Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 815
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem düzümleýin pudaklaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işleri boýunça düzülen meýilnama barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegini şertlendirýän guramaçylyk çärelerine ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow), Kaka etrabynda (häkimi Döwletgeldi Hezretgulyýew) we Derweze etrabynda (häkimi Baýrammyrat Mämmedow) bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini belläp, bu ertaplarda ekişiň gidişini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz pagta ýygymy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Kaka etrabynda (häkimi Döwletgeldi Hezretgulyýew), Baharly etrabynda (häkimi Muhammetgeldi Porhanow) we Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow) ýygymyň pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy we işleri güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Welaýatyň senagat düzümini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň pagtaçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilendigini habar berdi. Mundan başga-da, ol hormatly Prpezidentimiziň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly işlere ünsi çekip, onda işlediljek tehnikalaryň ýokary öndürijiligini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz oba hojalyk toplumy babatdaky gürrüňi dowam etmek bilen, welaýatyň Etrek etrabynda (häkimi Çaryýar Orazow), Bereket etrabynda (häkimi Serdar Ankarow) bugdaý ekişiniň depginleriniň talaby ödemeýändigini belledi we ekişi talabalaýyk alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe üns merkezinde saklamalydygyny nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyz boýunça giňden dabaralandyryljak Garaşsyzlyk baýramyny guramaçylykly geçirmek babatda taýýarlyk işleriniň ýörite meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkmi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymyny döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda Ýaşulularyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, häkim hormatly Prezidentimizden şaly ýygymyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Milli liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi we Görogly etrabynda (häkimi Maksat Mamedow), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi Oraz Muhaýew) we Akdepe etrabynda (häkimi Amangeldi Jumageldiýew) bugdaý ekişiniň döwrüň talabyndan pesdigini, şeýle hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende welaýatda, esasan-da, Gurbansoltan eje adyndaky etrapda (häkimi Oraz Muhaýew), Ruhubelent etrabynda (häkimi Begenç Töräýew) we Köneürgenç etrabynda (häkimi Döwletmyrat Meredow) pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini, bu babatda ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmaýandygyny belledi hem-de bu işleriň depginini günübirin güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Garaşsyzlyk baýramçylygynyň çäklerinde welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda 21-nji sentýabrda şaly ýygymyna girişmäge ak pata berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew özüniň çykyşyny welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatda 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça hem-de şaly oragyna girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň baş wezipesidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ugra degişli gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Seýdi şäherinde (häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şükrurylla Kamalow), Magdanly şäherinde (häkimi Arslan Işankulyýew) we Atamyrat etrabynda (häkimi Döwletgeldi Beşimow) bugdaý ekişinde gowuşgynsyzlyga ýol berilýändigini, şeýle hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende welaýatda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini nygtady we bu işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işlere gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak bilen baglanyşykly işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitde şaly oragyna oktýabr aýynyň 5-ine il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişmäge ak pata berýändigini aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýaglaýy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ýörite iş meýilnamasynyň düzülendigini we şol maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak we güýzlük däne ekişiniň göwnejaý tamamlamak bilen baglanyşykly işleriň ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, agronomçylyk görkezmeleri esasynda alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugra dahylly düzümleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Baýramaly etrabynda (häkimi Rahman Beşerow), Murgap etrabynda (häkimi Toýly Myratlyýew) we Mary etrabynda (häkimi Ilmyrat Kullaýew) bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerden gijä galýandygyna welaýatda pagta ýygymynyň depgininiň geçen ýylyň degişli döwründäkiden pesdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz howanyň amatly günlerinden netijeli peýdalanyp, işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.Mundan başga-da, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere taýýarlyk işleriniň derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, pagtany maşyn bilen ýygmaga köpçülikleýin girişilmegini üpjün edýän zerur çäreleri görmek, gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän ähli çäreleriň häzirki döwrüň we ähli agrotehnikanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, pagta ýygymynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglynyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bol pagta hasylyny öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, bu babatda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Möwsümleýin işleriň öz wagtynda tamamlanmagynyň hasylyň mukdaryna we hiline uly täsiriniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleri guramakda öňdebaryjy tejribäniň, ylmyň gazananlarynyň, ýokary netijeli iş usullarynyň giňden peýdalanylmagy boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, oňa bagyşlanan baýramçylyk çäreleriň maksatnamasy hakynda aýtdy. Mundan başga-da, häkim döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe desgalaryň, şeýle hem paýtagtymyzda gurulmagy meýileşdirilýän ýerasty geçelgeleriň çyzgylaryny hem-de taslamalaryny hödürledi.

