Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanyndaky Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň wekilleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanyndaky Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň wekilleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy

view-icon 713
Şu gün Ýaponiýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanynda döredilen Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň wekilleri we ýolbaşçylygy bilen duşuşdy. Türkmen Lideriniň kabulhanasynyň ýerleşýän ýeri bolan “Akasaka” köşgüniň “Asahi –no-ma” zalynda geçirilen duşuşyga Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň agzasy jenap Kenji Kosaka, şeýle hem Ýaponiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň agzalary jenap Ýeisuke Mori we hanym Ýuriko Koike hem-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň agzalary jenap Junžo Ýamamoto we hanym Kuniko Inoguçi gatnaşdylar.

Jenap Kenji Kosaka türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp, tutuş dünýäde netijeli syýasaty we döredijilikli halkara başlangyçlary bilen tanalýan Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi we ýapon parlamentarileri üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi. Şunda türkmen Lideriniň Ýaponiýa şu saparynyň möhüm ähmiýetlidigi hem-de düýn Tokioda üstünlikli geçirilen we däbe öwrülen dostlukly döwletara gepleşiginiň taryhyna täze sahypa bolup ýazylan ikitaraplaýyn gepleşikleriň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ilki başdan netijelilige, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler esasynda guralýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky ýyllarda täze hilli we many-mazmunly häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň yzygiderli we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Ýurdumyzyň türkmen bazarynda netijeli işleýän iri ýapon kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamyndaky işjeň gatnaşyklary muna aýdyň mysal bolup biler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän uly we oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny aýtdylar.

Jenap Kenji Kosakanyň türkmen döwletiniň Baştutanyna aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanynda döredilen Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň işi muňa degerli ýardam bermelidir. Bu liganyň düzümine deputatlaryň 25-si goşuldy. Olaryň arasynda tejribeli parlamentariler bar, olaryň aglabasy ozal ýokary döwlet wezipelerinde işledi. Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri şu düzümiň döredilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini görkezmek bilen çäklenmän, dostlukly ýurduň parlamentarileriniň uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak arkaly, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şol gatnaşyklara hemmetaraplaýyn goldaw berilmelidigine ynanýandyklaryny äşgär edýändigini bellediler.

Ýeri gelende aýtsak, iki döwletiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze we sazlaşykly ýagdaýda ösdürmäge taýyndygy 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekilen hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Baştutany şu liganyň döredilmegini oňlap, parlamentara derejesindäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň türkmen-ýapron hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iki döwletiň we halklaryň arasynda özara düşünişilmegine we ynamyň has-da berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk ligasynyň wekillerini Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Liganyň wekilleri bu çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ony ruhubelentlik bilen kabul etdiler hem-de ýurdumyza gelip türkmen parlamentarileri bilen duşuşygyň netijeli boljakdygyny bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistan uly möçberli özgertmelerden ybarat bolan maksatnamalary amala aşyrmak arkaly durmuş-ykdysady taýdan ösüşde ajaýyp üstünlikleri gazanýandygy hem-de dürli ugurlar, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň döreýändigi we Ýaponiýanyň şu ugurda baý tejribe toplandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasy bolup durýan parlamentiň düzümi we işiniň esasy jähetleri bilen tanyşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Parlamenti iki (aşaky we ýokarky) palatalara – Wekilleriň palastasyna we Geňeşçileriň palatasyna bölünýär. Bu iki palata ählumumy saýlawlar esasynda saýlanylýar. Wekilleriň palatasy 4 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan deputatlaryň 480-sinden, Geňeşçileriň palatasy 6 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan deputatlaryň 242-sinden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekillerini Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine möhüm ähmiýetli orun degişlidir. Türkmenistan ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hukugyna degişli kadalaryň milli kanunçylyga implementasiýasy boýunça yzygiderli çäreleri görmek arkaly, demokratik institutlaryň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär.

Soňky ýyllarda öňde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, Mejlisiň deputatlarynyň düzümi we işi has-da giňeldildi, milli ykdysadyýetiň çalt depgin bilen ösdürilmegine, durmuş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelere täzeden badalga berýän möhüm Kanunlaryň birnäçesi we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň Mejlisine nobatdaky saýlawlaryň geçiriljekdigini bellemek gerek. Şol saýlawlara 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary ilkinji gezek gatnaşarlar.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Kenji Kosaka Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp duşuşandygy hem-de mähirli we göwnaçyk söhbetdeşligiň geçirilendigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hoşlaşmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutany we Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanynda döredilen Türkmen-ýapon ligasynyň wekilleri türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmalydygyny, kanun çykaryjylyk işi boýunça özara peýdaly tejribäniň alşylmagynyň ýola goýulmalydygyny ýene-de bir gezek belläp, iki ýurduň we halklaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tikahito Harada gatnaşdy.