Şu gün, özüniň Ýaponiýa resmi saparynyň jemleýji gününde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mitsubishi Corporation” ýapon korporasiýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory jenap Ken Kobaýaşini kabul etdi. Duşuşyga “Gap Inşaat” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.
Duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ýüzde-ýüz söhbetdeşlikde ýola goýlan ysnyşykly işewür hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Mitsubishi Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini Ýaponiýanyň ýokary ýolbaşçylygy – Imperator Akihito we Premýer-ministr Sindzo Abe bilen geçirilen gepleşikleriň, şeýle hem ýakynda bolup geçen “Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi” atly türkmen-ýapon forumynyň hakyky üstünligi we netijeliligi bilen mähirli gutlady. Bu duşuşyklaryň çäklerinde taraplaryň doly möçberli, köptaraply gepleşikleriň we söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşleriniň ösdürilmeginiň ýola goýulmagyna özara gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi.
Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada özara pikir alyşmalaryň barşynda jenap Ken Kobaýaşi öz ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin aňrybaş amatly ýagdaýlar döredilen geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, bütindünýä meşhur kompaniýanyň köpýyllyk terjimehalynyň dowamynda döredilen “Mitsubishinyň” kuwwatly tehnologik hem-de önümçilik binýady bütin dünýä boýunça gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlara iň köpdürli önümleri we hyzmatlaryň giň ulgamyny hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu tejribäniň Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodyň täze taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine-de ýardam etjekdigi bellenildi. Onuň gurluşygy ýakynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyga laýyklykda “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalaryna ynanylar.
Ysnyşykly, netijeli özara hereketi ýola goýmaga ýapon hyzmatdaşlarynyň başlangyçly çemeleşmelerini oňlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz gezeginde Ýaponiýanyň, hususan-da, häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar pudagynda dünýäde öňdebaryjy hökmünde ykrar edilen onuň iri kompaniýalarynyň uly tejribesini çekmäge gyzyklanýandygyny belledi.
Soňky ýyllarda bilelikdäki işde toplanan baý hem-de üstünlikli tejribä oňyn baha berip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirip hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, daşary ýurt kompaniýalaryndan, ilkinji nobatda, özüni ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde tanadan kompaniýalardan gelip gowuşýan tekliplere hemişe garamaga we olary öwrenmäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, “Mitsubishi Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna we halkyň bagtynyň hem-de abadançylygynyň, ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň bähbidine türkmen Lideri tarapyndan işlenip taýýarlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iri möçberli maksatnamalarynyň berjaý edilmegine mundan beýläk-de özüniň mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.