Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň hindi dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň hindi dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy

view-icon 857
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Ylymlar akademisynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň hindi dilinde terjime edilen neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Hindi - türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Myhmanlar biziň ýurdumyz özygtyýarly ösüşiň ýolunda gazanan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandyklaryny beýan edip, milli Liderimize hormat –sarpanyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly meşhur kitabynyň hindi diline terjime edilen neşirini gowşurdylar.


Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda çykyş edenler, şol sanda hindistanly myhmanlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň ylmy işiniň hindi dilindäki neşiriniň çap edilmegi iki doganlyk halkyň dostluk gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze aýdyň nyşany bolar diýip bellediler. Tanyşdyryş dabarasyna hökümet agzalary, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, ýurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltli ylmy işiniň halkara lukmançylyk toparlarynda uly gyzyklanma döretmek bilen birlikde, okyjylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny nygtadylar. Daşary ýurt dilleriniň köpüsine terjime edilmegi netijesinde döwlet Baştutanymyzyň bu ensiklopediki işi türkmen topragynda ösýän, köp asyrlaryň dowamynda milli lukmançylykda üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň merhemlik aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly okyjylar üçin hem elýeterli hem boldy.

Şunuň bilen baglylykda, hindistanly myhmanlar Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň bu täsin ensilklopediýasynyň hem-de halk fitoterapiýasynyň hindi diline terjime edilmeginiň lukmanlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilendigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyňky ýaly, hindi lukmançylygy hem öz gözbaşlaryny tebigy dermanlyk serişdeleri ulanmaga esaslanýan köp asyrlyk halk tebipçiliginiň däplerinden alyp gaýdýar.

Ýygnananlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işiniň hindi jemgyýetçiligine Türkmenistan baradaky bilimlerini giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtadylar. Çünki, diňe ylmy maglumatlardan başga-da, kitapda beýleki peýdaly maglumatlar, şol sanda melhemlik içgileri taýýarlamagyň usullary, dermanlyk ösümlikleriniň atlarynyň sözlügi, ösümlikleri ýygnamagyň möwsümleri baradaky maglumatlar jemlenendir.

Tanyşdyryş dabarasy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.