Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 931
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň howandary, Hindistan Respublikasynyň kongresler pariýasynyň resmi taýdan bellenilen milli wekili Mohammed Afzaly we Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň prezidenti, “Panaseýa Biotek” kompaniýasynyň baş geňeşçisi Gopinath Menony kabul etdi.

Işiniň köpdügine garamazdan, wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar hormatly Prezidentimize Hindistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň, Hindistanyň milli kongresiniň lideri hanym Sonýa Gandiniň döwlet Baştutanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna iberen salamyny we bagtyýarlyk, hoşniýetlilik, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandyklaryny bellemek bilen, hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň hindi diline terjime edilen nusgasyny belent hormatyň nyşany hökmünde milli Liderimize gowşurdylar we bu kitabyň ýakyn wagtda Hindistanda köpçülikleýin neşir ediljekdigine bellediler. Türkmenistanyň we Hindistanyň halklarynyň fitoterapiýa we fitolukmançylyk boýunça milli däplerini nazara alanyňda, hormatly Prezidentimize bu düýpli ylmy işiniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, myhmanlar kitabyň hindi jemgyýetinde görnükli orun eýelejekdigine, lukmançylyk ulgamynyň hünärmenleri üçin bolşy ýaly, gündelik durmuşynda dermanlyk ösümlikleri giňden peýdalanýan adamlara-da örän ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, deňhukukly esasda ýola goýulýan dostluk we özara peýdaly gatnaşyklary baglanyşdyrýan Hindistan Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna hem-de ýurduň belli syýasy işgärlerine mähirli sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek we ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ynamly eýerýän Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa sebitleýin ähmiýetli, hususan-da, Türkmenistan--Owganystan--Pakistan--Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde strategik hyzmatdaşlar bolan goňşular bilen syýasy, ykdysady we medeni gumanitar gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Bu giň möçberli taslama bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda jenap Mohammed Afzal bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi hakyndaky ylalaşyga özüniň Türkmenistanda Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän döwründe gol çekilendigine örän şatdygyny belledi.

Biziň halklarymyzy gadymy döwürden bäri taryhy we ruhy umumylyklar, medeni däpler hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi we Türkmenistanyň dostlukly halklaryň ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň umumy baý medeni mirasy öwrenmäge çekilmegine, dürli pudaklarda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen ähli başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldajakdygyny nygtady.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginde türkmen Lideriniň möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, myhmanlar Hindistanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň köptaraply işlerini we halkyň durmuşyny düýpli özgerden we türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine we onuň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini we olary hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtadylar.

Köpasyrlyk dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryryň möhüm bölegi bolup durýan medeni gatnaşyklaryň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary türkmen hem-de hindi halklarynyň umumy medeni gymmatlyklarynyň, olaryň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan özboluşly milli medeniýetiniň öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk ugurlary kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhmanlar iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň, Medeniýet günleriniň , aýdym-saz we teatr festiwallarynyň, bilelikdäki konsertleriň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, uzakmöhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.