz serişdeleriniň artmagyna alyp barmaýar. Biziň ýurdumyzyň daşarky bergisiniň ýokdugy maliýe ulgamynyň durnuklylygynyň subutnamasydpy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu jähetden 2012-nji ýylda umumy maýa goýumyň 70 göterime golaýynyň önümçilik pudagyna gönükdirilendigi bellenildi. Onuň esasy bölegi senagatyň, ulagyň we aragatnaşygyň ösdürilmegine harçlanýar.

Daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň işiniň hukuk goragy bilen baglynyşykly meseleler bilen çärä gatnaşyjylary tanyşdyrmak arkaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumy ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümiň ösdürilýändigini, maýadarlaryň hukugyny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işiniň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň çägine girmek we onda bolmak, girdejileri biziň ýurdumyzda ulanmak we ony daşyna çykarmak, daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň hukuklaryny we borçlaryny başga birine geçirmek, aň hususyýetçiliginiň hukugyny goramak, maglumatlara girmek we maýa goýum işiniň togtadylmagy bilen baglylykda, daşary ýurt maýasyny gaýtaryp bermek, şeýle hem emläk mejbury ýagdaýda alnan mahaly onuň öwezini dolýan kepili üpjün etmek ýaly kepiller göz öňünde tutulan anyk çärelerdir.

Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda iş alyp barýan daşary ýurtdy maýadarlar barasynda aýdylanda bolsa, olar salgyt, gümrüň we beýleki birnäçe ýeňillikli şertlerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň eksporta gönükdirilen dokma senagaty hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin möüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milli ykdysadyýetimizdäki ýokary maýa goýum işjeňligi gurluşyk pudagynyň okgunly ösüşini şertlendirýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurluşyk serişdeleri senagatynda iri önümçiligiň döredilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini nygtady. Şunlukda, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda milli ykdysady strategiýanyň möhüm ugry bolan ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, Türkmenistanda ukyply we işjeň telekeçiler, işewürler gatlagynyň emele gelendigi we onuň pugtalanandygy aýdyldy. Olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde döwlete degişli däl pudagyň paýy 40 göterime barabardyr. 2020-nji ýyla çenli bolsa bu görkeziji 70 göterime ýeter diýlip çaklanylýar.

Milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň orny barha giňelýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy hakyndaky” Kanunynyň ähmiýetini belledi we onuň hususy işewürlik we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin ägirt uly ýeňillikleri göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şu jähetden hususy telekeçiligi ösdürmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan konsepsiýanyň möhümdigi nygtaldy.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz telekeçilige goldaw bermek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň ýurduň tutuş ykdysady ulgamynda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligini belli we ýakyn wagtda diňe “kiçi” we “orta” däl, eýsem iri telekeçilik hakynda gürrüň edip boljakdygyny nygtady.

Gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdymyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna iri taslamalaryň ynanylýandygyny aýtdy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň täze edara ediş—işewürlik we medeni merkeziniň kemala gelmegini nazarlaýan Aşgabady ösürmegiň 13-nji nobatdakysynyň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna ynanylandygyny belledi. Bu birleşik ýakynda döredildi we ol häzirki döwürde öz hatarynda dört ýarym müňden gowrak agazalary birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasy bolup durýar we ol biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ähli taslamalarda halkara ülňüleri, täze innowasion we tehnologik işläp taýýarlamalar, işgärleriň ýokary hünär taýýarlygy baş çelşi bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz biz üçin ykdysady, önümçilik, ylmy-tehniki we hojalyk işiniň alnyp barylmagy we ýapon kompaniýalarynyň ägirt uly mümkinçilikleri peýdaly bolup biler diýip nygtady.

Häzirki döwürde ykdysadyýetiň innowasion ösüşi ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi ilkinji nobatda her bir döwletiň we hökümetiň baş wezipesi bolan raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak esaslaryna daýanýar. Çünki bu meseläni çözmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamazdan, adamlaryň beden we ruhy ösüşini üpjün etmezden mümkin däldir. Şu jähetden ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň strategik wezipesi boup durýar.

