Ï Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň ýolunda: işler we mümkinçilikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň ýolunda: işler we mümkinçilikler

view-icon 877
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň barşynda ilkinji ädimler” atly maslahat öz işine başlady. Ol ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentligi (USAID) hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň 20-den gowragynyň esasy hünärmenleri, halkara söwdasy boýunça daşary ýurtly bilermenler gatnaşýarlar.

Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi.

BSG-a goşulmak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine hem-de ykdysadyýeti globallaşdyrmagyň dünýä boýunça meýline kybap gelýär. Çünki döwlet BSG-a kabul edilenden soň oňa bu halkara guramanyň ähli agzalary tarapyndan amatly şertler döredilýär, dürli ykdysady ýeňillikler berilýär. Öz ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrýan, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan üçin häzirki zaman tehnologiýalar elýeterli boljakdygy munuň kepilidir. Çünki olaryň standartlaryny hem BSG-niň ulgamy kesgitläp, diňe söwdany däl-de, ylmy-tehniki ösüşi hem höweslendirýär.

Şu günki maslahatyň maksatnamasy BSG-a hem-de halkara söwda syýasatyna degişli meseleleriň ençemesini öz içine alýar. Şeýlelikde, oňa gatnaşyjylar 1995-nji ýylda döredilen bu iri guramanyň taryhy, maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdylar. Onuň düzümine häzir döwletleriň 160-a golaýy girýär, ýurtlaryň 25-den gowragy bolsa synçy derejesine eýedir. Okuw maslahatynyň barşynda BSG-a girmegiň ykdysady netijelerine baha berildi.

Maslahatyň maksatnamasyna BSG-da hereket edýän düzgünler we ylalaşyklar, şol sanda nyrhlar we söwda, söwda bilen bagly maýa goýum çäreleri, hyzmatlaryň söwdasy boýunça Baş ylalaşyk, intellektual eýeçiliginiň hukuklarynyň söwda jähetleri boýunça Ylalaşyk we beýlekiler bilen bagly meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylar oba hojalygyna goldaw bermegiň tejribesi bilen tanşarlar, USAID-iň biziň ýurdumyzda amala aşyrýan makroykdysady taslamasy üçin bilermenleriň ýörite taýýarlan esasy tehniki resminamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şol resminamalaryň hataryna “BSG-a girmek boýunça konseptual resminama” we “BSG-a girmek üçin ýol kartasy” girýär. Duşuşygyň barşynda bu gurama ýakynda goşulan ýurtlaryň tejribesine aýratyn üns berler.

Maslahat 20-nji sentýabra çenli dowam eder.