Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohammed Faizal Razzini kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanda hormatly işiniň başlanmagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde üstünlikler arzuw etdi. Öz nobatynda, diplomat Şri-Lankanyň Prezidenti Mahinda Rajapaksanyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ähli haklyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşugyň barşynda Şri-Lankanyň doly ygtyýarly wekiline Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş syýasaty barada aýratyn durlup geçildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, sport toplumlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.
Diplomat şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we işi bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň esasy wezipesi häzirki döwürde durmuşa geçirilýän strategiki döwlet maksatnamalaryny hem-de oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekden ybaratdyr.
Döwletara gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk özara bähbitli ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprüsini gurmagyň möhüm şerti hökmünde, parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegii ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomat Şri-Lankanyň hökümetiniň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugatalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Şu gün Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly lçisi jenap Mohammed Faizal Razzin Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşugyň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatyň bu ýerde bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary minstrliginde duşuşyklar meýilleşdirilýär.

* * *