Tebigat Türkmenistana ägirt uly serişdeler goruny eçilipdir, bu bolsa döwletimize ilatyň durmuşyny daşary ykdysady ýagdaýa bagly bolmakdan azat edýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz durmuş taýdan goraglylyk içerki syýasatymyzda mundan beýläk-de möhüm orny eýelär diýip belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde öz ilatyna tebigy gazy, elektrik toguny we suwy mugt berýän ýeke-täk döwletdir. Şeýle şertler bilen bir hatarda dünýäde deňi-taý bolmadyk başga-da birnäçe ýeňillikler ýurduň ilatyna hödürlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bazar gatnaşyklaryna tarap maksada okgunly hereket etmek bilen, biz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryna, esasy çig mal serişdelerine döwlet gözegçiligini aradan aýyrmaýarys diýip belledi.

Bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu ulgamyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz bu ulgama degişli özgertmeler barada jikme-jik durup geçdi. Hususan-da, şu ýyl Türkmenistanyň mekdeplerinde okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçilendigi bellenildi. Milli we dünýä tejribeleriniň esasynda täze okuw meýilnamalary düzüldi. Şunuň bilen bir hatarda umumybilim berýän orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti (etika) ýaly dersler täze girizildi. Häzirki döwürde her bir täze mekdepde Internet ulgamyna çatylan kompýuter otaglary, okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar.

Şeýle hem ýokary bilim almagyň mümkinçilikleri we Türkmenistandan daşarda okatmak şertleri ösdürildi. Ýakyn wagtda türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçiliginiň, ýaponiýaly ýaşlaryň bolsa biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okap bilmeginiň ýola goýuljakdygyny bellemek bilen, döwlet Baştatynymyz Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşygyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek bilen baglanyşykly meselelere hem degip geçdi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda täze hassahanalaryň, köpugurly bejeriş edaralarynyň, lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň giden ulgamynyň kemala gelendigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu ýerde lukmançylyk enjamlarynyň iň täzelerini öndürmek we bu babatda ylmy işläp taýýarlamalar bilen meşgullanmak boýunça işleýän ýapon kompaniýalary üçin ägirt uly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny mälim etdi.

Şu jähetden, lukmançylyk enjamlaryny eksport etmek we lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak babatdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljegi uly ugry hökmünde görkezildi. Muňa Ýaponiýanyň Hökümetiniň uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ägirt uly syýahatçylyk serişdelerine baýdygyny we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hökümet toparynyň agzalary bilen Türkmenistanyň ilkinji gezek gatnaşýan “Jata Trawel Şoukeýs-2013” sergisine baryp görmekçidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz onda guralan milli serginiň oňa gatnaşyjylary türkmen ülkesiniň aýratynlyklary, gyzykly syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Ýaponiýadan gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, milli Liderimiz bu ýurtdan gelýän myhmanlaryň Türkmenistanyň ajaýyplyklary, iri taryhy we tebigy desgalary, şeýle hem ajaýyp el halylary, ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanşyp biljekdiklerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň Tokio aýlawyna baranynda bu ýerde “Altyn bedew” adyny alan ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen ýadygärlik bilen tanyşmagyň örän ýakymly bolandygyny belledi.

2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Tokionyň 2020-nji ýylda Olimpiada geçirmek üçin seçilip alynmagy bilen gutlady.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda döwrüň ruhuna laýyk gelýän we deňhukukly özara peýdaly gatnaşyklaryň netijeli ugrunuň kemala gelendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu günki duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu forumyň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykýan giň möçberli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyk edýändigini belledi. Şu gün gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň sanawy ýangyç-energetika pudagyny, senagaty, ykdysadyýeti, maliýe ulgamyny, ylym we bilim ugurlaryny hem-de beýleki pudaklary öz içine alýar. Munuň özi ähli ulgamlar boýunça ygtybarly hem-de öazara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we çärä gatnaşyjylaryň hemmesine işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Milli Liderimiziň çykyşy mahalynda, bu ýerde ýörite gurnalan monitorlarda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri, baý tebigy serişdeleri we onuň gadymy özboluşly medeniýeti barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyk saklamaga bolan ýokary gyzyklanmalary aýdyň beýan edildi.

