Ï Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Ýaponiýadaky halkara sergisinde ýokary baha mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Ýaponiýadaky halkara sergisinde ýokary baha mynasyp boldy

view-icon 634
Şu gün “JATA Travel Showсase-2013” halkara syýahatçylyk sergisi has-da köp adamly boldy we serginiň iş güni işjeň häsiýetde geçdi. Onuň dowamynda görkezilýän gymmatlyklar, äşgär edilýän maglumatlar her ýurduň aýratynlygy, özboluşlylygy, owadanlygy uly dabara bilen utgaşdy.

Dünýäniň täsin ýerlerinde bolmak, gadymyýetiň rowaýata öwrülen ýadygärliklerini gözüň bilen görmek we adamzadyň hem-de tebigatyň döreden täsinliklerine haýran galmak syýahatçylygyň aýratyn taraplarynyň biri bolup durýar. Häzirki zaman syýahatçylyk senagaty dünýäniň dürli künjegini jahankeşdeler üçin elýeterli etdi. Şunlukda, bu ulgam syýahat edýänlere ýokary derejeli amatlyklary we jahankeşdeleriň islegine görä dürli hyzmatlary döredýär. Bu ulgamda teklipler näçe köp bolsa, şonça hem onuň bäsdeşligi ýokarlanýar.


Tokioda guralan sergide syýahatçylygyň ähli taraplary bilen tanyşmak üçin zerur mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde dünýäniň 50-ä golaý ýurdandan gelen hünärmenler öz döwletleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýärler. “JATA” ady bilen her ýylda geçirilýän syýahatçylyk sergisine ilkinji gezek gatnaşýanam bolsa Türkmenistanyň bölümine berlen üns örän ýokary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary mahalynda bu sergä gelip görmegi biziň ýurdumyzyň bölüminiň özüne çekijiligini has-da ýokarlandyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň gün tertibiniň çäreleriniň köpdügine garamazdan, halkara sergisindäki milli gymmatlyklaryň görkezilýän bölümine gelip gördi.

Tokionyň Halkara sergi merkeziniň we “JATA” sergisiniň taryhynda möhüm wakany alamatlandyran bu ýagdaý merkezde uly dabarany emele getirdi. Döwlet Baştutanymyzyň “Tokyio Big Sight” sergisine gelmegi we onda milli bölümimiziň açylyşyna gatnaşamagy serginiň has ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi.

Munuň özi, birinjiden, biziň döwletimiziň syýahatçylyk ulgamyna berýän ägirt uly ünsüniň we milli Liderimiziň pudaga yzygiderli goldaw berýändiginiň hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen halkara syýahatçylygynyň iň bir geljegi uly bolan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


Ikinjiden bolsa, hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifai we “JATA-2013” halkara syýahatçylyk sergisiniň guramaçylyk komitetiniň başlygy Kotaro Kogi bilen bilelikde Türkmenistanyň milli sergi bölümine gelip görmegi biziň ýurdumyzyň bu çärädäki derejesiniň we tutuş serginiň abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi.

BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretarynyň we “JATA” halkara syýahatçylyk serginiň ýolbaşçysynyň türkmen milli lybasynda bolmagy hemmelerde uly täsir galdyrdy. Munuň özi biziň ýurdumyza we milli Liderimize goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Sergä gatnaşyjylaryň köpüsi bu ýagdaýy Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk bazaryna täze goşulýandygyny alamatlandyran ýagdaý diýip düşündiler.

Şeýlelikde “JATA” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýan ýurdumyz bu ýerde ýaýbaňlandyran çäresiniň başynda öz derejesini ýokarlandyrdy we dünýäniň syýahatçylyk boýunça öňde barýan ýurtlarynyň hataryna ýakynlaşdy.

Jahankeşdeligiň has-da ösen we ol ýurtlaryň girdejisiniň esasy böleginiň syýahatçylykdan gelýän dünýä belli syýahatçylyk merkezleri üçin mahabatyň geregi hem ýok diýen düşünjäniň döremegi tötänden däldir. Ýöne dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi netijesinde bu düşünjäniň ýaramaz täsirleri ýetirmegi gaty mümkindir. Sergide biziň ýurdumyzyň bölümine bolan gyzyklanmalar has-da ýokary boldy. Şeýle hem olar birbada birnäçe ugurlarda ýüze çykdy.

Bu ugur boýunça işleýän iri kompaniýalaryň bilermenleri we geňeşdarlary biziň hünärmenlerimiz bilen bolan söhbetdeşlikde syýahatçylyk ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalara berildiler. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň öz ulgamlarynda täze ugurlary açmaga höwesli hünärmenleriniň gyzyklanmalary has-da ýokary boldy. Olar milli bölümimizde goýlan gymmatlyklary jikme-jik öwrenip, goşmaça maglumatlary almak maksady bilen yzygiderli sowallar bilen ýüzlendiler. Hut şol hünärmenler biziň ýurdumyzyň bölüminiň hemişe köp adamly bolmagyna öz täsirini ýetirdiler.

Sergi mahalynda oňa gatnaşyjylara hödürlenýän we biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy baradaky maglumatlary bolan serişdelere isleg has-da ýokary boldy. Esasan-da, ahalteke bedewlerine bagyşlanan bezegli gollanmalar, žurnallar uly islegden peýdalandy. Ýaponiýalylary Ginnesiň rekordlar kitabyna giizilen Aşgabadyň ajaýyplyklary, Gadymy Merwe degişli taryhy ýadygärlikler gyzyklandyrdy.

Ýaponiýanyň halky iň bir jahankeşde ilat hasaplanýar. Olary dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur ýerlerde we ajaýyp künjeklerde görmek bolýar. Bu ýurtda mekdep okuwçylaryndan başlap, hormatly dynç alyşdaky adamlara çenli hemmeler Ýaponiýa boýunça syýahatçylyk etmegi halaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýurtda ýaşy ýüzden geçen adamlaryň sany 55 müňe golaýlaýar.

Ýaponiýadan Türkmenistana syýahat edýän adamlaryň sany hem az däl. Onuň möçberlerini artdyrmak üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar. Serginiň işiniň barşynda şu meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň döwlet we hususy syýahaçtylyk kärhanalarynyň wekilleri Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradan maglumatlaryna görä, 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda ýaponiýaly jahankeşdeleriň 9,7 milliona golaýy daşary ýurtlarda syýahatda bolupdyrlar. Geçen ýylyň dowamynda bu görkeziji 18,5 million adama golaý bolupdyr. Şunlukda bu ýurduň syýahatçylyk ulgamy barada aýdylanda Ýaponiýa gelýän jahankeşdeleriň sany şu ýylyň dowamynda 6 milliona golaý boldy. Geçen ýyl bolsa onuň möçberi 8 milliondan gowrak boldy. Soňky üç ýylyň maglumatlaryna görä Ýaponiýadan syýahata gidýänleriň sany bu ýurda gelýänleriňkiden iki esseden gowrak artyk bolupdyr.

Türkmenistanyň ýapon bazaryna çykmagy örän derwaýys we geljegi uly ugur hasaplanylýar. Ikitaraplaýyn görnüşde geçirilýän işewür duşuşyklary, geňeşmeler we söhbetdeşlikler bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.