Paýtagtymyzda şäher düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, has amatly şäher gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilen işleriň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk işleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy we agzybir türkmen halkynyň bu şanly senäni bir maşgala ýaly bolup giňden we guramaçylykly dabaralandyrmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Görkezilen taslamalary synlap, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aşgabatda gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, olaryň täze taryhy eýýamyň talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýollarynda we geçelgelerinde sürüjiler üçin hem, pyýadalar üçin hem zerur düzümleriň döredilmelidigini aýtdy, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny we sazlaşygyny üpjün etmekde möhüm orny eýelemelidigini nygtady. Şeýle hem paýtagtymyzyň täze döredilen etraplarynda esasy köçeleriň hereketine päsgel bermeýän goşmaça ýollary çekmek boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärli çemeleşilmelidigni, olarda ýol hereketiniň sazlaşygynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasry Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda degişli düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ony döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzda gurulmagy meýilleşdirilýän täze ulag ýollarynyň, köpruleriň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýän gurluşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine bolan täzeçil çemeleşmelere gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Görkezilen taslamalar bilen tanşyp hem-de olara birnäçe düzedişleri girizip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe anyk bellikleri we teklipleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň hem-de desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda olaryň ýerleşjek ýeri, ähmiýeti, gurluşyk serişdeleriniň seçilip alynmagy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň jikme-jik gözden geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çkdi. Şu jähetden milli Liderimiz desgalaryň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça bellenilen möhletleriň berk berjaý edilmeginiň hem-de olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň, olarda adamlaryň göwnejaý durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaplarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýewi we A.Ýegeleýewi çagyrdy.

Wise-premýer A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maliýe-ykdysady toplumyň, bank ulgamynyň, salgyt hem-de statistiki guramalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, ykdysady toplumyň edaralarynyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary, dolandyryşyň häzirki zaman ugurlaryny hem-de usullaryny ornaşdyrmagyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew öz gezeginde gözegçilik edýän ulag ulgamynyň we aragatnaşyk pudagynyň düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara ähmiýetli düzümleýin taslamalary nazara almak bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oňyn ösüşinde möhüm şerti alamatlandyrýan aragatnaşyk ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Aýdylanlary jemläp, milli Liderimiz wise-premýere ulag hem-de aragatnaşyk pudaklaryny tehnologik taýdan enjamlaşdymak, şeýle hem ýolagçylara we aragatnaşygyň ähli görnüşinden peýdalanýanlara edilýän hyzmatyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş masdahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň işi, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem ähli halk çäresi bolan Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Milli parlamentiň işiniň ähli ugurlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýady kemala getirmekde Mejlisiň işiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ilat arasynda ýygy-ýygydan bolmagynyň, ýerli häkimiýet guramalary, jemgyýetçilik edaralary bilen ýüze çykýan meseleleri çözmekde bilelikde işlemeginiň maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýändigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň mundan beýläk-de oňyn ösüşi üçin möhüm ähmiýetli meselelere serediljek Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasry B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagaýy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy hakynda habar berildi.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň beýik ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli dowam etdirilmegininiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna aýratyn ähmiýet bermelidigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi. Ol alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça birnäçe pudaklardaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde Watanymyzyň okgunly ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kabul edilen pudaklaýyn maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilişine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna bu düzüme öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak we barlag-seljeriş çäreleriniň usullaryny kämilleşdirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi. Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara işlerinde we her bir pudagyň öňünde durýan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.