Uly geljegi bolan we ygtybarly hyzmatdaş hasaplanylýan hem-de ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli gatnaşyklaryň ýola goýlumagyna ýokary gyzyklanma bildirilýändigini bellemek bilen, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça assosiasiýasynyň (ROTOWO) prezidenti, “Mitsubishi Heavy Industry” korporasiýasynyň baş ýerine ýetiriji geňeşçisi jenap Takaşi Mişioka Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň weklleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlanyjy bilen amala aşyrylýan taslamalara, hususan-da, häzirki zaman önümçilik ulgamyny döretmek we enjamlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanyndaky Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň ýolbaşçysy jenap Kenji Kosako öz gezeginde Ýaponiýada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändligini bellei we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan bu saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry emele getirendigini nygtady. Şu jähetden, jenap Kenji Kosaka forumyň geçirilmegi türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösüşine we dostluk, birek-birege düşünişmek we iki döwletiň arasyndaky ynanyşmak binýadyna daýanýan netijeli gatnaşyklaryň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, "Turkmen atlary" Döwlet birleşigi (Turkmenistan) bilen "Japan Reýsing Assosieýşn" Assosiasiýasynyň (Yaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Yaponiýanyň Milli jemgyýetçilk howpsuzlygy baradaky toparynyň ýanyndaky Yaponiýanyň Maliýe aňtawçylyk merkeziniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Beýannama; Tebigy gazy gaýtadan işläp suwuk ýangyjy öndürýän zawody gurmak hakynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen "Sojitz Corporation", "Chiyoda Corporation" we "Nippon Steel and Sumikin Engineering Co Ltd" kompaniýalar toparynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanda ýokary dykyzlygy bolan polietilen öndüiyän zawody gurmak hakynda "Türkmengaz" döwlet konserni bilen "Itochu Corporation" we "JGC Corporation" kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga; Tebigy gazy gaýtadan işläp benzine öwürmek boýunça zawody gurmak hakynda "Türkmengaz" dowlet konserni bilen Yaponiýanyň "Kawasaki Heavy Industries Ltd" we Türkiýäniň "Rönesans Turkmen" kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga; Polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak hakynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen "TOYO Engineering Corporation" we "LG International Gorporation", ”Hyundai Engineering Corp. Ltd" kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Üçtaraplaýyn şertnama; Türkmenabatdaky Himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürmek boýunça sehin taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen "Mitsui Engineering and Shipbuilding Co Ltd" (Ýaponiýa) we "Rönesans Turkmen Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi" (Türkiýe) kompaniýalaryndan ybarat konsorsiumyň arasynda Şertnama; Garabogaz şäherinde natrtiý sulfatyny we sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we ulanmaga doly taýýar edip gurmak hakynda” ”Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň "Tsukishima Kikai Co Ltd" we Türkiýäniň "Rönesans Turkmen" kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň "Mitsubishi Corporation" we Türkiýäniň "Gap Inşaat" kompaniýalarynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga; "Türkmennebit" döwlet konserni bilen Yaponiýanyň "Sumitomo Corporation" kompaniýasynyň arasynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Yaponlýanyn Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady is banky bilen Yaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda Karz ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ýaponiýanyň "Tokio Boeki Teknoloji Ltd" kompaniýasynyň arasynda Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy boýunça Yapon-Türkmen Assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Turkmen milli dünýä dilleri instituty (Turkmenistan) bilen Sukuba uniwersitetiniň (Yaponiýa) arasynda Ylmy taýdan alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Umuman aýdanyňda, Ýaponiýanyň pýatagytynda geçirilen bu forum ýapon işewür toparlarynyň serişdeler babatda, şeýle hem ykdysady babatda ägirt uly mümkinçilikleri bolan hem-de halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýy bolan Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga bolan ýokary gyzyklanmalaryny äşgär etdib. Şu günki duşuşygyň barşynda gol çekilen resminamalar taraplaryň öz tagallalaryny anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem bu forum sazlaşykly ösýän milli ykdysadyýetimize ýapon maýalarynyň giňden çekilmegini şertlendirmek bilen çäklenmän, eýsem ol köptaraply söwda-ykdysady we maýa goýum yzmatdaşlygynyň berkililmegine, deňhukuklylyk we taraplaryň arasyndaky birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilendir.