Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bolan resmi saparynyň jemleri barada TDH-nyň wekiliniň sowallaryna jogap berdi.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bolan resmi saparynyň jemleri barada TDH-nyň wekiliniň sowallaryna jogap berdi.

view-icon 739
-Çuňňur hormatlanýan Prezident! Şu gün Siziň Ýaponiýa resmi saparyňyz tamamlandy. Bize mälim bolşy ýaly, Siziň bu saparyňyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme tapdy. Ýöne, saparyň netijelerine Siziň özüňiz nähili baha berýärsiňiz?

-Saparyň netijeleri barada aýdanymyzda, men Tokioda geçirilen duşuşygymyzda saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurt üçin hem uly ähmiýetiniň bardygy barada eýýäm öz pikirimi aýtdym. Ýöne, nähili hem bolsa, bu deslapky baha, gatnaşyklarymyzyň häzirki ýagdaýyna bolan garaýşymyz diýip düşünýärin.

Biz soňky wakalara, şol wakalaryň halkara durmuşynda eýeleýän ähmiýetine diňe wagtyň geçmegi bilen, adamlaryň öz durmuşynda bolup geçýän uly özgerişleri görenlerinden soň, gutarnykly baha berip bileris.

Ýakyn ýyllaryň taryhyna ýüzlensek, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna, siziň bilşiňiz ýaly, ýigrimi ýyldan hem köpräk wagt geçdi. Şondan bäri iki tarap hem döwletlerimiziň arasyndaky häzirki emele gelen gatnaşyklaryň ýokary derejesine kem-kemden, ýöne ynamly ýetdi. Alyp barýan hyzmatdaşlygymyz ýyl-ýyldan pugtalandy, özara gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeldi. 2009-njy ýylyň dekabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparymyz döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýete eýe boldy. Ýadyňyzda bolsa, şol saparyň netijelerine köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary baha berlipdi.

Ýöne, Ýaponiýa şu saparymyz, elbetde, has netijeli boldy. Saparymyzyň netijeli bolmagyna köp sanly ýagdaýlar ýardam berdi. Olaryň arasyndan şulary belläp geçmek bolar: soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyz uly ösüşleri gazanyp, häzirki döwürde dünýäde eýeleýän orunlaryny has-da berkitdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha ösdürildi, döwletara gatnaşyklarymyz pugtalandy.

Men ýene-de bir möhüm meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyna, ýurdumyzda tebigy baýlyklaryň hakykatdan-da bardygyna, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge öz goşandymyzy goşmagy maksat edinýändigimize berk ynanýarlar. Şeýle hem, Ýer ýüzüniň halklarynyň parahat durmuşda ýaşamagy üçin häzirki zamanyň howplaryna garşy göreşmek ukybymyzyň bardygyny aýdyň bilýärler. Türkmen - ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde häzirki döwürde gazanan üstünliklerimize 2009-njy ýylda gazanylan ylalaşyklaryň dowamy hökmünde garamalydyrys.

Gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin gazanan şol ylalaşyklarymyzy has anyklaşdyrmak zerur bolup durýardy. Günüň Dogýan Ýurduna bolan bu saparymyz, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitläp, gepleşikleriň üstünlikli geçmegine ýardam berdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge şeýle çemeleşýändikleri üçin men bütin türkmen halkynyň adyndan ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirýärin.

Gepleşikleriň barşy barada aýdylanda bolsa, men bu gepleşikleriň ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçendigini we örän netijeli bolandygyny bellemek isleýärin. Bu gepleşikler, geçen gezek hem bolşy ýaly, halkara durmuşynyň esasy meselelerine bolan garaýyşlarymyzyň doly gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny ýüze çykardy. Şeýlelik bilen, geçirilen gepleşikler taraplaryň ýokary derejede özara düşünişýändigini görkezdi. Saparyň barşynda, siziň bilşiňiz ýaly, üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarymyzyň esasy bolan hukuk binýadyny has-da berkiden resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Biz Imperator Akihito bilen duşuşdyk.

Şu duşuşyk biziň geçiren eýýäm ikinji duşuşygymyzdyr. Men bu duşuşyga örän begendim we Onuň Alyjenaby Imperator hem örän şat bolandyr diýip pikir edýärin. Ýapon halky Onuň Alyjenaby Imperatory örän gowy görýär, jandan-tenden söýýär diýesim gelýär. Özüniň örän ýokary derejesine garamazdan, Imperator Akihito - örän ýönekeý, inçe duýguly, päk ýürekli adamdygyny aýratyn belläsim gelýär. Ol öz milletiniň iň gowy häsiýetlerini özünde jemlän adam. Ýapon halkynyň oňa şeýle uly hormat goýýandygy ýöne ýere däldir.

Imperator Akihitonyň biziň Watanymyzda hem uly hormatdan peýdalanýandygyny aýtsam, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Biziň watandaşlarymyz ýapon halkynyň ruhy taýdan bize ýakyn bolan iň gowy häsiýetlere eýedigini bilýärler.

Biz şu saparky duşuşygy hem bir-birini köp wagtdan bäri görmedik, köne, gadyrly dostlar hökmünde geçirdik.

Premýer-ministr Sindzo Abe bilen duşuşygymyz hem örän netijeli boldy. Bu duşuşyk işjeň ýagdaýda geçdi we özara bähbitli çözgütleri gözlemäge gönükdirildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça biz Bilelikdäki beýannama, şeýle hem tehniki hyzmatdaşlyk, tebigy gazy ýokary tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlemek, ykdysadyýet we saglygy goraýyş babatda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdik. Ýaponiýanyň işewür adamlary tarapyndan çalt depginler bilen ösýän Türkmenistana gyzyklanma örän ýokarydyr. Muňa, mysal üçin, dünýäde uly işewürligiň örän täsirli adamy - Ýapon işewürler federasiýasynyň başlygy Hiromasa Ýonekura bilen duşuşygymyz hem aýdyň şaýatlyk etdi. Onuň ýanynda egindeşleriniň wekilçilikli topary bardy.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür adamlarynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň dowamynda açylýan mümkinçilikler bilen has jikme-jik tanyşmaga islegi aýdyň duýuldy.

Şoňa görä-de, Ýaponiýanyň işewürleriniň örän iri wekillerini jemlän şol duşuşykda men döwletimiziň içerki syýasaty barada jikme-jik gürrüň berdim. Men alyp barýan içeri syýasatymyzy Türkmenistany döwrebaplaşdyrmak syýasaty diýip atlandyrýaryn. Şeýle hem, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň häzirki zaman şertlerinden gelip çykýan ählumumy derejedäki zerurlyk bolup durýandygyny belledim.

Şeýle hem, men günbatarly bilermenleriň uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi Aziýada esasy orunlaryň birini eýeleýändigi barada esasly garaýşy öňe sürýändiklerini belledim. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa syýasy, energetika babatda we beýleki ugurlarda öz täsirini ýetirip bilýän sebite öwrülip başlaýar.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri baradaky maglumatlaryň maslahata gatnaşyjylarda hakyky buýsanç duýgularyny döredendigine üns berdim. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini indi birnäçe ýylyň dowamynda 11 göterim derejesinde saklanýar.

Umuman, maýadarlara näme gerek? Olara, ilkinji nobatda, ýurtda durnuklylygyň bolmagy, degişli ösen üpjünçilik ulgamlary we elbetde, maýadarlaryň hukuklaryny gorap biljek ygtybarly kanunçylyk binýady gerek. Şoňa görä-de, bu meseleler barada men maslahatyň dowamynda jikme-jik durup geçdim. Hususan-da, halkara hukugynyň kadalary nazara alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýän milli kanunçylyk binýadymyzyň maýadarlara nähili kepillikleri berýändigi barada doly aýdyp geçdim.

Bu kepillikler, ilkinji nobatda, wiza düzgünini we ýurdumyzyň çäklerinde päsgelçiliksiz bolmagy üpjün etmekdir, Türkmenistanda girdejileri we peýdany ulanmak we ýurdumyzyň çäklerinden daşary çykarmak mümkinçiligidir, aň-bilim eýeçiligi hukuklaryny goramakdyr. Şeýle hem, maýa goýum işiniň bes edilmegi bilen bagly daşary ýurt maýa goýumlaryny gaýtaryp bermekdir, maglumatlaryň elýeterli bolmagydyr we daşary ýurtly maýadarlaryň we daşary ýurt maýasy bilen işleýän kärhanalaryň hukuk taýdan goralmagynyň beýleki kepillikleridir.

Ýaponiýanyň öňdebaryjy işewürleri bilen duşuşykda eden çykyşymyň dowamynda men başga-da köp meseleler barada durup geçdim.

Ýöne, biziň ýurtlarymyzyň arasynda eýýäm deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli häzirki zaman nusgasynyň emele gelendigini aýratyn belledim. Men türkmen-ýapon maslahatynyň iki ýurduň hem giň möçberli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezendiginden doly kanagatlanma bildirýärin.

Ýapon işewürleriniň biziň ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän telekeçiler toparlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine uly hormat bilen garandyklarynyň meni begendirendigini açyk aýtmak isleýärin. Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, täsirli güýç hökmünde özlerini ynamly görkezýärler.

Iki ýurduň işewürleriniň bütinleý dürli başlangyç şertleri bar. Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň işläp gelýän döwri köp onýyllyklara we ýüz ýyldanam köp wagta uzalyp gidýär. Türkmen telekeçileri bolsa, özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen deňeşdirilende entek işe ýaňy başlaýarlar. Ýöne, ýurdumyzyň telekeçileriniň ösüş depginleri olaryň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly hormat duýgusyny döretdi we döredýär.

Men ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete dahylly däl pudagyň paýynyň häzirki döwürde 40 göterime golaý bolandygyny aýtdym. Biziň çaklamalarymyza görä, ýene-de ýedi ýyldan şol görkeziji iki essä golaý artmagyna garaşýandygymyzy beýan etdim.

Munuň üçin biziň ýurdumyzda ähli şertler, şol sanda kanunçylyk derejesinde hem ähli mümkinçilikler döredilendir - men «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny göz öňünde tutýaryn. Şol Kanunda hususy telekeçiler üçin birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň telekeçilerine örän iri taslamanyň - türkmen paýtagtynyň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynyň döwlet tarapyndan ynanylandygyny aýratyn belläp geçdim. Biziň telekeçilerimiz hem ýapon kärdeşlerine bu barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Bilşiňiz ýaly, 13-nji tapgyrda Aşgabadyň täze işewürlik we medeni merkezini emele getirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen telekeçileri diňe bir başarjaň gurluşykçylar, önüm öndürijiler, oba hojalykçylar bolman, eýsem beýleki ugurlarda hem özlerini ynamly görkezdiler. Olaryň alyp baran işleriniň netijesinde, biziň ýurdumyzda täze syýasy güýç, - telekeçiler partiýasy döredildi. Ýurdumyzyň telekeçileri öz hususy bankyny döretdiler, olaryň eýýäm Parlamentde, ýerli häkimiýet edarlarynda hem öz wekilleri bar, olar öz hususy gazetini hem neşir edýärler. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri şoňa meňzeş daşary ýurtda öndürilýän önümleri diňe bir içerki bazardan gysyp çykarman, eýsem bu önümler daşarky bazarlarda hem bäsleşige ukyplydygyny subut etdiler. Bu bolsa ýapon işewürleri üçin türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga esas boldy.

Biziň telekeçilerimiz we işewür adamlarymyz diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem Ýaponiýada hem ýapon işewürleri bilen bilelikde uly işleri amala aşyrjakdyklaryny buýsanç bilen belledim.

Beýleki bir örän uly gyzyklanma döredýän mesele syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselesidir.

Türkmenistan özboluşly syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýedir. Ýurdumyzda ajaýyp deňiz we dünýäniň örän iri çölleriniň biri, ýeterlik derejede beýik daglar we ýaş tokaý ösümlikleri bilen örtülen düzlükler bar. Şeýle hem, şypa beriji suwly çeşmeler, häzirki zaman şypahanalary, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren gadymy taryhy ýadygärlikler we häzirki zaman binagärliginiň dürdäneleri bar.

Başgaça aýdylanda, ýurdumyzda syýahatçylygyň ekstremal görnüşinden dynç alyş-tanyşdyryş görnüşine çenli, sport görnüşinden sagaldyş görnüşine çenli dürli görnüşlerini ösdürmek üçin mümkinçilikleriň giň toplumy bar.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Tokioda geçen syýahatçylyk sergisine gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň syýahatçylyk operatorlarynyň işi mynasyp derejede görkezildi. Biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny wagyz etmäge niýetlenen esbaplaryň hatarynda täze ýöriteleşdirilen «Syýahat» saýtynyň taslamasy hem görkezildi. Ýaponiýada - sanly tehnologiýalaryň watanynda türkmen syýahatçylygyna bagyşlanan täze elektron neşiriniň tanyşdyrylyşynyň bolup geçmegi giň mana eýe boldy. Şeýle hem, şu saparyň dowamynda Tokionyň 2020-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanmagy mynasybetli ýapon halkyny uly kanagatlanma duýgusy bilen türkmen halkynyň adyndan ilkinji bolup gutlamak biziň nesibämize düşdi. Aşgabatda hem 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp geçdim. Şeýlelikde, sport türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda ýene-de bir geljegi uly bolan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ýurtdan öwrenere, tejribe alşara zat kän.

Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we kabul edilen resminamalar türkmen-ýapon gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, bu ylalaşyklaryň dürli ugurlarda – söwda-ykdysady, ösen senagat, medeniýet, ylym we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Söhbetdeşligiň şu pursatynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa resmi sapary tamamlanandan soň “Boing-777” uçarynyň Tokio-Aşgabat howa gatnawy boýunça Türkmenistanyň howa giňişligine girendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemmeleri saparyň üstünlikli tamamlanmagy we Watanymyza sag-aman gaýdyp gelmekleri bilen gutlady hem-de olara işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Türkmen döwlet habarlar gullugynyň wekili söhbetdeşligi dowam etdirmek bilen, döwlet Baştutanymyza şeýle sowal bilen ýüzlendi:

- Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşligimiziň ahyrynda Size şahsy durmuşyňyza degişli sowal bermek isleýäris. Siziň nobatdaky kitabyňyzyň üstünde işleýändigiňizi eşitdik. Siz gysgajyk hem bolsa, şol eseriň näme hakda boljakdygy barada gürrüň beräýseňiz ?

-Hawa, men hakykatdan hem çagalygym, heniz çagakam alan ajaýyp durmuş sapaklarym, ömür ýolumda maňa duşmak bagty miýesser eden ajaýyp adamlar - hoşniýetli, ak ýürekli, ýokary medeniýetli, öz Watanyny söýýän adamlar baradaky ýatlamalar kitabymyň üstünde işleýärin... Meniň çagalyk ýatlamalarym örän ýagty we päk ýatlamalar, şol ýatlamalar maňa goldaw berýär, ruhumy göterýär, päk duýgulara we hakyky dostluga ynanmaga mümkinçilik döredýär. Şoňa görä-de, men şol ýatlamalary okyjylarym bilen paýlaşmak isleýärin. Ýöne, men bu kitabyň mazmunyny gürrüň bermekden häzirlikçe saklanaýyn.

Kitabyň esasy, düýp many-mazmunyny durmuşda bolup geçýän wakalar düzýär. Bu meselelerde öz kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň maňa uly goldaw berendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Men durmuş meselelerinde öz kakam bilen hemişe maslahatlaşýaryn. Ol hem maňa atalyk, halypalyk goldawyny berip durýar. Şonuň üçin men öz kakama hemişe minnetdardyryn.

Şeýle hem, saparlaryň dowamynda, hasam uzak ýollara rowana bolanyňda, mende döredijilik işi üçin örän oňat mümkinçilikler döreýär. Mysal üçin, Tokiodan Aşgabada çenli 9-10 sagat uçýan wagtymda özümiň täze kitabymyň nobatdaky babynyň üstünde işläp gelýärin.

Şonuň üçin hem bu kitaby esasy öz halkyma, okyjylara ýakyn wagtda hem gowşuraryn diýip umyt edýärin.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň wekili täze kitabyň çap edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa bolan resmi saparynyň il-ýurt bähbitli taryhy wakala beslenmegi we onuň netijeli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.